Islam_Atayew
28.05.2024 00:19
Şu gün irdenjik üstümdäki gowy ýapylan
ýorgany aýyrdym-da, dogup gelýän gowy
Güne seretdim. Soň ýerimden gowy edip
turdum. Gowy edip ýuwundym. Ondan soň
gowy komnatdaşym gowy çaý demläp
goýupdyr. ol hem gowy çäýnegiň içinde. Soň gowy käsäã gowy çäýnekdäki gowy çaýdan gowy edip guýdum. Soňam, gapdalda gowy gapda gowy süýjüler bar eken, olardan birini gowy edip iýjek bolup durkam çaýymyň içine "gowy" siňek gaçan eken. Ol siňegi gowulyk bilen çykardym,
"gowy sözler" aýtdym. Soň gowy köýnegim,
jalbarym bilen gowy penjegimi geýdim-de,
gowy köwşüm bilen gowy ýola çykdym.
Gabat gelen gowy adamlar bilen gowy edip
salamlaşdym. Yolda-da gowy maşynlar bar
eken. Olaryň içinden gowusyny gowy edip
elimi galdyryp sakladym. Ol gowy edip
durdy, nirä gitmelidigimi gowy edip
düşündirdim. Sürüji gowy adam eken, gowy
gürrüňler etdik. Gowy institutymyza baryp, gowy edip okadym.. Gowy institutdan gelenimden soň gowy ýadadym. Gowy naharlananymdan soň gowy telefonymdan internede baglanmak isledim. lam gowy işlei. Ondan soň gowy saýda girdim-de, gowy agzalara şu günki eden gowy işlerim barada gowy edip ýazgy ýazdym.
Gowulykda görşeliň! Oňarsak, bar zady gowulyga ýoralyň! )

biz.islenen.
33
449
suicide
3 Iýun 2024
Gowy adam ekenin😁
ayymsha
2 Iýun 2024
@Islam_Atayew, ýaly söz galypdyra
ayymsha
2 Iýun 2024
@Islam_Atayew, Sen güler etdiňdä 😄
Islam_Atayew
2 Iýun 2024
@ayymsha, Salam, kän gulme yuzine ýygyrt düser😁
ayymsha
2 Iýun 2024
@Islam_Atayew, Salam garyndash 😊, gülüp hezil etdimda
Islam_Atayew
2 Iýun 2024
@makol, Satiriki stilde ýazylan, halamasañyz okaman geçiñ ýada dislike basmagy maslahat berýan😐
makol
2 Iýun 2024
Gowy diyip ýykdynla
stella_🖤
28 May 2024
😅😅
Islam_Atayew
28 May 2024
@kizi, 😁
kizi
28 May 2024
Ay gowy diyp yykdyňay tuweleme👀
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.