Islam_Atayew
22.04.2024 19:27
GYZYŇ ŞERTI

Bir gyz durmuşa çykjak ýigidiniñ öñünde
şert goýupdyr:
-Ýylda bir gezejik maña öýden çykyp
gitmäge rugsat ber. "Nirä,näme üçin?"
diýip sorama! Diñe birje gün. Razy bolsañ
menem saña mynasyp ýar bolaýyn. Ýigit
razylaşypdyr. Bular ençe ýyl agzybirlikde gülala- günlükde ýaşap ýörmüşler. Adamsynyñ bilesigelijiligi gününe goýman,ahyry ýeñilipdir-de aýalyny yzarlamaga gidipdir. Görse aýaly yns-jyns ýok bir çola ýere baryp ýetipdir. Kän otyrypdyr,aglap görüpdür,soñra bolsa şeýle bir gygyrýamyş, şeýle bir gygyrýamyş,heý
goýaý. Bütin gününi şeỳdip geçiripdir.
Soñam öýüne gaýdyp gelipdir. Sabyr-
takady galmadyk adamsy ahyry aýalyndan
näme üçin beýle edýänligini sorapdyr.
Aýalam syrynyñ açylanyna kän gün hapa
bolup gezipdir. Ahyram adamsyna şeý
diyipdir:
-Meniñ alan terbiýämde göwnüñe
degselerem göwne degmeli däl. Içiñe
salmaly,diliñi dişlemeli,ýogsa sen bigünä
bolsañam günäkär bolarsyn. Öý
hysyrdylary bilen seniñem,gaýynlarymyñam beýlekileriñem igenjini yzygider eşidip çydam etmeli bolýan. Ýogsam maşgalamyz dargap biler. Derdimi içime atybersem kesele galjak men. Ana,şoñ üçin gidýän şol çola ýere - diýip jogap beripdir.


Diýmek, biz şeýle häsiýetdäki adam
bolanymyzdan soñra(basym ýaralanýan)
nirede bolsañam göwnüň galmaklykdan
gaçyp gutulma ýok. Emma arasynda
nepesiñi durlamak üçin hemme
zatdan,hemme kişiden biraz uzaklaşyp
Özümize arakesme berip bileris. Bu gowy
çykalga.

Aýrlyşmak çykalga däl.



Meñli Aşyrowa (Edebiýat agşamy).
60
440
XL-19
24 Aprel 2024
@yekeje9, suwagt cykmadyk yasajyk gyzlara name maslahat berip biljek soygi barada
XL-19
24 Aprel 2024
@yekeje9, mlds onda bolyala 😊
yekeje9
24 Aprel 2024
@XL-19, cagalaryn kakasy bilen
XL-19
24 Aprel 2024
@yekeje9, kyn ekeni sana 🙁
XL-19
24 Aprel 2024
@yekeje9, 🙄 kim senden gecdi, hazr sen nirede kimler bilen yasayan ejen kakan bilenmi yada cagalaryn dadesi bilenmi 🤔
yekeje9
24 Aprel 2024
@XL-19, huday komek edya ony dine allajana sygynyp 5 wagt namazym bilen yasadym hudayam komek edyandirda mana
yekeje9
24 Aprel 2024
@XL-19, bermediler menen gecdiler menem manlaydyrda diyp yasadym😔
XL-19
24 Aprel 2024
@yekeje9, caga boldurmak kyn gerek 🙄 ha
XL-19
24 Aprel 2024
@yekeje9, wahey ogry buwagt nirede 😊 milisa bermedinzmi
yekeje9
24 Aprel 2024
@XL-19, howa ogurladylar🤨
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.