Islam_Atayew
24.05.2024 23:15
Gün ýaşansoň heriňiz öz otagyňyza girýärsiňizde meni ýeke goýup gidýäňiz. Gije-gündiz dört diwaryň arasyndan çykman oturmak meniň näme maňlaýyma
ýazylypmy? 0da az-küş wagtam däl. Eneňiziň gaýdyş bolanyna baryp-ha on ýyl geçdi...
- Näme, etsem diýýäň, atam!
- lçim gysýa, Mekan. Meni bazara äkit!
- Togsan ýaşda-da bir bazar bormy, ata, ýaramarsyň.
Sakal-murty bireyýäm ak kamyş bolsa-da entek bili bükülip, katdy o diýen ýaý bermedik goja hökümli dillendi.
- Ýarap-ýaramany meniň ýülügim siziňki ýaly azot garyndyly däl. Äkitmeseňiz jontuk eşek sag bolsun.
- Eýtseň «Döwran mirap, akylyndan azaşypdyr» diýip ili üstüňden güldirsiň.
Gülse gülüp geçsin. Bazara çykmaga göwnüm küýseg edýär.
Soñky günlerde iňňirdisi artan garry atasynyň raýyny Mekan şondan añry ýykjak bolup oturmady.
«Žiguliniň» öňüne apalap mündürensoň, ony şähere alyp gitdi. Ýöne märekeden hyň berýän bazaryň çetinden girenlerinde bir pursat daýanan goja aňkardy galdy.
- Bä-ä, bi nebela mähelle, ozal beýle köp adam bolmaýady-la. Ýeri, oglum, et satylýan dükana baraýaly.
Ahmal bolsaň müşderisiniň jürüni berjek bolup, dişini çarhlap duran gassaplary bir hatar synlansoň ol pişge murt, ziňňirt ýigide:
- Ogul, Ysmaýyl gassap barmydyr?
"Bu mürşük garry herne akylyndan azaşaýana däldir- dä», diýen manyda Mekanyň ýüzüne sereden satyjy
herhal morta jogap bermedi. Mylakat etdi.
- Ol soraýan adamyň, atam, bireýýäm bende boldy.
Onuň inisi Ybraýym gassap berin barmydyr?
diýende, satyjy başyny ahmyrly ýaýkap goýberdi.
-O-da topraga garyldy.
Goja şondan aňry o ýerde eglenmedi. Mal bazaryna baryp Ýusup dellal, Öre gazykçy, Şerip nanbaý, Ämet suwçy dagyny görmekçidi. Arman, deň-duşlarydyr
tanyş-bilişleri o ýerde-de gözüne ilmedi. Lapykeç bolan Döwran mirap bir salym agyr oýa batansoň çowlugynyň ýüzüne melul garap, gynançly dem aldy.
- Ýeke özümiň galanymy bilmän ekenim, oglum. Ýör, öýe gaýdaly!


Hangeldi GARABAYEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy.
30
151
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, bolya sagbol yatyyn men
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, kim birinji gorse şo gutlarda
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, bolañsoñam gutlarn hokman
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, tuweleme bol bol, nesip edenden,, gutly bolsun öñinden gutlayyn
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, howwa gellik oza, postlary dowam etdirmeli
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, turkmeniñ meshur sozi: "onki gulluk onki dulluk" diyilyani mende, taz yok
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, bolya gelern hokman, nam ün alada edyan))
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, howwala saglyk bolsa galan zat tapylarlay. nam tazelik onnon
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, yo dogry aytyan sen, bilyaniñi aytmak kämilligiñ alamaty minnetdar kop kop
Islam_Atayew
25 May 2024
@sadajaaa, hä howwa,, bolya ugruna cykarn bir gun,, yitse yene birini acarsda name:-)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.