Islam_Atayew
05.04.2024 23:59
Gadyr Gijesinde dilegimiz.

Huzuryñda biz bir günäli bende,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.
Gula merhemetiñ çägi ýok sende,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Nädogry göz bilen bakyp durmuşa,
Düşen bolsak bilip bilmän ýalñyşa,
Tümde galanlary ýetirip yşa,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Sen bir eziz Rahmansyň, Rahymsyñ,
Daş düşene ýene özüñ ýakynsyñ,
Hataly gullaryñ gaýgydan dynsyn,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Hezreti Muhammet ymmaty üçin, (s.a.w)
Söýgüli bendeleñ hormaty üçin,
Gadyr gjesiniň gymmaty üçin,
Bagyşla Ýaradan günälermizi.

Awtor: Şanazar Hydyrow.
25
21
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.