Imissyou
26.11.2023 06:26
Ýeňişleriň atasy – soltan Alp Arslan

Soltan Alp Arslan Malazgirt ýeňşinden soň tabynlykdan çykyp, özbaşdak hereket edip ugran garahanlylaryň üstüne ýöriş etdi. Alp Arslanyň goşuny Samarkanda ýakyn bolan Zerin (Barzam) galasyny gabawa saldy.  

Galanyň häkimi horezmli Ýusup seljuklara güýçli garşylyk görkezdi. Galanyň synmagyny esli wagt yza tesdirdi. Birnäçe günläp dowam eden gabawdan soň galany eýelän Alp Arslan özüne garşylyk görkezendiginiň sebäbini bilmek üçin horezmli Ýusuby huzuryna çagyrdy. Ýusup özüne ýüzlenen soltana gödek sözler bilen jogap berdi. Ýusubyň äsgermezçilik edişine soltanyň gahary gelip, onuň üstüne azgyryldy. Ýusup puşman bolmagyň deregine pursatyny peýläp, hanjaryny çykardy-da Alp Arslanyň üstüne topuldy. Emma goragçylar ony saklap ýetişdiler. Soltan onuň göýberilmegini buýurdy. Ýaýyny bir çekdi welin, ok Ýusubyň gulagynyň edil düýbünden geçip gitdi. Alp Arslanyň maksady ony öldürmek däl-de, gözüniň oduny almakdy. Name üçindir ol galany uly gahrymanlyk görkezip goran bu ýigidi öldürmek islemändi. Ýogsam, onuň okunyň hiç nyşana degmedik wagty ýokdy, islese Ýusubyň ýüreginden parran geçirip biljekdi. 

Horezmli Ýusubyň bir ok paýy bardy. Ýöne jany berenem, alanam Allady. Alp Arslan bu ýigidi öldürmän, ony bagyşlap, dost edinip öz tarapyna çekmek isleýärdi. Sebäbi soltan güýçlükä bagyşlamagy başarýan mertlerdendi. Ol şeýle zatlaryň pikirini edip durka, horezmli Ýusup sag bolsun aýtmak we soltanyň donunyň etegini öpmek bahanasy bilen tagtda oturan Alp Arslanyň ýanyna bardy-da, duýdansyzlykda ädiginiň içinde duran pyçagy sogrup alyp, soltanyň böwründen sokdy. Goragçylar zäherli pyçagy bilen soltany ýaralan Ýusuby duran ýerinde öldürdiler. Emma iş işden geçipdi.

Soltan Alp Arslan ölüminiň kem-kemden ýakynlaşýandygyny duýýardy. Ol bir pursatlyk hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) jennet bilen buşlan käbir sahabalarynyň şehit bolşy hakynda pikir etdi. Adalatlylygy, ynsanlara eden haýyrly hyzmatlary bilen ýatlanýan hezreti Omaryň, Kuranyň ýaýylmagy üçin bitiren işleri we kämil ahlagy bilen tanalýan hezreti Osmanyň, gahrymanlygy, ylmy, yslamyň ýaýylmagy ugrunda eden yhlasy bilen yz goýan hezreti Alynyň hem pyçaklanyp şehit edilendigini ýatlady. Şonda soltanda olaryň hataryna goşulmaga bolan umyt uçgunlary peýda boldy. 

Ylahy kysmat amala aşdy. Kazasynyň dolandygyny aňan soltan Alp Arslan:

– Bir wagtlar bir garry dana maňa şeýle öwüt beripdi: «Sen hiç haçan ulumsylyk edip, özüňi beýik görme!» Men şu öwüdi ýadymdan çykaraýdym öýdýän. Goşunymyň köplügine seredip, maňa hiç kimiň garşy durup bilmejegini pikir etdim. Ätiýajy elden berip, Ýusuby saklatmadym. Öz hatam bilen ölýän – diýip, kelemesini öwürdi. Az wagtdan soň söweşlerden, ýeňişlerden doly bir ömür bu dünýe bilen hoşlaşdy. 

Soltan Alp Arslan duşmanyna jeza bermegiň ýerine ony bagyşlaýan pygamberimiziň (s.a.w) ahlagyny nusga edinen kişidi. Sebäbi ol ýagşylyk etmek üçin ýekeje mümkinçiligi-de sypdyrmaýan Allanyň gullaryndandy, pygamber aşygydy.

Ol hemmeleriň hormatyny, söýgüsini gazanan hökümdardy. Özüniň hal-hereketi, gahrymançylygy, ynsanperwerligi, haýyrsöýerligi, dindarlygy bilen ýüreklerde orun aldy. Ýetimi, garyby gorap, olara goltgy berdi. Her ýerde medrese açyp, Seljuk döwletinde ylym-bilimiň we medeniýetiň ösmegine uly hyzmat etdi. 

Soltan Alp Arslan hemişe belent maksatlar bilen ýaşady. Allanyň adyny bütin äleme ýaýmak üçin jan etdi. Merhemeti, beýik adamkärçiligi bilen eýelän topraklarynda ýaşaýan ynsanlara özüni söýdürdi. «Ýeňişler Allanyň peşgeşidir. Bizem Onuň guly» diýen ýörelgä eýerip ýaşady. Şeýdip, maddy ýeňiş bilen birlikde ruhy ýeňiş hem gazandy. Şonuň üçin hem ol «Ýeňişleriň atasy» diýlip atlandyryldy. 

Beýik Alla ondan razy bolsun! Guburyny ýagty, jaýyny jennet eýlesin!
31
78
kizi
4 Yanwar 2024
Menem taryhcy yatn yeri yagty bolsun
seljukly
26 Noýabr 2023
Yatan yeri yagty bolsun jayy jennet bolsun
pearll
26 Noýabr 2023
Amin
okan
26 Noýabr 2023
Ämin allajan 🤲
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.