Islam_Atayew
24.04.2024 23:31
Gaýgysyz Atabaýew kim? (1887-1937)

Häzirki türkmen döwletiniň düýbüni tutujylaryň biri, sowet partiýa we döwlet işgäri, Orta Aziýada sowet häkimiýetini gurmak hem pugtalandyrmak baradaky
işe işjeň gatnaşyjy, Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy. Gaýgysyz Atabaýew 1887-nji ýylyň oktýabr aýynda Tejen uýezdiniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň
maşgalasynda dünýä inýär. Alty ýaşynda ýetim galýar. ol başlangyç bilimi Tejendäki ýerli rus mekdebinde alýar. 1907-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar. Seminaride okan döwründe rewolýusion herekete goşulýar hem patyşa polisiýasy tarapyndan yzarlanyp başlanýar. Gaýgysyz Atabaýew türkmen halkynyñ özbaşdaklygy ugrunda göreşmek bilen başgada dürli wezipelerde zähmet çekýär...

Atabaýewe "Türkmen azatlygy guramasyny" döretmekde, daşary ýurtlardaky milletçi kontrrewolýusion guramalara içalyçylyk etmekde günä bildirilipdir, surnukdyryjy, ynsanlyk mertebesini kemsidiji soraglar 1938-nji ýylyň fewralyna çenli dowam edipdir. Ahyrsoňy Atabaýew: "Siziň özüňiz
kontrrewolýusion iş bilen meşgullanýarsyňyz, arassa adamlara töhmet atýarsyňyz, halk duşmanlary siziň
Özüňiz" diýip, oturan pola çüýlengi oturgyjyny goparyp, sülçiniň depesinden indirýä, şol wagt Atabaýew sorag edilýän kabinetde atylyp öldürilýär hem şol günüň
ertesi oňa ölüm jezasy çykarylýar hem hamana şol hökümden soň atylyp öldürilen hökmünde resmileşdirilýär.

2000-nji ýylda Moskwadaky "Memorial" guramasy Stalin repressiýasynyň pidalarynyň sanawyny kitap görnüşinde çap etdi. Şol kitapda Gaýgysyz Atabaýewiň ady hem bar.

Gaýgysyz Atabaýewiň jesedi başga-da 4.5 müň adam bilen bilelikde Moskwa şäherine degip duran "Kommunar" sowhozynda - Sewernaýa Butowo diýen ýerde doganlyk mazarda.

1967-nji ýylda Aşgabatda Atabaýew hem Podwoýski köçeleriniň çatrygynda Gaýgysyz Atabaýewe Ýadygärlik bina edildi. Gynansakda geçen asyryň 90- njy ýyllarynyň ortalarynda ol ýadygärlik aýryldy.

Türkmen okyjylaryna meşhur ýazyjy Berdi
Kerbabaýewiň Gaýgysyz Atabaýewe bagyşlap ýazan "Gaýgysyz Atabaý" atly romanyny mälimdir. Bu eser esasynda "Gaýgysyz Atabaý" atly kinofilmi hem
düşürildi.

Wikipedia
107
887
XL-19
30 Aprel 2024
@ATOMIC, bir gezek dislike basyp son yene basay men seytdim
ATOMIC
30 Aprel 2024
@XL-19, men iki gezek basym ýöne öň göýupsyň diýýä
XL-19
30 Aprel 2024
Yene iki like basyn su daya 100 bolsun 🌝
kakajan_88
29 Aprel 2024
Baherdenin Nohur obasyndan Muhammetguly Atabayew dogon okasany TSSR-ilkinji mugallymy su wagt Nohur obasynda garry çynaryn yanynda heykeli dur
kakajan_88
29 Aprel 2024
TURKMENIN GAHRYMAN OGLY👍
XL-19
27 Aprel 2024
🤔
basimow
25 Aprel 2024
👍🏻
juhy
25 Aprel 2024
😊
Akram_Beshimov
25 Aprel 2024
Yzyny okamak yatdan çykdy
tkmn
25 Aprel 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.