Islam_Atayew
03.04.2024 00:20
Şahyr we alym Lauren Iseley bir gün deñiz kenarynda gezelenç edip ýör eken. Uzakda bir adam onuñ ünsüni çekipdir. Gaty-gaty ýöräp onuñ ýanyna barypdyr. Siňe seretse bir ýaş ýigit ýerden bir zatlar alyp deñize oklaýar we muny yzygiderli gaýtalaýar. Ýene biraz golaýlaşyp gürriňe başlapdyr:
- Näme edýärsiñ?!
- Göreñokmy, okeana deñiz ýyldyzlaryny
oklaýan!
- Deñiz ýyldyzymy!?
- Howwa. Gije tolkunlar olary kenara
zyñypdyr. Ýene biraz wagtdan gün beýgeler, eger olary suwa yzyna oklamasam gyzgynda bularyñ hemmesi heläk bolarlar!
- Onyñ-a dogry welin, bir seret, näçe km
kenarda müñlerçe deñiz ýyldyzy bar.
Hemmesini suwa zyñyp ýetişmersiñ! Näme üýtgär öýtýäñ?!
Ýaş ýigit gumuñ üstinden ýene bir deñiz
ýyldyzyny alyp suwa oklapdyr-da şeýle diýipdir:

- Ine, bujagaz üçin köp zat üýtgedi!
36
66
zoluska
3 Aprel 2024
Bir adama ýagşylyk edip dünýäni üýtgedip bilmeris ýöne şol adamyň dünýäsini üýtgedip bileris
tmyigit76
3 Aprel 2024
Manyly 👍🏻
ideallider
3 Aprel 2024
Iki perişde ýazar. Olar görmesede, ýazmasada, ýazmagy unutsada ol Ýeketäk Biribar görerem, bilerem👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.