Islam_Atayew
27.04.2024 15:16
lñ güýçli adamam käwagt gujaklap"Hemme zat gowy bolar" diýän birine mätäçdir.
34
71
Islam_Atayew
26.04.2024 16:34
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda adamlaryň uky kadalaryny
bozýan iň esasy faktor 24 sagat
internet ulanyp bilmekleridir.

***

Eger Ýaponiýada awtoulag satyn almak
isleseñ ada geçirmezden ozal ulag
park etmäge (goýmaga) ýeriñ barlygyny
subut etmelidir.

***

Çernogoriýada (Ýewropa) 25 ýyl bäri,
ýylyň belli bir wagtlarynda agajyň oýugyndan suw pürkýän 150 ýaşan tut agajy bardyr.

***

Britaniýa imperiýasynyň täji 2868 brilliant,
17 safir, 11 zümrüd, 269 mermer we 5 ýakut daşlaryndan ýasalan bolup bahasy takmynan 17.8 milliard dollar.

***

Aglamak: beýnimiziñ we dilimiziñ duýulan
gynançlygy kabul edip bilmedigi wagtda
orta çykýan duýgudyr.

***

Möjek özünden güýçli garşydaşy bilen urşup biljek ýeketäk ýyrtyjydyr. Eger-de ol urşda ýeňilse öziniň soňky demine çenli garşydaşynyň gözüne seredip jan berýär.

***

Adamyñ beýnisi gijelerine has aktiw bolýar.

***

Sakgyç çeýnemek ýatkeşligiñize
kömek etmek bilen egzaminlerde
has başarnykly bolmagyñyza elter.


***

Uky ýetmezçiligi daş töwrekdäkileri
duşman ýaly görmäge mejbur edýär.


***

Hiç wagt gowuşmajagmyzy bilsekde diñe şol adamy pikir etme duýgusyna:
"Saudade" diýilýar.

***

Psihologlara görä gowy ene-ata çagalaryny
terbiýeli saklaýan dälde, özini terbiýeli
alyp baranda gowy ene-ata bolar.

***

Maglumatlara görä gyzlaryň (zenanlaryñ) harçlaýan pullary  gazanýanyndan köp.

***

BAE-de erkek çaganyň dogulmagynda döwlet 50 O00$ töleýär, 3-nji çaganyň
dünýä inmeginde bolsa maşgaladaky
hemme bergileri aýrylýar.

***

Näçe bagtly bolsak, uky üçin hem şonça
az wagt gerek bolýar.

***

Statistika görä 2 milliard adamdan diňe
birine 116 ýaşa ýetmek başartýar.

***

Her gün adama 12 000 - 60 000 pikir gelýär. Olaryň 80%-i - negatiw bolup bu görkeziji uly adam üçin kadaly. Negatiw pursatlarda beýni peýdaly tejribe toplaýar.


Çeşme:Täsin_dünýäm. Täsinlikler älemi.
39
116
Islam_Atayew
26.04.2024 07:33
Kitap dükanlaryna köpräk gatna. Ol ýerde
iki gezekden kän gabatlaşan adamyň
bilen başarsaň dostlaş...


Bekdaş Öwezow (şahyr)
34
115
Islam_Atayew
25.04.2024 22:26
Hormatly agzalar, arada soragly post açypdym, "Magtymguly Pyragynyñ ene (eje) hakynda düzen goşgysy barmy?" diýip, ine şol goşgy.



Neýleýin, tagty weýran Süleýmanym, kaýda sen?
Amanady berer boldum, bir imanym, kaýda sen?
Tagty-täjim eýesi, eý soltanym, kaýda sen?
Iki dide görejim, sahypkyranym, kaýda sen?
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Bu pelegiň zulmy bilen birje zaman gülmediň,
Waý purum diýip gala, men misgini almadyň,
Toýlarymda şat bolup sen, ajap nazar salmadyň,
Birje zaman eglenip sen ykbalymy bilmediň,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ser salyban bu zemine, arzymy men sözlesem,
Taparynmy, mähribanym, jemalyňy gözlesem,
Deşte çykyp, zary-girýan, ençe günler bozlasam,
Barça pişeden geçip men bu jahany yzlasam,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Gül roýuň görmemişem, bu pelek gerdişiden,
Bihabar boldy halaýyk, pelek tutan işiden,
Halas eýläp öter boldy bu pany teşwüşiden,
Indi men geçmişem, waý, bahar, nowruz, gyşydan,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ne hasraty ötürip sen, kördür görmez gözlerim,
Uly jemagatlar içre boldy syýa ýüzlerim,
Asal eripdi bu gün zäher bolmuş sözlerim,
Daglarym deşte dönüp, dag bolupdyr düzlerim,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ýowuz galyp bu jahanda telmurar bu şirin jan,
Sensiz indi men pakyram boldum, neýleý,
natuwan,
Gymmatyndan aýrylypdyr, gözüme zyndan jahan,
Ýörisem misli guýun dek, taparynmy bir nyşan,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Pederim, dözmeý bu derde huna boýýalmyş
Kuýaş,
ol eziz janyň bilen pelek, meger, kylmyş talaş,
sil ornuna iki dideýimden akmyş ganly ýaş,
Zähri-katyl ýuwudyp men, geýenim kepen puşeş,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ger ki bir söweş kylardym alnyda bolsam meger,
Bu hijranyň çarhy bilen neýleý ýandy jany-jiger,
Hazan bady urdy güli, kyldy bagy serbeser,
Käýişimi Hak eşitmez, ýanar boldy bu jiger,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Ýyglar boldy dagy-daşlar ol rowany sil bilen,
Hak alnynda nalyş kylmyş Jeýhun bahry, Nil bilen,
Bag içinde yesir bolmuş bilbil, bakyň, sünbül bilen,
Pederim Azady ýyglar ýomut, gökleň il bilen,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Pany jahandan gidipdir bakyga gözel aýyň,
Soltanyndan jyda düşdi, ýyglar boldy saraýyň,
Üzülipdir kirşi onuň, oksuz weýrandyr ýaýyň,
Diýdigim galat imesdir, meger, behiştdir jaýyň,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?

Aýdadyr Magtymguly ki, bu dessany bagladym,
Men ki misgin perzendiňem, daga çykyp agladym,
Sorag jaýynda şypa diýp, Ýaradany çagladym,
Goýmaýan panyda bary barçany soragladym,
Walydam, Mekge-Medinäm, mähribanym, kaýda sen?


Beýik Magtymguly Pyragy (Ejesiniň ölümine bagyşlanan).
28
66
Islam_Atayew
25.04.2024 19:45
Ýaz ýagşynyň lezzetini duýmaga-da gamsyz göwün gerek.

("Biz kim ekenik?!")

***


Ägirt wepany haýwanyň ýüregine salan
Adam, özüň biwepalygy nirden öwrendiň!

("Gara ýyldyrym")

***


Ökünip oturka türkmenden paýhasly adam
ýokdur.

("Gara ýyldyrym")

***

Gorky adamda yryma ynanjy artdyrýar.

("Gara ýyldyrym")

***

Durmuş bulananda suwlaram bulanýar
ekeni.

("Täze habarlar")

***


Emeldarlaryň jenaýatyna düzgün eden
jemgyýetiň bulanyk suwunda sen balyk
bolup ýüzdüň, baýadyň

("Täze habarlar")

***

Adam bagta gezek gelende deňlik küýsänok, betbagtlykda deňlik küýseýär.

("Ýanan gelinler")

***

Söwda ýollary ýurduň gan damarlary bolsa, bazar onuň ýüregi.

("Türkmençilik")

* * *

Bir adamyň rowaçlygy üçin ikinji adam
şowsuzlyga uçramaly.

("Janserek")

***

Ygalsyz ýazyň asmany meniň ýüregimi
guratdy.

("Ýiten ýurt")

***

Arassa duýguny söz bilen beýan edilende,
çeşme suwuny el bilen duýjak bolnandaky
ýaly ony bulandyrmagyň ähtimaldy.

("Ýiten ýurt")

***

Syýasat diýlende, bulanyk suwda balyk
tutulşy göz öňüme geläýýär.

("Milli oýun")

***

Taryhyň çaňy bilen halkyň ruhuny
galdyrjak bolanlaryň nã güne düşendigini
bilmek üçinem taryhy okamaly-da.

("Milli oýun")

***

Bir adam wezipe eýelän oglunyň
kabinetine baranda oňa "Ýaşuly" diýip
ýüzlenenmiş.



© Tirkiş JUMAGELDI
27
72
Islam_Atayew
24.04.2024 23:31
Gaýgysyz Atabaýew kim? (1887-1937)

Häzirki türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri, sowet partiýa we döwlet işgäri, Orta Aziýada sowet häkimiýetini gurmak hem pugtalandyrmak baradaky
işe işjeň gatnaşyjy, Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy. Gaýgysyz Atabaýew 1887-nji ýylyň oktýabr aýynda Tejen uýezdiniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň
maşgalasynda dünýä inýär. Alty ýaşynda ýetim galýar. ol başlangyç bilimi Tejendäki ýerli rus mekdebinde alýar. 1907-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. Seminaride okan döwründe rewolýusion herekete goşulýar hem patyşa polisiýasy tarapyndan yzarlanyp başlanýar. Gaýgysyz Atabaýew türkmen halkynyñ özbaşdaklygy ugrunda göreşmek bilen başgada dürli wezipelerde zähmet çekýär...

Atabaýewe "Türkmen azatlygy guramasyny" döretmekde, daşary ýurtlardaky milletçi kontrrewolýusion guramalara içalyçylyk etmekde günä bildirilipdir, surnukdyryjy, ynsanlyk mertebesini kemsidiji soraglar 1938-nji ýylyň fewralyna çenli dowam edipdir. Ahyrsoňy Atabaýew: "Siziň özüňiz
kontrrewolýusion iş bilen meşgullanýarsyňyz, arassa adamlara töhmet atýarsyňyz, halk duşmanlary siziň
Özüňiz" diýip, oturan pola çüýlengi oturgyjyny goparyp, sülçiniň depesinden indirýä, şol wagt Atabaýew sorag edilýän kabinetde atylyp öldürilýär hem şol günüň
ertesi oňa ölüm jezasy çykarylýar hem hamana şol hökümden soň atylyp öldürilen hökmünde resmileşdirilýär.

2000-nji ýylda Moskwadaky "Memorial" guramasy Stalin repressiýasynyň pidalarynyň sanawyny kitap görnüşinde çap etdi. Şol kitapda Gaýgysyz Atabaýewiň ady hem bar.

Gaýgysyz Atabaýewiň jesedi başga-da 4.5 müň adam bilen bilelikde Moskwa şäherine degip duran "Kommunar" sowhozynda - Sewernaýa Butowo diýen ýerde doganlyk mazarda.

1967-nji ýylda Aşgabatda Atabaýew hem Podwoýski köçeleriniň çatrygynda Gaýgysyz Atabaýewe Ýadygärlik bina edildi. Gynansakda geçen asyryň 90- njy ýyllarynyň ortalarynda ol ýadygärlik aýryldy.

Türkmen okyjylaryna meşhur ýazyjy Berdi
Kerbabaýewiň Gaýgysyz Atabaýewe bagyşlap ýazan "Gaýgysyz Atabaý" atly romanyny mälimdir. Bu eser esasynda "Gaýgysyz Atabaý" atly kinofilmi hem
düşürildi.

Wikipedia
107
887
Islam_Atayew
24.04.2024 14:06
Aeroportyň habar beriş bölüminindäki
gyza habar gelýär:
-Maýajan, Dubaýdan uçan samolýot ýolda
heläk boldy. Muny garşylaýanlara
seresaplyk bilen habar bereweri.
Bu ajy habary Maýa gyz şeýle yglan edýär:
-Pikir beriň, pikir beriň! Dubaýdan gelmeli
samolýoty garşylaýan jenaplar we hanymlar! Arkaýyn öýüñize gaýdyberiň.

***

Bir oglan köýneginiň öňüne "Men
SAMSYK!" diýip ýazyp köçeden ýöräp
barýamyş. Munuň öňünden çykan her kim
"dünýede her hili samsyk bar-ow" diýip
onuň duşundan ýylgyryp geçýämişler.
Soňra bu dirije "samsygy" ýene-de bir gezek
synlamak üçin onuň yzyndan
seredýämişler. Görseler onuň köýneginiň
arka tarapynda "Sen hem SAMSYK!" diýen
ýazgy barmyş.

***

Bir gün tokaýda Piliň çagasyny Begomotlar
urupmyşlar. Muňa kaka-Piliň gahary
gelipdir, ol tokaýyň ähli pillerini toplap,
begomotlaň üstüne oglunyň aryny almaga
“razborka" etmäge gidipmiş. Ine bir súri pil
ala-tozan edip, begomatlara tarap okdurylyșyp barýamyşlar. Olaryň
aýaklarynyň aşagynda ýer lerzanamyş,
beýleki haýwanlar bir çetde gizlenişip
durmyşlar. Birdenem pilleriň öňünden
Garynja çykýar. Ol:
-Duruň, saklanyň piller! Hiç hili „razborka“
bolmaz, häziriň özünde yzyňyza öwrüliňde
şu taýdan garaňyzy saýlaň...diýenmiş.
Pillerem yzlaryna öwrülip, öýli-öýüne
dargapmyşlar. Dagy näme etjek, polisiýaň
diýenini etmän bolýamy? Polisiýa her
ýerde polisiýa ahyryn.

***

Iki ýewreýiň gürrüňi:
-Sen maňa 100 dollar bergiň bardygyny
ýadyňdan çykaraňok gerek?
-Nädýäň-aý dost! Men ony ölinçäm
ýadymdan çykarman!

***

Goşun gulugyna giden esgeriň yzyndan
söýgüli gyzy hat ýazýar. Ol gyz hatynda
başga bir ýigidi halaýandygyny, indi hem
özüne hat ýazmazlygy we ýadygärlik üçin
beren suratyny yzyna ibermegini soraýar.
Gama batan esger ýigit ähli
gullukdaşlaryndan gerekmejek gyz
suratlaryny toplaýar we aşakdaky ýaly hat
bilen suratlary biwepa gyza iberýär:
„Ezizim, gynansamda seniň kimdigiňi
ýadyma salyp bilemok. Sen öz suratyňy şu
gyzlaryň içinden saýlap al-da özüňe degişli
däl suratlary yzyna ibermegiňi haýyş
edýärin."


***

Gyzjagaz ejesi bilen nahar iýip otyrka
soraýar:
-Eje, name üçin kakamyň saçy az?
-Sebäbi gyzym, kakaň akylly adam. Ol köp
pikir edeni üçin saçlary dökülýär.
-Eje-eje, seň saçyňa dökülmändir. Kän hem
uzyn...
-Geplemän iý!!!!
***

-Ezizim, itimizi nähili saklaýan bolsaň
meni hem şeýle saklamagyňy isleýän!
-Näme diýjek bolýaň?
-Gaýrat et-de meni gowja naharla-da
daşaryk gezmäge goýber! Haýyş edýän!


***

Giriş egzameninde professor abiturientden
soraýar:
-Size iň soňky soragym şeýle. Näme
sebäpden biziň uniwersitetimize girmäge
karar berdiň?
Abiturient:
-Biderek sorag soramasana, kaka...

***

Professor studentden soraýar:
-Näme beýle tolgunýaňyz? Meniň
soraglarymdan gorkýañyzmy?
-Ýok, öz jogaplarymdan gorkýan.

***


"Demokratiýa" sözini grek dilinden terjime
edeniňde “halkyň häkimiýeti" manysyny
berýändigini hemmeler bilýändir. Emma,
bu ýerde haýsy halk barada aýdylýanyny
Amerikanyň hökümeti dünýäniň beýleki
halklaryna eýýäm näçe ýyl bäri
düşündirmek bilen başagaý.
36
502
Islam_Atayew
23.04.2024 22:27
Hiç, mahal rysgymdan artyk baýlyga,
Ýetmegi özüme hyýal etmedim.
Ýagşylygy rowa gördüm paýyma,
Başarmasam, kişä zyýan etmedim.

Hormatyny goýup uludyr, kiçiñ,
Göwnün tapjak boldum mysapyr kişiñ.
Dünýämi özgertjek iki şaý üçin,
Dostumyñ aýbyny aýan etmedim.

Çarhy pelegini aýlap dur zemin,
Näme niýet etseñ dolanar elin.
Göwnüme degeni ýigrendim welin,
Gapymyzdan ädilmeýän etmedim.

Alkyşyny alsam nurana halkyñ,
Göwnüm ganat gerdi, daş ýardy bagtym
Ýagşy niýetlere ugruksa wagtym,
Sagatlaryn gädilmeýän etmedim.


KERIM HALLY
25
28
Islam_Atayew
23.04.2024 13:50
Ötünji hemişe günäkär soramaýar. Ötünji
gatnaşygyň gymmatyna düşünýän soraýar.
42
93
Islam_Atayew
22.04.2024 19:27
GYZYŇ ŞERTI

Bir gyz durmuşa çykjak ýigidiniñ öñünde
şert goýupdyr:
-Ýylda bir gezejik maña öýden çykyp
gitmäge rugsat ber. "Nirä,näme üçin?"
diýip sorama! Diñe birje gün. Razy bolsañ
menem saña mynasyp ýar bolaýyn. Ýigit
razylaşypdyr. Bular ençe ýyl agzybirlikde gülala- günlükde ýaşap ýörmüşler. Adamsynyñ bilesigelijiligi gününe goýman,ahyry ýeñilipdir-de aýalyny yzarlamaga gidipdir. Görse aýaly yns-jyns ýok bir çola ýere baryp ýetipdir. Kän otyrypdyr,aglap görüpdür,soñra bolsa şeýle bir gygyrýamyş, şeýle bir gygyrýamyş,heý
goýaý. Bütin gününi şeỳdip geçiripdir.
Soñam öýüne gaýdyp gelipdir. Sabyr-
takady galmadyk adamsy ahyry aýalyndan
näme üçin beýle edýänligini sorapdyr.
Aýalam syrynyñ açylanyna kän gün hapa
bolup gezipdir. Ahyram adamsyna şeý
diyipdir:
-Meniñ alan terbiýämde göwnüñe
degselerem göwne degmeli däl. Içiñe
salmaly,diliñi dişlemeli,ýogsa sen bigünä
bolsañam günäkär bolarsyn. Öý
hysyrdylary bilen seniñem,gaýynlarymyñam beýlekileriñem igenjini yzygider eşidip çydam etmeli bolýan. Ýogsam maşgalamyz dargap biler. Derdimi içime atybersem kesele galjak men. Ana,şoñ üçin gidýän şol çola ýere - diýip jogap beripdir.


Diýmek, biz şeýle häsiýetdäki adam
bolanymyzdan soñra(basym ýaralanýan)
nirede bolsañam göwnüň galmaklykdan
gaçyp gutulma ýok. Emma arasynda
nepesiñi durlamak üçin hemme
zatdan,hemme kişiden biraz uzaklaşyp
Özümize arakesme berip bileris. Bu gowy
çykalga.

Aýrlyşmak çykalga däl.



Meñli Aşyrowa (Edebiýat agşamy).
60
440