Islam_Atayew
06.04.2024 12:28
Rowaýatlara görä, çöl içinde eşegi, iti we
horazy bolan bir pukara bende ýaşaýan
eken. Horaz olary ertir namazyna oýarsa, iti olary gorapdyr. Eşegi bilen bolsa çadyrlaryna odun suw we goş-golamlaryny daşapdyr. Bir gün tilki gelip olaryň horazyny alyp gidipdir. Öýdäkiler muňa gynanypdyr. Ýöne öý eýesi ýagşy adam bolansoň «Bähbit bolsun!» diýipdir. Soň bir gün möjek gelip, eşeginiň garnyny ýaryp öldüripdir. Öýdäkiler muňa ýene gynanypdyrlar. Emma öý eýesi ýene < diýipdir. Şondan az salym soñra olaryň iti hem bir kesel tapynyp ölüpdir. Öýdäkiler muňa öňkülerden hem beter gynanypdyrlar. Öý eýesi bolsa <däldir. Añyrsynda hökman gizlin hikmet,
bähbit ýatandyr» diýipdir.

Bir gün irden turup görseler, goñşularynyň öýi ýykan-ýumran, howlulary talanan,
mallary sürlen, barça adam ýesir edilip
äkidilen eken. Garakçylar ýaňky garybyň
öyünde ite-guşa gözi düşmänsoñlar, ol ýerde adam ýaşaýandyr öýtmändirler. Şeýdibem aman galypdyrlar.


Her işde bir haýyr bardyr...
34
104
Islam_Atayew
05.04.2024 23:59
Gadyr Gijesinde dilegimiz.

Huzuryñda biz bir günäli bende,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.
Gula merhemetiñ çägi ýok sende,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Nädogry göz bilen bakyp durmuşa,
Düşen bolsak bilip bilmän ýalñyşa,
Tümde galanlary ýetirip yşa,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Sen bir eziz Rahmansyň, Rahymsyñ,
Daş düşene ýene özüñ ýakynsyñ,
Hataly gullaryñ gaýgydan dynsyn,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Hezreti Muhammet ymmaty üçin, (s.a.w)
Söýgüli bendeleñ hormaty üçin,
Gadyr gjesiniň gymmaty üçin,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Awtor: Şanazar Hydyrow.
25
21
Islam_Atayew
05.04.2024 00:21
1. Ýoluň egriliginden gorkma, päliň
egriliginden gork.

2. Ol ýoluna näler seretjekdi, arman garny oňa basjak ýerini görkezmedi.

3. Wezipesi ulaldygyça, adamyň halkyna
hyzmat etmek mümkinçiligi köpelyär. A käte nähili bolýar? Onuň wezipesi
beýgeldigiçe ,halkyň oňa hyzmat etmek
aladasy köpelyär.

4. Göroglyny gowy görýänim hakykat. Ýöne ony öwjek bolsam.. Bezirgen ýadyma düşýär.

5. Käte käbir adamlara " Ol mert, zor,nähili ýagdaýa düşse-de olaryň bir gezegem aglanyny gören ýok "- diýýärler.
Megerem olar aglamaýandyklary üçin däl- de ,aglaýandygyny bildirmeyändikleri üçin Zordurlar.

6. Sen meni bagyşla, Eşek! Käbir deýýus
adamlary saňa meňzedip men seniň
mertebäňi peseldýärin.

7. Şalaryň halyna ýüregim awaýar.
Şadyklaryna aşa gümra bolup,olar
adamdyklaryny ýatdan çykarýarlar.

8. Hapa ýere kän barsaň, burnyň hem hapa öwrenişýär.

9. Iller "sen, sen" diyýän bolsa, saňa
"men,men" diýmegiň geregi ýok.

10. Sen il üçin ýaşabilseň, il seniň üçin
ýaşabiler.

11. Goýunlar şeýle bir ýuwaş, şonuň üçinem süriň başyny geçi çekýär.

12. Bilbile iň gözel gül gerek. Ara welin
ballyja gül gerek.
32
89
Islam_Atayew
04.04.2024 08:29
-Öz bedenimden çykan saçym meni terk
edende, Özümiñki bolmadyk ynsandan neneň heder edeýin?

-"Zadyňy ýitirseň ýerli wekillere yüz
tutmaly". diýdiler. Men ýaşlygymy ýitirdim.

-Aglaýana agladym, gülýäne güldüm. Emma aglanyma güldiler, gülenime agladylar.

-"Adamçylyk" diýen söz "haýwan
haýwanlygyny eder" diýen söz bilen
manydaş ýaly göwnime.


-Sen arzuw edip görmediňmi?
- Arzuw etmek üçin ýaşamaly gardaş.


-Iş şeýle agyr welin, arkasyz arkama
agram düşýär.

-Kä wagt beýnimiñ diýýänini ýürek makullamayar. Şeýdibem söýgi döreýär. Agzybirlik ýok ýerde elmydama erbetlik ýok alýandyr.


-Suratsyz kitapdan surat agtarýan ýaly boş geçýär günlerim.

Döwletgeldi Sultanow
33
98
Islam_Atayew
04.04.2024 01:24
• Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diyýämiş: -Wah, içigaragalmyş! Ýene-de bu gije daşarda ýatmaly boljagow.

• Dälihanada iki sany däli gezip ýörkä, ýerden bir bölek ýüz görülýän aýna tapýarlar. Biri ony galdyrýar we geñ galyp, aýna seredyär: -Bä-ä... Özä bir tanyş ýüz. Beýleki däli onuň elinden aýnany alýar: -Hany menem bir göreýin... Haý samsyk diýse. Bu men-ä how!

• Ogly öz söyýän gyzyny ejesi bilen tanyşdyrmaga getirýär: -Eje, bu gyz gowy maşgaladan. ol çöregem bişirip bilýär, sygyram sagyp bilýär, her dürli naharlardanam başy çykýar, öýi arassa saklamagam başarýar... -Orän oňat, oglym! Beýle bolsa aýyna 800 müń manat töleýän, razy bolsa ertir işe başlabersin.

• Äri öýüne gelse, öz dosty bilen aýalyny bir düşekde görýär. Ol derrew dostuny atyp öldürýär. Äriniň bu eden işine äýaly käyinýär: -Sen aklyňdan azaşdyňmy? Göreniňi atyp ýörseň, dostsyz galarsyň-da!

• Beden terbiýe sapagynda, mugallym
okuwçylara:
-Arañyzda çilim çekýän barmy. Bar bolsa
aýdyñ, hiçzat etjek däl. Wot wot malades...
Bary-ýogy 2 kişimi... Hmm, borda. Siz
ikiñiz meñ bilen geliñ, çilim çekeliñ, galanyñyz bolsa, stadionyñ daşyndan 5 krug ylgañ..


• Mugallym okuwçylara sorag soraýa,
okuwçylar! Eger birinji soragy bilseñiz
ikinjini sorajak dal.
Bir towugyñ naçe peri bar?
Ahmet: Mugallym 9765 peri bar diýýä.
Mugallym nirden bildin diyya.
Ahmet: Hany ikinji soragy sorajak däldiñ
mugallym diýýä.
Ýene mugallym sorag berýä. Toýlarda gyzlar name üçin ak eşik geýýärler?
OKUWÇY:Olañ iñ bagtly güni bolany üçin. Arkada otyran bir oglanjyk, erkekleñ näme üçin gara geýýänlerini indi düşündim diýýämiş.

• Täze gelen mugallym okuwçylara: Okuwçylar, özini akmak ýaly görÿän ýerinden tursyn diýýär. Okuwçylardan ses çykanok. Arkada otyranlañ biri ýerinden turýa.
Mugallym: Sen öziñi akmak görýäñmi?
Okuwçy:Ýok mugallym siz ýeke öziñiz
durmañ diýdim!
33
222
Islam_Atayew
03.04.2024 21:48
Hoş gal indi meniñ eziz syrdaşym,
Gitseñ söýgiñ bilen bile göçüp git
Ýöne maña hergiz, sataşan çagyň
Keseki deý "'Salam" diýde geçip git.

Şatlyk derýasynyñ, süýji suwyndan,
Al dirikäm meñ paýymam içip git.
Hasratdan ýaşaran gözlerimi görseñ
Görmedik bol, hem ýylgyrda geçip git.

Men bolaýyn ýeke galan biçäre,
Al ganatym, Laçyn kimin uçup git.
Arzuwlarmyň gyryk ganatyn görseñ,
Batly däl-de Bagtly bolup geçip git.

Soñra gyzlyk ýyllañ geçen öýüñde,
Elýalygña gözýaşyñy seçip git.
Geljekki ýoldaşyñ elinden tutyp,
Ak fataly hiç zat diýmản geçip git.

Onsañ, sen barada hiç zat ýazmaryn.
Salgym atyp, menden ara açyp git,
Haçanda, şol ýatan söýgiñ diýseler,
"Menä tanamok "diý yöne geçip git.

Kemal Meretdurdyyýew
35
76
Islam_Atayew
03.04.2024 00:20
Şahyr we alym Lauren Iseley bir gün deñiz kenarynda gezelenç edip ýör eken. Uzakda bir adam onuñ ünsüni çekipdir. Gaty-gaty ýöräp onuñ ýanyna barypdyr. Siňe seretse bir ýaş ýigit ýerden bir zatlar alyp deñize oklaýar we muny yzygiderli gaýtalaýar. Ýene biraz golaýlaşyp gürriňe başlapdyr:
- Näme edýärsiñ?!
- Göreñokmy, okeana deñiz ýyldyzlaryny
oklaýan!
- Deñiz ýyldyzymy!?
- Howwa. Gije tolkunlar olary kenara
zyñypdyr. Ýene biraz wagtdan gün beýgeler, eger olary suwa yzyna oklamasam gyzgynda bularyñ hemmesi heläk bolarlar!
- Onyñ-a dogry welin, bir seret, näçe km
kenarda müñlerçe deñiz ýyldyzy bar.
Hemmesini suwa zyñyp ýetişmersiñ! Näme üýtgär öýtýäñ?!
Ýaş ýigit gumuñ üstinden ýene bir deñiz
ýyldyzyny alyp suwa oklapdyr-da şeýle diýipdir:

- Ine, bujagaz üçin köp zat üýtgedi!
36
66
Islam_Atayew
02.04.2024 14:19
Birden ukydan oýandym.

Bir gün agşam ýaman haýran galdyryjy bir ýagtylyk gördim emma jaýymyñ çyrasy öçikdi. Bir seretsem sagat 3:30 agşam (fajir wagty-dy). Ýeri görinen bu giden ýagtylyk nireden geldi? Birden haýran galdym, seretsem elimiñ ýarysy tamyñ içinde haýdap elimi çykardymda, gorkup elime seretýärdim. Täzeden elimi tama tarap uzatdym, ýene elim tamyñ içine girýärdi. Bir gülkiniñ sesini eşitdim. Ýüzumi jigime tarap öwürdim, ol ýatyrdy. Gorkynyñ içinde ýerimden turup jigimi oýandyrmaga gitdim. Emma jogap bermedi. Ejemiñ jaýyna tarap ýöredim kakamy oýandyrmak isledim,
birsinden - biriniñ maña jogap bermesini
isleýärdim, emma hiçisi jogap bermeýärdi. Ejemi oýandyrjak bolup durkam, seretdim welin ejem ukudan oýandy, ukudan oýandy emma meniñ bilen gürleşmeýärdi "Bismillahyrrahmanirahim" diýýärdi we
gaýtalaýardy, kakamy oýandyrdy, "tur - tur çagalara seredeli" diýdi. Kakam
"Şu wagt wagty däl, ýataýyn ertir bolar
haýyr bolar" diýdi. Emma ejemiñ aladasy üçin kakam turmaga başlady, aljyrap jaýymyza tarap geldiler. Başladym gygyrmaga, eje, kaka emma hiç birisi jogap bermeýärdi. Ejemiñ eşiginden çekip meni diñlemesini isleýärdim emma ejem meni duýanokdy. Men ejemiñ arkasyndan ýöremäge
tä biziñ jaýymyza çenli. Otagmyza girdi we çyralary ýakdy. Emma meniñ üçin tapawut etmeýärdi, sebäbi meniñ üçin hemme tarap ýagtylykdy. Edil şo wagt hem ýaman haýran galdyryjy bir zat bilen garşylaşdym, men öz tenimi gördim. Otyryp öz-özime seretýärdim, iki sanydyk. Öz- özimeden soradym "ýeri bu kim?". Nähilem bolsa maña meñzeýär. Bu gorkydan dynaýyn diýip başladym öz- özimi oýandyrmaga, emma oýanmadym. Kakam "Seret ýatyrlar ine, hany ýerimize gideli". Emma ejem rahatlanmady we meniñ ýatan ýerime gelip, meni oýandyrmaga başlady, "Muhammetjan, tur oglum, maña jogap ber", emma jogap bermeýärdi. Bir näçe sapar turuzmak isledi emma başa barmady. Birden seretsem kakamyñ gözlerinden ýaşlar dökülýärdi. Kakamyñ şu wagta çenli göz ýaşlaryny görmändim. Gygyrşmaga başladylar, edil şo wagt hem jigim oýandy we sorady " Eje, näme boldy?" Ejem oña gykylyklap, doganyñ Muhammet
işini bitirdi diýip, gynançly aglaýady. Gykylyk köpeldi. Ejemiñ ýanyna baryp, "eje aglama ine men bärde seret maña!"
Emma hiç kim maña jogap bermeýärdi. Otyryp gygyrmaga başladym, "Ine men
bärde serediñ bärik" emma hiçkim jogap bermeýärdi. Men dileg etmäne başladym "Ýa Rabbi , ýa Rabbi näme bolsa bolsun meni bu düýşden we bu
bolup geçýän wakadan halas et!" Men
uzakdan bir ses eştdim we gitdigiçe
güýçlenýärdi, bu ses Alla tagallañ bir
aýadydy. Birden iki kişi meni tutdular, ýöne ynsan däldiler ýaman gorkdum. Gygyrmana başladym ,göýberiñ meni,siz kim?! Näme edýäñiz?! Olaryñ biri "biz seni gabyra çenli äkidýänler" diýdi. "Men ölmedim, ýaşaýan, näme üçin siz meni gabyra akitýäñiz!? Göýberiñ meni!?Men duýýan ,gürleýän we görýän, men ölmedim" diýdim. Ýylgyryp jogap berdiler " Eý ynsanlar siz üýtgeşik ýaradylypsyñyz, pikir etýäñiz ,ölüm dünýäniñ soñy, emma siz bileñzok asyl ýaşaýan dünýäñiz düýşden ybarat bolup, ölen wagtyñyz ynanañzok!" Meni gabyra tarap çekýädiler. Birdanam olar: " Sen käwagt toba edip ,ertesi günem günä işleýädiñ we sen haýsy ýola seredeniñ belli däldi we hemişe şeýle ýatyp galypsyñ!" Sözlerimi gorky içinde gysgaldyp soradym: "Ýagny men dowzaha gidýänmi?! Olaram.Allahyñ rahmeti giñdir we ýolagçylyk uzyndyr diýdiler. Ýüzimi gorky bilen maşgalama, ejeme, agama, jiglerime seretdim. Bir sandygyñ içinde meni göterýärdiler. Olara tarap ylgap gitdim we olara "Meniñ üçin dileg ediñ haýyş etýän, ýöne hiç kim maña jogap berenokdy. Kim aglaýady kimi bolsa gynanýady. Jigimiñ ýanyna baryp " seresap bol dünýäniñ ýalanlary, oýunjaklary seni aldatmasyn! Soñra üstime kakam gum oklaýady, jigilem gum oklaýa ol ýerdäkileñ hemmesi üstime gum oklaýadylar. Käşkä olaryñ ýerinde bolsadym Allaha toba edip bilsedim, 5 wagt parzymy okan bolsadym, Käşkä her gün Rabbime dileg etsedim, Käşkä her gün tobamy täzeläp bilsedim, Käşkä erbetlikden uzakda dursadym.
Men gygyrmana başladym eý Ynsanlar seresap boluñ dünýä durmuş sizi aldatmasyn iñ azyndan biriniñ meni eşitmesini isledim.


Ýöne sen meni eşdip bilýäñmi?!
35
121
Islam_Atayew
02.04.2024 02:22
Eje! Bu söz megerem dünýäde ynsanyñ iñ ýüregine ýakyn sözleriñ biri bolsa gerek, diñe söz däl, eýsem onuñ özi, şol ýüregimiziñ iñ wepaly we ygtybarly hossary, daşymyzyñ sarmaz galasy, başymyzyñ täji...

Çagakam hemişe ejem ýanymda bolansoñ, durmuş diñe ejem bilen bilelikde soñky nokada çenli dowam eder öýtýärdim, emme durmuş beýle rehimli däl eken, birnäçe sepgitler hemde wagtyñ geçmegi bilen ejeler bilen çagalaryñ hoşlaşmaly ýerleri bolýar, howwa howwa hoşlaşmaly... Misli guşjagazlaryñ höwürtgeden uçup gidişi kimin. Kimsi okuwa, kimsi watan öñündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne garaz ýetginjek ýaşdan geçiberseñ öñlerde goýlan maksatlara görä öýimiz, maşgalamaz bilen hoşlaşmaly bolýas.

Watan öñündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne gitmezimden ozal, has dogrusy gitmeli wagtym golaýlanda, ejem wagtal-wagtal maña "Oglum hökman yzyñdan baryp durarn, señ gowy görýän naharlarñy eltern" diýerdi. Men bolsa "Eje men gulluk diýip öýden çykyp gidemsoñ, gelmegiñ derkary ýok, öz başymy özim çararn men çaga däl ahyry" diýip jogap bererdim. Ol aýdan sözlerim daşyndan seredäýmäge batyrgaý äheñde çykanam bolsa, içimdäki Sensizlik günler çala añymda aýlanyp, kiçijek gorkular maña elini bulaýardy. Islendik batyr mert ýigit bolsada, içindäki ol duýgulary töweregindäkilerden gizlesede, özinden gizläp bilmezdi.

Ýadyña düşýämi eje! Sen hemişe meniñ ýokary okuw jaýynda okamagmy arzuw edýädiñ! Giriş synaglarmy üstinlikli tamamlap, okuwa girendigmi ilkinji bolup saña buşladym, tolgunmakdan ýaña saña üç sany söz aýdyp bildim: "Eje men geçdim". Ol sözlerden soñ meñ damagym dolupdy. Ýyllar boýy ekläp-saklap, eline tiken çümse gynanyp, öz balasynyñ dilinden beýle şatlykly habary eştmek megerem islendik ene-atany buýsandyrsa gerek.

Ejejan käşgä sen hiç garramasadyñ. Hemme kişi meni ýazgarsada meniñ arkmada durjagyñy bilýän eje! Seniñ maña düşinşiñ ýaly hat-da özime özimem düşinemok. Arada şeýle bir ýagdaýa gabat geldim, ýagny Ejesini kakasyny ýaşlykdan ýitiren orta ýaşly adamyñ gürriñi, ol gürrüñ "ahy nalady". Ol çala suwjaran gözini bir nokada dikip şeýle diýýärdi:" Görýän welin gynansakda soñky döwir ejeleriñ gadry gaçypdyr, ejesine gaýtargy berýän, sanaşyp dikleşýän biçak köpelipdir. Ýagty jahana indiren, seniñ biýinjalyk bolan wagtyñ ýatman gijelerni dik aýakda geçiren ejeñ... (bu sözlerden soñ ol ulydan demini aldy). Men ejemi diñe suratda görýän, ýüregim daryksa içim içime sygman ähli zatdan ýadan wagtym onuñ nurana keşbinden men özime kemal tapýan, eger-de Allatagalla maña ýekeje minut ejem bilen duşuşmanga mümkinçlik bersedi, onuñ gyzgyn gujagyna girip, mylaýym ellerinden tutsadym, men bu dünýäden müñde bir razy bolardym, goý şol ýekeje minut üçin meniñ mal-mülkim ähli barym hat-da şirin janym gurban bolsun... Men şondan soñ dünýäde iñ beýik söýginiñ ene bilen öz perzendiniñ söýgisidigne hasam berk göz ýetirdim...


Ejeñiz bar wagty söýiñ hormatlañ! Oña söýýän diýmekden gorkmañ! Hut häzirden başlañ! Hiç bir zat hemişelik däl! Belki ertir giç bolmagy ahmal.
43
92
Islam_Atayew
30.03.2024 18:56
İrden pikir eden ilkinji adamyňyz we gijelerine pikir eden soňky adamyňyz ýa sizi örān bagtly eden adamdyr ýa-da siziň örän göwnüňize degen adamdyr.
39
48