Imissyou
25.11.2023 17:09
ÝADYGÄRLİK GALSYN

Serediň adamlar, sözleýär asman,
Sözleýär seslenip mawy bulutlar.
Serediň, serediň, baksaňyz her ýan,
Sözleýär seslenip bägüller, otlar.

Derýalar möwç urýar, deňizler joşýar,
Tolkunýar ol, mawy asman tolkunýar.
Tolkuna ýyldyzlaň suraty düşýär,
Serediň dostlarym, güneş galkynýar!

Toplanyşyp gökden uçýar durnalar,
Saýraýar serçemen baglaň guşlary.
Ganatlaryn gerip geçýär durnalar,
Seslenýär daglaryň belent başlary.

Bat bilen silkinip sözleýär Watan,
Näletläp ol elhenç atom bombasyn.
Ynsanlara gülüp gözleýär Watan,
– Eşitmek islämok! – bombalaň sesin.

Gaýtalaýar muny enem – mähriban,
Gaýtalaýar çagalar dürli dillerde.
Atom bilen ýandyrylsa bu jahan,
Aýdyň ahyr, mekan tutjak nirede?

Goý, güneş parlasyn, tebigat gülsün,
Ynsanlaň öňünde çöksün ol dyza.
Biziň döwrümizden ýadygär galsyn,
Päk parahat asman nesillerimize!

ANNASOLTAN KEKILOWA
35
168
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@gul⁠✿, 👍🏻👍🏻
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@gul⁠✿, ýok. Regstrasiýa soranok.
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@gul⁠✿, olam kitapkana.kom da bolmaly. Ýöne haýsy kitapdan okanym ýadymda däl;(
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@tim_, hak men, hak mendedir, hak sözlerem.. diýeni üçin
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@gul⁠✿, o hakda-da bir ýerde hä bardy. Ýaňyşmasam ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna niýetlenen edebiýat gollanmamydy ýa edebiýat kitabymy? Ýadymda däl
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@gul⁠✿, Diri soýulan Seýit Nesimimi?
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@gul⁠✿, Salam. "Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi" kitapda da bar. www.kitaphana.com
tmyigit76
25 Noýabr 2023
@tim_, ýazyjylar terjimeçiler ş.m gelip bir goýun iýip gitýädi. Basa baslykdan soň adymyzy tutan bolmady...diýen sözleri aýaly aýdypmydy ýa dogany🤔
alma___
25 Noýabr 2023
Goy, gùneş parlasyn,tebigat gùlsin.👍👍
ahgg
25 Noýabr 2023
Syyasata ters gelya goşgylary diyip gün bermändirler shu görgülade
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.