Islam_Atayew
25.04.2024 19:45
Ýaz ýagşynyň lezzetini duýmaga-da gamsyz göwün gerek.

("Biz kim ekenik?!")

***


Ägirt wepany haýwanyň ýüregine salan
Adam, özüň biwepalygy nirden öwrendiň!

("Gara ýyldyrym")

***


Ökünip oturka türkmenden paýhasly adam
ýokdur.

("Gara ýyldyrym")

***

Gorky adamda yryma ynanjy artdyrýar.

("Gara ýyldyrym")

***

Durmuş bulananda suwlaram bulanýar
ekeni.

("Täze habarlar")

***


Emeldarlaryň jenaýatyna düzgün eden
jemgyýetiň bulanyk suwunda sen balyk
bolup ýüzdüň, baýadyň

("Täze habarlar")

***

Adam bagta gezek gelende deňlik küýsänok, betbagtlykda deňlik küýseýär.

("Ýanan gelinler")

***

Söwda ýollary ýurduň gan damarlary bolsa, bazar onuň ýüregi.

("Türkmençilik")

* * *

Bir adamyň rowaçlygy üçin ikinji adam
şowsuzlyga uçramaly.

("Janserek")

***

Ygalsyz ýazyň asmany meniň ýüregimi
guratdy.

("Ýiten ýurt")

***

Arassa duýguny söz bilen beýan edilende,
çeşme suwuny el bilen duýjak bolnandaky
ýaly ony bulandyrmagyň ähtimaldy.

("Ýiten ýurt")

***

Syýasat diýlende, bulanyk suwda balyk
tutulşy göz öňüme geläýýär.

("Milli oýun")

***

Taryhyň çaňy bilen halkyň ruhuny
galdyrjak bolanlaryň nã güne düşendigini
bilmek üçinem taryhy okamaly-da.

("Milli oýun")

***

Bir adam wezipe eýelän oglunyň
kabinetine baranda oňa "Ýaşuly" diýip
ýüzlenenmiş.



© Tirkiş JUMAGELDI
27
72
gulia_maksatmyradowna
27 Aprel 2024
Ökünemde menden başga akylly adamam tapyp bilemok menä 😋 diýmek menem türkmen ekenim😁
gulia_maksatmyradowna
27 Aprel 2024
Ýaz ýagşynyň lezzeti gamly göwün bn birhili duýulýa, gamsyz göwün bn has başgaça öwüşgünde duýulýa :) ikisem täsin:D
ideallider
25 Aprel 2024
DC???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.