Islam_Atayew
08.05.2024 23:19
Heý, meniň deý ýadap görüpmidiňiz?!
Haýdap gördüňizmi,
Meniň ýaly, heý?!
Her günde bir ýola ölüpmidiňiz?
Dirilipdiňizmi,
Içip ajy meý
Deý ajy kofeni,
Täzeden jana
Gelip gördüňizmi,
Gözler ýalpyldap?!
Ýürek galpyldap,
Ýarylyp gördümi çydaman gussa?!
Argynlygyň agras daryndan sallan
Tanaba çolaşyp, bogulyp tüssä,
Asgyryp janlanyp,
Soň ölüp pallap,
Gämik deý gögerip,
Dogulyp assa,
Howlugyp ajala görüpmidiñiz?
Nesimä, Hallaja, Meşrebe meňzäp,
Aýdyň, siz şu gün, heý, ölüpmidiňiz?!
Nädip ýaşaýaňyz ölmän, heý,
Geň zat!


© Orazmyrat MYRADOW
28
40
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.