Islam_Atayew
09.03.2024 00:42
Bir zenan maşgala aeroportda uçar bn
alyslardaky öz watanyna gitmek üçin
ýolagçylyga taýýarlyk görýärdi. Ýanynda
sumkalary bardy. Uçaryñ uçmagyna
bir sagat ýaly wagt bolansoň, okap
güýmenmek üçin gazet we ýanyndan
iýer ýaly bir paket köke aldy. Okamak we
dynjyny almak almak üçin aeroportyñ içindäki oturgyçlarynyñ birinde oturdy. Ýanyndaky oturgyja bolsa başga bir adam gelip otyrdy we ol hem žurnalyny açyp okamaga başlady. Ol aýal satyn alan kökesini ýanynda açyp goýupdy.
Zenan maşgala ilkinji kökesini alyp, iýmäge başlady. Adam hem ondan bir köke aldy. Zenan örän gaharlanypdy we içinden:"Wah, Özümi oňat duýýan wagtym bolsady, onda muny oňatja ýelmärdim!" diýip pikirlendi, Zenan birini alýar, adam hem birini alýardy. Zenan dälliräýjek bolýardy, ýöne gohlaşmagam islänokdy. Soňunda ýekeje köke galanda, zenan:"Indi bu edepsiz adam näme ederkä?" diýip pikirlenipdi. Ol adam
bolsa soňky kökäni alyp, ikä bölüp, yarsyny zenana uzatdy. Bu ýagdaýa has hem gaharlanan zenan ýarty kökäni alman, tüweleý ýaly bolup, gazedini alyp, uçaryna tarap çalt ädimler bn tasanjyrap gitdi. Uçara münen zenan äýnegini almak üçin, el sumkajygyny açdy. Bir seretse satyn alan kökesi açylmanjyk durdy. Örän utanypdy. Kökesini hiç açman, sumkasyna salanyny unudypddy. Ol adam bolsa kökelerini hiç gaharlanman zenan bn paýlaşypdy. Zenan bolsa meniñ kökelerimi iýýär diýip, ol adama örän gaharlanypdy. Indi ötünç soramaga-da mümkinçilik ýokdy.
Bu ýagdaý netijesinde şuňa ýene bir gezek göz ýetirdi:

Yzyna gaýtaryp bolmajak dört ýagdaý bar:
1- Daş zyňylandan soňra,
2- Söz agyzdan çykandan soňra,
3- Pursat gaçandan soňra;
4- Wagt geçenden soňra.

Yzyna gaýtaryp bolmajak ýagdaýlar emele gelýär, bu ýagdaýlardan seresap boluň!
48
169
manolya
9 Mart 2024
ideallider
9 Mart 2024
@manolya, mmm ok 🙂
manolya
9 Mart 2024
@ideallider, ýok.... tanaýan dälsiňiz meni @mawy .diýip girýädim
ideallider
9 Mart 2024
@manolya, sen öňki nikiň Moana-dälmi?
manolya
9 Mart 2024
@ideallider, 👍🏻🙂
manolya
9 Mart 2024
*başlapdyryn
ideallider
9 Mart 2024
@manolya, öwrenşers😊👍💐
manolya
9 Mart 2024
@ideallider, hmm aý men öz nemeräk ýerlerimi bilýändä😅 kiçiligimden bäri gysyga men ,indi azajyk jomart bolup başlapd
ideallider
9 Mart 2024
@manolya, Wi Salam.😄
ideallider
9 Mart 2024
@manolya, howwa. Köpler "Gowsurap" özleri barada hiç-hili erbetlikleri aýdanoklar. A siz çekinmediňiz. 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.