Islam_Atayew
28.05.2024 00:19
Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan
ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy
Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip
turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň
gowy komnatdaşym gowy çaý demläp
goýupdyr. ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsäã gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjüler bar eken, olardan birini gowy edip iýjek bolup durkam çaýymyň içine "gowy" siňek gaçan eken. Ol siňegi gowulyk bilen çykardym,
"gowy sözler" aýtdym. Soň gowy köýnegim,
jalbarym bilen gowy penjegimi geýdim-de,
gowy köwşüm bilen gowy ýola çykdym.
Gabat gelen gowy adamlar bilen gowy edip
salamlaşdym. Yolda-da gowy maşynlar bar
eken. Olaryň içinden gowusyny gowy edip
elimi galdyryp sakladym. Ol gowy edip
durdy, nirä gitmelidigimi gowy edip
düşündirdim. Sürüji gowy adam eken, gowy
gürrüňler etdik. Gowy institutymyza baryp, gowy edip okadym.. Gowy institutdan gelenimden soň gowy ýadadym. Gowy naharlananymdan soň gowy telefonymdan internede baglanmak isledim. lam gowy işlei. Ondan soň gowy saýda girdim-de, gowy agzalara şu günki eden gowy işlerim barada gowy edip ýazgy ýazdym.
Gowulykda görşeliň! Oňarsak, bar zady gowulyga ýoralyň! )

biz.islenen.
33
449
Islam_Atayew
27.05.2024 01:24
Meñ üçín pul gymmatdal, kükürt çyzsañ ýanyp gider.
Meñ üçin öý gymmat däl, ýer titrese çöküp
gider.
Meñ üçin Jan gymmatdäl, ajal gelse alyp gider.
Meñ üçin göwün gymmat, sähel şemala
Sowap gider.
26
55
Islam_Atayew
26.05.2024 14:48
Durmuşda kösenmedik adamlar ajaýyp eserler ýazmazlar, ajaýyp söz hem aýtmazlar.

***

Mert bolsaň ölmek aňsat, ýaşamak kyn.
Namart bolsaň ýaşamak aňsat, ölmek kyn.
27
53
Islam_Atayew
24.05.2024 23:15
Gün ýaşansoň heriňiz öz otagyňyza girýärsiňizde meni ýeke goýup gidýäňiz. Gije-gündiz dört diwaryň arasyndan çykman oturmak meniň näme maňlaýyma
ýazylypmy? 0da az-küş wagtam däl. Eneňiziň gaýdyş bolanyna baryp-ha on ýyl geçdi...
- Näme, etsem diýýäň, atam!
- lçim gysýa, Mekan. Meni bazara äkit!
- Togsan ýaşda-da bir bazar bormy, ata, ýaramarsyň.
Sakal-murty bireyýäm ak kamyş bolsa-da entek bili bükülip, katdy o diýen ýaý bermedik goja hökümli dillendi.
- Ýarap-ýaramany meniň ýülügim siziňki ýaly azot garyndyly däl. Äkitmeseňiz jontuk eşek sag bolsun.
- Eýtseň «Döwran mirap, akylyndan azaşypdyr» diýip ili üstüňden güldirsiň.
Gülse gülüp geçsin. Bazara çykmaga göwnüm küýseg edýär.
Soñky günlerde iňňirdisi artan garry atasynyň raýyny Mekan şondan añry ýykjak bolup oturmady.
«Žiguliniň» öňüne apalap mündürensoň, ony şähere alyp gitdi. Ýöne märekeden hyň berýän bazaryň çetinden girenlerinde bir pursat daýanan goja aňkardy galdy.
- Bä-ä, bi nebela mähelle, ozal beýle köp adam bolmaýady-la. Ýeri, oglum, et satylýan dükana baraýaly.
Ahmal bolsaň müşderisiniň jürüni berjek bolup, dişini çarhlap duran gassaplary bir hatar synlansoň ol pişge murt, ziňňirt ýigide:
- Ogul, Ysmaýyl gassap barmydyr?
"Bu mürşük garry herne akylyndan azaşaýana däldir- dä», diýen manyda Mekanyň ýüzüne sereden satyjy
herhal morta jogap bermedi. Mylakat etdi.
- Ol soraýan adamyň, atam, bireýýäm bende boldy.
Onuň inisi Ybraýym gassap berin barmydyr?
diýende, satyjy başyny ahmyrly ýaýkap goýberdi.
-O-da topraga garyldy.
Goja şondan aňry o ýerde eglenmedi. Mal bazaryna baryp Ýusup dellal, Öre gazykçy, Şerip nanbaý, Ämet suwçy dagyny görmekçidi. Arman, deň-duşlarydyr
tanyş-bilişleri o ýerde-de gözüne ilmedi. Lapykeç bolan Döwran mirap bir salym agyr oýa batansoň çowlugynyň ýüzüne melul garap, gynançly dem aldy.
- Ýeke özümiň galanymy bilmän ekenim, oglum. Ýör, öýe gaýdaly!


Hangeldi GARABAYEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
30
151
Islam_Atayew
12.05.2024 10:59
Hemme zadyň göwnümizdäki ýaly bolmagyny çyn ýürekden islesek-de,
durmuşymyzda dürli meseleler ýüze çykyp
durýar. Göwnümize kybapdaş kararlar,
köplenç, bize dogry çykalgany salgy berýär. Käwagt belli bir karara gelmekde töwekgellik hem ediberýäris. Käbiri hiç-hili pikirlenmezden, bir netijä gelýärler, ýene käbirleri bolsa «Ýedi ölçe, bir kes» diýen nakyla amal etmäge adatlanan. Žurnalymyzyň nobatdaky sanynda adamyň
töwekgellik derejesini barlaýjy testi
dykgatyňyza hödürleýäris. Test sowallaryna jogap berip, ballaryňyzy
toplaň.


1) Iş ýeriňiziň düzgünnamasyna täze kadalar girizildi diýeliň. Siz bu kadalara tiz
uýgunlaşyp bilýäňizmi?

Hawa (3 ball) b). Ýok (0 ball)

2) Tankydy pikirleriňizi açyk aýdyp
bilýäňizmi?

Hawa (3 ball). b) Ýok (0 ball)

3) Eger size başga edara ýa kärhana
öňküňizden köp girdejili wezipe hödürlese,
ikirjeňlenmezden geçersiňizmi?

Hawa (2 ball). b) Ýok (0 ball)

4) Öz ýalňyşlaryňyzy gizlemek ýa-da özüňizi aklamak üçin bahana gözleýäňizmi?

Hawa (0 ball). b) Ýok (4 ball)

5) Size bir zady teklip etdiler. Teklip
göwnüňize ýaramady. Ýumşaklyk söz bilen
ýagdaýy düşündirip, teklibi ret edip
bilersiňizmi?

Hawa (2 ball). b) Ýok (0 bal)

6) Çekeleşikli jedel özüňiziň haýsydyr bir
meselä bolan garaýyşlaryňyzy özgerdip
bilermi?

Hawa (3 ball). b) Ýok (0 ball)

7) Biriniň döredijilik eserini okap çykdyňyz.
Siziň pikiriňizçe, muny başgaçarak edip ýazsa hem bolardy. Awtora ýalňyşlaryny
düşündirip, esere täze özgertmeler
girizersiňizmi?

Hawa (2 ball). b) Ýok (0 ball)

8) Bazarda nämedir bir harydy haladyňyz.
Ýöne ol haryt siz üçin asla möhüm däl.
Barybir satyn alardyňyzmy?

Hawa (0 ball). b) Ýok (2 ball)

9) Biriniň maslahaty siziň kararyňyzy
üýtgedip bilermi?

Hawa (0 ball). b) Ýok (3 ball)

10) Dynç alşyňyzy öňünden rejeleşdirýäňizmi?

Hawa (1 ball). b) Ýok (0 ball)

11) Wadaňyzda durýaňyzmy?

Hawa (3 ball). b) Ýok (0 ball)

12) Siziň edaraňyza täze işgär geldi. Onuň
bilen tiz wagtyň içinde öwrenişip, «dil
tapyşyp» bilýäňizmi?

Hawa (4 ball). B) Ýok (0 ball)


Netijeler bilen tanşyň:

* 0-9 ball. Siz töwekgel däl. Her bir karar
hakynda uzak pikirlenýärsiňiz, tejribeliler
bilen maslahatlaşýarsyňyz. Ýygnaklarda,
söhbetdeşliklerde dymyp oturmagy kem
göreňizok.

* 10 - 18 ball. Çynlakaý meselelere duş gelmezlik üçin her bir karary örän hüşgärlik
bilen çykarýarsyňyz.

* 19 -28 ball. Siz ýeterlik derejede töwekgel.
Bu ugrda tejribäňiz size hemişe şeýle ýol
tutmaga ündeýär we siz az ýalňyşýarsyňyz.

* 28 we ondan köp ball. Töwekgellik etmezlik size düýbünden nätanyş düşünje. Bir işe başlasaňyz, üstünlikli gutarjagyňyza bolan ynam sizi hemişe töwekgellige çagyrýar. Ýalňyşlyk goýberseňiz, özüňizi däl-de, başgalary aýyplamak adatyńyz hem ýok däl. Munuň bolsa, köplenç. ýakynlaryňyza otrisatel täsir etmegi mümkin. Bu siziň iň uly kemçiligiňiz. Aýna serediň, belki, kemçilikleriňizi görmegi başararsyňyz.


«Türkmen Gazet».
28
207
Islam_Atayew
11.05.2024 21:00
Mumbaide 1 gùn içinde dem almak
1 paçka çilim çekmek bilen deñdir.

***

Bir mòjek size 7 sekuntdan bäri seretýän bolsa, gaçmagyñ ýolyny gòzläń, indi siz onuñ awysyñyz.

***

Zenanlaryň 70%-i iň bolmanda bir gezek
öz ýoldaşyna aýakgap zyñan.

***

Nahar taýýarlap bilmeýän zenanlaryň
köpüsi iş durmuşynda üstünliki bolýar.

***

Google döredilende eýeleri kompaniýany
1 mln$ satmak islediler ýöne alyjy tapyp bilmediler. Häzir bahasy: 1,4 trillion$

***

Aleksitimiýa - duýgylaryňy başga birine aýtmak kynçylygy.

***

Gözlerimiz hemişe burnumyzy görer, emma beýinimiz bu şekili ýok hasaplar. Burunymyz diňe üns berenimizde görüner.

***

"Gonkong"da bir aýal, ikilik eden ärini öldürüp biler, oňa hiç bir jeza ýokdyr. Emma diňe hiç zatsyz, arassa elleri bilen öldürüp biler.

***

Ortaça bir adam ömrüniň dowamynda ýer
şarynyň daşynyň 3 aýlawyna deň ýoly geçýär.

***

Özüne ynamsyz adamlar köp düýş görýärler.

***

Dünýäniň iň uly "Kurany Kerim" kitaby Owganstanda bolup onuň uzynlygy 230 we ini 150 sm metirdir. Mata we kagyzdan ýasalan mukaddes kitabyň agramy takmynan 500 kilogramdyr.

***

ABŞ da geçirilen gözlegleriň netijesinde
haýwanlaryň arasyndan Delfinler, adamdan
soňra iň akylly jandar diýip kabul edildi.


Täsin_dunýäm. Täsinlikler älemi.
32
152
Islam_Atayew
11.05.2024 15:51
Özbaşyna dünýädir,
Kitap okaýan gyzlar.
Göwni mydam gülýändir
Kitap okaýan gyzlañ.

Garyp, Tahyr bolsañam
Bolmaz Zöhre, Şasenem,
Duş etmez, etmăn deñem
Kitap okaýan gyza.

Kalp töründe ýerländir,
Höwesgärleri kändir.
Yrmak añsad-a däldir
Kitap okaýan gyzy.

Zandyndan hiç özgermez.
Uly ile göz bolmaz,
Ýa artykmaç söz bolmaz
Kitap okaýan gyzda.

Durmuş oýnunda utup,
Sallahlykdanam gutul
Başarsañ-a ýar tutun
Kitap okaýan gyzdan.

Baky Amanýazow
34
68
Islam_Atayew
10.05.2024 18:10
Garym-gatym.
30
70
Islam_Atayew
10.05.2024 00:32
Oñurganyñ gyşarmagna getirýän sebap.
26
106
Islam_Atayew
08.05.2024 23:19
Heý, meniň deý ýadap görüpmidiňiz?!
Haýdap gördüňizmi,
Meniň ýaly, heý?!
Her günde bir ýola ölüpmidiňiz?
Dirilipdiňizmi,
Içip ajy meý
Deý ajy kofeni,
Täzeden jana
Gelip gördüňizmi,
Gözler ýalpyldap?!
Ýürek galpyldap,
Ýarylyp gördümi çydaman gussa?!
Argynlygyň agras daryndan sallan
Tanaba çolaşyp, bogulyp tüssä,
Asgyryp janlanyp,
Soň ölüp pallap,
Gämik deý gögerip,
Dogulyp assa,
Howlugyp ajala görüpmidiñiz?
Nesimä, Hallaja, Meşrebe meňzäp,
Aýdyň, siz şu gün, heý, ölüpmidiňiz?!
Nädip ýaşaýaňyz ölmän, heý,
Geň zat!


© Orazmyrat MYRADOW
28
40