Imissyou
25.11.2023 10:43
Ýadyňdamy dostym maý aýynyň gijesi.
Meniň sagat wagtym seň piýan wagtyň.
Boşanda araklaň ençe çüýşesi,
Görogla at dakýan Adybeg wagtyň.


Bulgurlar çakyşyp ses köpelýärdi,
Saglardan piýanlar has köpelýärdi,
Şo wagt edermen-edermen dost köpelýärdi,
Dolduryp stakanlaň göterilýän wagty.

Şo toýdan ikimiz gaýdypdyk bile,
Ýolda hiç bir zat görünenokdy göze,
Sen diýdiň: "şu wagt taý ýokdyr bize"
Gatnawlar azalyp il ýatan wagty.

Şol wagt sen piýan men bolsa sagat,
Seretsem gije 2 bolupdyr sagat,
Şeýdip polisýada gelipdik gabat,
"Gaçaly" -diýip gyýgyran wagtyň.

Gaçyrman tutdylar ýolyňy baglap,
Maşyna dykdylar golyňy towlap,
Öýmize habar et diýipdiň aglap,
Depilim maşyna mündirlen wagtyň.

Şo wagt göründi ýüzüňde ünji,
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji,
Onsaň gaçdy dördünji onsoň bäşinji,
Şoldy iň mert wagtyň hem ejiz wagtyň,
On bäş sutga äkitmäýiň diýip ýalbaran wagtyň.

Dogry on bäş günden dolandyň sen soň,
Indi içmezlige äht etdiň onsaň,
Indi içmezlige äht eden bolsaň,
Hem-ä çagajyklaň bagty hemem öz bagtyň.
43
564
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, okey😂
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, yañy Imissyou nm ucin dowlet diydi onda🙄🤔
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, hawa🤣🤣
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, yoo şu wagt yañy şok gecirdm 1 2 muntluk şondan cykyp bilemok🤣🤣
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, şu wagtam gülkim gelyärä😂😂🤦‍♀️
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, hä seytsene😂tansanma şat😊
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, hawa🤣🤣🤦‍♀️
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, yokla hic zadam bolanok😂 Mnm Aknabat 2005
nabat_
1 Dekabr 2023
Men gyzmykanyz dip oturna halden barii🤣
nabat_
1 Dekabr 2023
@Bitter, siz gyz dälmii🙄🙄🤦‍♀️🤦‍♀️😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.