Imissyou
26.11.2023 09:44
Gowy görýän adamlarymyň ýene birini jaýlap gaýtdyk.
Özüňe ýakyn hasaplaýan adamlaryň ýok bolman, olaryň diňe dünýesini çalyşandygyny bileniňde, muňa çyn ýürekden ynananyňda, bu ynanç-ygtykat düşünjesi seniň sönen çyra mysaly ruhuňy birdemde ýagtaldyp gidýär. Çyra ýanmak üçin bar edilipdir. Ruh çyrasynyň ýüzündäki ylahy tejellileriň ähmiýetidir mazmuny diňe ynanç nurunyň ony tutaşdyran mahaly ýüze çykýar. Ynsan özüniň ruh aýnasyna şöhlelenýän ylahy atdyr-isimleri diňe imanyň saýasynda okap bilýär. Şol atlar okalmasa ebedilik üçin sünnälenip ýasalan ynsan, döwrüň materialistik dili bilen aýdanyňda, diňe nerwlerdir duýgylardan, beýniň çylşyrymly signallaryndan ybarat pany, gymmatsyz biologik mahluga öwrülýär. Adam mydama öz gymmatyny özi gaçyrýar. Beden agzalaryndan başlap ruhunyň her bir tikesine çenli diňe ebedilik, bakylyk üçin ýaradylan ynsan oglynyň özüni harlamagyndan has uly tragediýa bolup bilermi eýsem?!
28
99
Imissyou
26.11.2023 06:26
Ýeňişleriň atasy – soltan Alp Arslan

Soltan Alp Arslan Malazgirt ýeňşinden soň tabynlykdan çykyp, özbaşdak hereket edip ugran garahanlylaryň üstüne ýöriş etdi. Alp Arslanyň goşuny Samarkanda ýakyn bolan Zerin (Barzam) galasyny gabawa saldy.  

Galanyň häkimi horezmli Ýusup seljuklara güýçli garşylyk görkezdi. Galanyň synmagyny esli wagt yza tesdirdi. Birnäçe günläp dowam eden gabawdan soň galany eýelän Alp Arslan özüne garşylyk görkezendiginiň sebäbini bilmek üçin horezmli Ýusuby huzuryna çagyrdy. Ýusup özüne ýüzlenen soltana gödek sözler bilen jogap berdi. Ýusubyň äsgermezçilik edişine soltanyň gahary gelip, onuň üstüne azgyryldy. Ýusup puşman bolmagyň deregine pursatyny peýläp, hanjaryny çykardy-da Alp Arslanyň üstüne topuldy. Emma goragçylar ony saklap ýetişdiler. Soltan onuň göýberilmegini buýurdy. Ýaýyny bir çekdi welin, ok Ýusubyň gulagynyň edil düýbünden geçip gitdi. Alp Arslanyň maksady ony öldürmek däl-de, gözüniň oduny almakdy. Name üçindir ol galany uly gahrymanlyk görkezip goran bu ýigidi öldürmek islemändi. Ýogsam, onuň okunyň hiç nyşana degmedik wagty ýokdy, islese Ýusubyň ýüreginden parran geçirip biljekdi. 

Horezmli Ýusubyň bir ok paýy bardy. Ýöne jany berenem, alanam Allady. Alp Arslan bu ýigidi öldürmän, ony bagyşlap, dost edinip öz tarapyna çekmek isleýärdi. Sebäbi soltan güýçlükä bagyşlamagy başarýan mertlerdendi. Ol şeýle zatlaryň pikirini edip durka, horezmli Ýusup sag bolsun aýtmak we soltanyň donunyň etegini öpmek bahanasy bilen tagtda oturan Alp Arslanyň ýanyna bardy-da, duýdansyzlykda ädiginiň içinde duran pyçagy sogrup alyp, soltanyň böwründen sokdy. Goragçylar zäherli pyçagy bilen soltany ýaralan Ýusuby duran ýerinde öldürdiler. Emma iş işden geçipdi.

Soltan Alp Arslan ölüminiň kem-kemden ýakynlaşýandygyny duýýardy. Ol bir pursatlyk hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) jennet bilen buşlan käbir sahabalarynyň şehit bolşy hakynda pikir etdi. Adalatlylygy, ynsanlara eden haýyrly hyzmatlary bilen ýatlanýan hezreti Omaryň, Kuranyň ýaýylmagy üçin bitiren işleri we kämil ahlagy bilen tanalýan hezreti Osmanyň, gahrymanlygy, ylmy, yslamyň ýaýylmagy ugrunda eden yhlasy bilen yz goýan hezreti Alynyň hem pyçaklanyp şehit edilendigini ýatlady. Şonda soltanda olaryň hataryna goşulmaga bolan umyt uçgunlary peýda boldy. 

Ylahy kysmat amala aşdy. Kazasynyň dolandygyny aňan soltan Alp Arslan:

– Bir wagtlar bir garry dana maňa şeýle öwüt beripdi: «Sen hiç haçan ulumsylyk edip, özüňi beýik görme!» Men şu öwüdi ýadymdan çykaraýdym öýdýän. Goşunymyň köplügine seredip, maňa hiç kimiň garşy durup bilmejegini pikir etdim. Ätiýajy elden berip, Ýusuby saklatmadym. Öz hatam bilen ölýän – diýip, kelemesini öwürdi. Az wagtdan soň söweşlerden, ýeňişlerden doly bir ömür bu dünýe bilen hoşlaşdy. 

Soltan Alp Arslan duşmanyna jeza bermegiň ýerine ony bagyşlaýan pygamberimiziň (s.a.w) ahlagyny nusga edinen kişidi. Sebäbi ol ýagşylyk etmek üçin ýekeje mümkinçiligi-de sypdyrmaýan Allanyň gullaryndandy, pygamber aşygydy.

Ol hemmeleriň hormatyny, söýgüsini gazanan hökümdardy. Özüniň hal-hereketi, gahrymançylygy, ynsanperwerligi, haýyrsöýerligi, dindarlygy bilen ýüreklerde orun aldy. Ýetimi, garyby gorap, olara goltgy berdi. Her ýerde medrese açyp, Seljuk döwletinde ylym-bilimiň we medeniýetiň ösmegine uly hyzmat etdi. 

Soltan Alp Arslan hemişe belent maksatlar bilen ýaşady. Allanyň adyny bütin äleme ýaýmak üçin jan etdi. Merhemeti, beýik adamkärçiligi bilen eýelän topraklarynda ýaşaýan ynsanlara özüni söýdürdi. «Ýeňişler Allanyň peşgeşidir. Bizem Onuň guly» diýen ýörelgä eýerip ýaşady. Şeýdip, maddy ýeňiş bilen birlikde ruhy ýeňiş hem gazandy. Şonuň üçin hem ol «Ýeňişleriň atasy» diýlip atlandyryldy. 

Beýik Alla ondan razy bolsun! Guburyny ýagty, jaýyny jennet eýlesin!
31
78
Imissyou
26.11.2023 00:01
Göriplik hem göripler hakynda.

Görýäň, adamlara içgin bakaňda,
Göriplerem az duşanok jahanda.

Göriplik gurçugy kalbyny iýýän
adamy tapylmaz sylaýan, söýýän.

Göriplik gylygy gülli göz ýaly,
Başga keşpde görkezýändir özgäni.

Ýaramaz gylygna berip owsaryn,
Arasyny açmaz näçe kowsaňam.

Oň gözlerne erbet bolup görünýän
Adam tüýs bagtly—bezegi dünýäň.

Ýalnyň ýok edişi ýaly oduny,
Bu gylygam zaýalaýar adamy.

Aý nur saçýar depesinden dünýäniň
Ýöne görip itiň oňa üýrýänin

Görýänsiňiz.
Hatda ýaryganatam
Ýigrenýändir Güni—dünýäň zynatyn.

Şol ite hem ýaryganata öýkünip,
Kim at aljak bolsa göge tüýkürip,

Güne ýetmez,
Gaýta ýüzüne düşer…
Akly bolan adam sözüme düşer.
21
71
Imissyou
25.11.2023 21:56
Günlerden bir gün zalym häkim Hajjaj köşkünden daşaryny synlap otyrka, elleri pildir kerkili birgiden adamyň başagaý bolup ýer gazyp durandygyny görüpdir. Hajjaj geň galyp, olaryň ýanyna barypdyr-da:

– Siz bu ýerde näme edýäňiz? – diýip sorapdyr. Onsoň, ýer gazyp duranlaryň arasyndan ekabyrragy öňe çykyp:

– Hezreti Omaryň adalatyny gözleýäris – diýip jogap beripdir. Hajjaj muny eşidip, sesini çykarmandyr-da sen-men ýok özüne bir pil getirdipdir. Ýeňini çermäge-de piliň gulagyna zor salyp başlapdyr hem welin, indi bu sapar adamlar geň galyp, ondan:

– Seniň edýäniň näme? – diýip sorapdyrlar. Şonda zalym Hajjaj olara şeýle jogap beripdir:

– Hezreti Omaryň halkyny gözleýärin.
30
85
Imissyou
25.11.2023 17:09
ÝADYGÄRLİK GALSYN

Serediň adamlar, sözleýär asman,
Sözleýär seslenip mawy bulutlar.
Serediň, serediň, baksaňyz her ýan,
Sözleýär seslenip bägüller, otlar.

Derýalar möwç urýar, deňizler joşýar,
Tolkunýar ol, mawy asman tolkunýar.
Tolkuna ýyldyzlaň suraty düşýär,
Serediň dostlarym, güneş galkynýar!

Toplanyşyp gökden uçýar durnalar,
Saýraýar serçemen baglaň guşlary.
Ganatlaryn gerip geçýär durnalar,
Seslenýär daglaryň belent başlary.

Bat bilen silkinip sözleýär Watan,
Näletläp ol elhenç atom bombasyn.
Ynsanlara gülüp gözleýär Watan,
– Eşitmek islämok! – bombalaň sesin.

Gaýtalaýar muny enem – mähriban,
Gaýtalaýar çagalar dürli dillerde.
Atom bilen ýandyrylsa bu jahan,
Aýdyň ahyr, mekan tutjak nirede?

Goý, güneş parlasyn, tebigat gülsün,
Ynsanlaň öňünde çöksün ol dyza.
Biziň döwrümizden ýadygär galsyn,
Päk parahat asman nesillerimize!

ANNASOLTAN KEKILOWA
35
168
Imissyou
25.11.2023 13:24
Taryhy çeşmelerde aýdylmagyna görä, bir adam Ybraýym Edhemiň ýanyna gelip:

— Eý, Ybraýym, maňa nesihat ber – diýipdir. Ol:

— Hudaýtagala bilen dost bol! Dünýäni terk et! Dostlaryň bilen dünýä babatda bahylçylyk etme! Duşmanlaryňa bolsa ahyret babatda sahylyk görkezme! Çünki, bu zeýilli bahyllyk saňa bahana bolmaz, ol sahylyk sebäpli hem hiç kim seni öwmez – diýipdir. Ýaňky adam:

— Eý, Ybraýym,  sen mydama gamly görünýäň-le? – diýipdir. Ybraýym hezretleri oňa:

— Biz behiştde ýaşan adamlardyk, ýagny Adam aleýhisselamyň bilinde behiştde ýaşaýardyk. Käbir sebäplere görä, bu dünýä gelip, myhman bolduk we Iblisiň ýesirine öwrüldik. Gaýry watanda ýesirlikde gezip ýören adam öz watanyna dolanyp barandan soň şatlanýandyr – diýipdir.
42
198
Imissyou
25.11.2023 10:43
Ýadyňdamy dostym maý aýynyň gijesi.
Meniň sagat wagtym seň piýan wagtyň.
Boşanda araklaň ençe çüýşesi,
Görogla at dakýan Adybeg wagtyň.


Bulgurlar çakyşyp ses köpelýärdi,
Saglardan piýanlar has köpelýärdi,
Şo wagt edermen-edermen dost köpelýärdi,
Dolduryp stakanlaň göterilýän wagty.

Şo toýdan ikimiz gaýdypdyk bile,
Ýolda hiç bir zat görünenokdy göze,
Sen diýdiň: "şu wagt taý ýokdyr bize"
Gatnawlar azalyp il ýatan wagty.

Şol wagt sen piýan men bolsa sagat,
Seretsem gije 2 bolupdyr sagat,
Şeýdip polisýada gelipdik gabat,
"Gaçaly" -diýip gyýgyran wagtyň.

Gaçyrman tutdylar ýolyňy baglap,
Maşyna dykdylar golyňy towlap,
Öýmize habar et diýipdiň aglap,
Depilim maşyna mündirlen wagtyň.

Şo wagt göründi ýüzüňde ünji,
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
Onsaň gaçdy dördünji onsoň bäşinji,
Şoldy iň mert wagtyň hem ejiz wagtyň,
On bäş sutga äkitmäýiň diýip ýalbaran wagtyň.

Dogry on bäş günden dolandyň sen soň,
Indi içmezlige äht etdiň onsaň,
Indi içmezlige äht eden bolsaň,
Hem-ä çagajyklaň bagty hemem öz bagtyň.
43
564
Imissyou
25.11.2023 10:21
ÝIGIDI ENDIGINDEN TANA!

Seni endigiň tanadýar. Seniň nähili adamdygyňy endikleriňe görä kesgitleýärler. Endikleriň köpüsi bolsa wagtyň geçmegi bilen häsiýete öwrülip gidýär. Täze tanyşlyklarda özüň barada näçe oňat gürrüňler etseň ediber, barybir adamlar seni tanamak üçin wagt talap ederler we wagtyň geçmegi bilen seni tanap başlarlar. Nädip tanarlar?! Elbetde, endikleriňe seredip tanarlar.
“Bir adamy tanajak bolsaň, uzak ýolda ýoldaş bol” diýen nakyl hem hut şu maksat bilen aýdylan bolmaly meniň pikirimçe. Uzak ýolda ýanyňdaky ýoldaşyňa özüňi bolşuňdan gowy edip görkezip bilmersiň, bu mümkin däl. Sebäbi ýol uzak, haýsy bir hereketiňe timar berjek?!
Onsoňam adamyň herbir hereketine ýasama görnüşde timar bermegi o diýen aňsadam däl. Sebäbi adam ýasama hereket etjek bolsa, her bir hereketine üns bermeli, seresaplyk bilen hereket etmeli. Bu seresaplygyň yzy gelmeýär, bir aýlap dowam etmegi hem mümkin, hatda ömürboýy dowam edibem biler. Içki dünýäsi bilen hereketleri arasynda gapma-garşylyk bar bolsa başga alajyň näme?! Endik bolsa içki dünýä bilen hereketleriň sazlaşmagydyr. Şeýle sazlaşykda adam özüni örän rahat duýýar. Beýni we aň kuwwatlygyna goşmaça ýük münmeýär, adam tebigy hereket edip bilýär.
Şol sebäpli-de men içi-daşy bir adamlara hormat goýýaryn. Hatda baryp ýatan bihepbe bolsa-da. Sebäbi bihepbe adam aslynda ýasama gowy görünýärlerden müň esse gowy…
35
113
Imissyou
24.11.2023 18:06
GÖWNÜM

Göwnüm ömrüm sakasy sen
Hyŷalyň älemde şadyr.
Men garybyň ŷekesi sen,
Ŷekäniň ŷary Hudadyr.

Turgul daňdanyň agynda,
Erenleň ören çagynda,
Perhadyň gazan dagynda,
Aşyk-magşukdan jydadyr.

Pelegiň ŷokdur pişesi,
Kalbyňy gyrçar teşesi,
Basar ŷatar endişesi,
Seriňde ŷüz müň söwdadyr.

Karar tapmaz sen ornuňdan,
İkli gan getir burnuňdan,
Ganymyň döräp garnyndan,
Ah, ertir üstüňe şadyr.

Ŷagşy umyt ŷodalarym,
Belki ertir idelerin,
Nazar diken didelerim,
Haŷyr ŷolunda gedadyr.

ŞÄHRIBOSSAN GELDIMÄMMEDOWA
30
31
Imissyou
24.11.2023 13:48
Kolizeý – Gadymy Rime degişli bolan amfiteatr ýadygärligidir. Bu ýadygärlik ýer ýüzündäki iň gadymy ýadygärlikleriň biri bolup, ,,Dünýäniň ýedi täsinlikleriniň’’ hataryna goşulan. Gadymy dünýädäki iň uly amfiteatryň gurluşygy 50 müňden gowrak adam kuwwaty bolan Flawian dinastiýasynyň imperatorlarynyň köpçülikleýin gurluşygy hökmünde sekiz ýylyň dowamynda bolup geçdi. Bu ýadygärligiň gurluşygy biziň eýýamymyzyň 72-nji ýylynda Wespasianyň buýrugy bilen gurulmaga başlandy. Amfiteatr Neronyň Altyn öýüne degişli howuzyň bolan ýerinde ýerleşipdir.

Bu ýadygärligiň adynyň nireden gelip çykandygy henizem jedelli. Adaty wersiýa görä, onuň ady ,,Ullakan, ägirt’’ sözünden gelip çykypdyr. Gadymy döwürlerde bu bina beýle atlandyrylmaýardy. Şeýlede bolsa, italýan taryhçysy E.W.Fýodorowyň belleýşi ýaly, italýan taryhçylary rim şiwesinde häzirki wagtda amfiteatryň Kolesso däl-de, Kolizeý diýlip atlandyrylýandygyna we şonuň üçin kolesso (ägirt) sözi bilen göni baglanyşygynyň ýokdugyna ünsi çekdiler. Kolizeý sözüniň Kollis Isaeum (Iseumuň ýerleşýän depesi) diýen sözden gelip çykandygyny öňe sürýärler.

Wespasian imperator bolmanka ýewreý gozgalaňyna gatnaşýar, soňra olar uruşda ýeňýärler we 71-nji ýylda Rime gaýdyp gelýärler. Wespasian imperator bolansoň Rimiň merkezini täzeden gurmak isleýär. Ol Neronyň köşgüniň golaýynda imperiýa institutlaryny ýerleşdirmek, halkyň güýmenjesi üçin amfiteatr gurmak kararyna geldi, onuň bu kararyna hemmeler razy boldy we durmuşa geçirilip başlady.
31
56