Islam_Atayew
02.04.2024 02:22
Eje! Bu söz megerem dünýäde ynsanyñ iñ ýüregine ýakyn sözleriñ biri bolsa gerek, diñe söz däl, eýsem onuñ özi, şol ýüregimiziñ iñ wepaly we ygtybarly hossary, daşymyzyñ sarmaz galasy, başymyzyñ täji...

Çagakam hemişe ejem ýanymda bolansoñ, durmuş diñe ejem bilen bilelikde soñky nokada çenli dowam eder öýtýärdim, emme durmuş beýle rehimli däl eken, birnäçe sepgitler hemde wagtyñ geçmegi bilen ejeler bilen çagalaryñ hoşlaşmaly ýerleri bolýar, howwa howwa hoşlaşmaly... Misli guşjagazlaryñ höwürtgeden uçup gidişi kimin. Kimsi okuwa, kimsi watan öñündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne garaz ýetginjek ýaşdan geçiberseñ öñlerde goýlan maksatlara görä öýimiz, maşgalamaz bilen hoşlaşmaly bolýas.

Watan öñündäki gulluk borjuny ýerine ýetirmäne gitmezimden ozal, has dogrusy gitmeli wagtym golaýlanda, ejem wagtal-wagtal maña "Oglum hökman yzyñdan baryp durarn, señ gowy görýän naharlarñy eltern" diýerdi. Men bolsa "Eje men gulluk diýip öýden çykyp gidemsoñ, gelmegiñ derkary ýok, öz başymy özim çararn men çaga däl ahyry" diýip jogap bererdim. Ol aýdan sözlerim daşyndan seredäýmäge batyrgaý äheñde çykanam bolsa, içimdäki Sensizlik günler çala añymda aýlanyp, kiçijek gorkular maña elini bulaýardy. Islendik batyr mert ýigit bolsada, içindäki ol duýgulary töweregindäkilerden gizlesede, özinden gizläp bilmezdi.

Ýadyña düşýämi eje! Sen hemişe meniñ ýokary okuw jaýynda okamagmy arzuw edýädiñ! Giriş synaglarmy üstinlikli tamamlap, okuwa girendigmi ilkinji bolup saña buşladym, tolgunmakdan ýaña saña üç sany söz aýdyp bildim: "Eje men geçdim". Ol sözlerden soñ meñ damagym dolupdy. Ýyllar boýy ekläp-saklap, eline tiken çümse gynanyp, öz balasynyñ dilinden beýle şatlykly habary eştmek megerem islendik ene-atany buýsandyrsa gerek.

Ejejan käşgä sen hiç garramasadyñ. Hemme kişi meni ýazgarsada meniñ arkmada durjagyñy bilýän eje! Seniñ maña düşinşiñ ýaly hat-da özime özimem düşinemok. Arada şeýle bir ýagdaýa gabat geldim, ýagny Ejesini kakasyny ýaşlykdan ýitiren orta ýaşly adamyñ gürriñi, ol gürrüñ "ahy nalady". Ol çala suwjaran gözini bir nokada dikip şeýle diýýärdi:" Görýän welin gynansakda soñky döwir ejeleriñ gadry gaçypdyr, ejesine gaýtargy berýän, sanaşyp dikleşýän biçak köpelipdir. Ýagty jahana indiren, seniñ biýinjalyk bolan wagtyñ ýatman gijelerni dik aýakda geçiren ejeñ... (bu sözlerden soñ ol ulydan demini aldy). Men ejemi diñe suratda görýän, ýüregim daryksa içim içime sygman ähli zatdan ýadan wagtym onuñ nurana keşbinden men özime kemal tapýan, eger-de Allatagalla maña ýekeje minut ejem bilen duşuşmanga mümkinçlik bersedi, onuñ gyzgyn gujagyna girip, mylaýym ellerinden tutsadym, men bu dünýäden müñde bir razy bolardym, goý şol ýekeje minut üçin meniñ mal-mülkim ähli barym hat-da şirin janym gurban bolsun... Men şondan soñ dünýäde iñ beýik söýginiñ ene bilen öz perzendiniñ söýgisidigne hasam berk göz ýetirdim...


Ejeñiz bar wagty söýiñ hormatlañ! Oña söýýän diýmekden gorkmañ! Hut häzirden başlañ! Hiç bir zat hemişelik däl! Belki ertir giç bolmagy ahmal.
43
92
goshguchy
22 Aprel 2024
Yöne eylekini tapmadym
goshguchy
22 Aprel 2024
Tuweleme gowy yazypsyn
ilhano_va
12 Aprel 2024
😔
medik_
2 Aprel 2024
💥
flowers_
2 Aprel 2024
Çagalarynyñ şo gynançly hemem begençli gunlerini görmek nesip etsin her bir ene-ata:(
flowers_
2 Aprel 2024
Боссан Сапарова:

Ýürek gysýar, dertler artýar
gün-günden
Käbäm ejem ýeñletsene dertlerim!
Ysgyn-mydar gaçyp barýar tenimden,
Janym ejem ýeñletsene dertlerim!

Kyn ekeni durmuş diýlen bu oýun,
Dertler mejbur etýär egmäge boýun,
Haýyş, eje, ýene çaga bolaýyn,
Mähribanym ýeñletsene dertlerim!!!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.