Islam_Atayew
11.03.2024 13:30
Eger saña ýetmän öläýsem birden,
Aýt gabrymy has çuñrak gazsynlar.
Mazaryñ üstüne mermer daş goýup,
Oýup-Oýup bagtsyz diýip ýazsynlar.

Eger bir gün şyñlamasa gulagyñ,
Bu dünýäden ötenimi bilginiñ,
Guramanka mazarymyñ topragy
Soñky gezek hoşlaşmana gelginiñ.

Gelip ýuwaşjadan epseñ dyzyñy,
Bir pursat ýatlasaň söýen ýigdiñi.
Diýersiñ kim ýazar kim okap berer,
Soñlanmadyk söýgimiziñ yzyny

Men seredip ol garaja gözleriñe,
Aýralyk perdesin alyp yüzüme.
Şemal bolup saçlaryñy dararyn,
Ýatlarsyñ sen, düýşleriñde bararyn...

Awtor ?
42
139
aaoo
12 Mart 2024
5 bent bolmaly bul
aaoo
12 Mart 2024
Etmanmizde de yetya
aaoo
12 Mart 2024
@0878, ozbek bizden terjime etsin entak gosularymyzy terjime et
manolya
11 Mart 2024
@rahimowa, hawa
0878
11 Mart 2024
@Islam_Atayew, hym bilemok yone men aydan gosgy başacarak oni gyz aydiya yone hazir yadymda yok 1 bent yadimq dushdi şo yali di aydylyşy sen shu goşgy kimini aydanyny gozledinmi
0878
11 Mart 2024
Özbekçeden perod etiň gerek
ilhano_va
11 Mart 2024
@Islam_Atayew, Kawagt gözüňden gaçyada şahyrlaryň käbir goşgulary zyyany yok inni bilen bolsaň bolýa:))
ilhano_va
11 Mart 2024
Awtory: Gurbannazar Ezizow 🍂
rahimowa
11 Mart 2024
@manolya, gabat gelensiň köp ulanylýa şu goşgy
rahimowa
11 Mart 2024
Gurbannazar Ezizow ýalňyşmasam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.