Imissyou
19.12.2023 12:38
Häzire çenli iň güýçli Gün partlamasy boldy!

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy bolan «NASA» Günde häzire çenli iň güýçli partlamanyň bolup geçenligini, bu güýçli partlama netijesinde Ýerde radio signallarynyň öçendigi käbir ýerde aragatnaşygyň ýitenligini mälim etdi.

Gündäki bu güýçli partlama NASA-nyň Gün dinamika obserwatoriýasy tarapyndan 15-nji dekabrda hasaba alyndy. Soňky gezek şeýle ýöne bu gezekkiden biraz pes Gün partlamasy 2017-nji ýylda bolupdy.

Partlamanyň Günüň demirgazyk-günbatar sebitinde bolandygyny mälim eden obserwatoriýa işgärleri, ultramelewşe ýagtylygyň we energiýa partlamasynyň ýokary derejesini anykladylar.

ABŞ-nyň Milli Okean we Atmosfera Dolandyryşy (NOAA) tarapyndan berlen beýanatda partlamanyň netijesinde uly alawyň dörändigi mälim edilýär. Hünärmenler şeýle äpet güýçli partlamanyň Ýerdäki ýokary ýygylyklara täsir etmek üçin ýeterlik derejede uludygyny aýdýarlar.

Beýanatda uçarmanlaryň köpüsiniň aragatnaşyk liniýasynda näsazlyklary başdan geçirendikleri we gün şöhlesiniň täsirleriniň tutuş dünýäde duýulýandygy habar berildi.

NOAA-nyň kosmos howa maglumatyny çaklaýyş merkezi partlamanyň radio aragatnaşygyny wagtlaýyn öçürendigini mälim etdi.
30
86
Imissyou
19.12.2023 09:25
Biodürlülik sammiti 2024-nji ýylda Kolumbiýada geçiriler.

Günorta Amerikada ýerleşýän Kolumbiýada 2024-nji ýylda “Biodürlülik sammitiniň” (COP16) geçiriljekdigi habar berildi.

Berlen beýanatda Kolumbiýanyň biologiki dürlüligi boýunça dünýädäki iň baý ýurtlaryň biridigi we Kolumbiýanyň Prezidentiniň biologiki dürlüligi goramak we aýawly saklamak üçin halkara derejesinde tagalla edýändigi mälim edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Biologiýa dürlüligi baradaky konwensiýasynyň wagtlaýyn prezidenti Deýwid Kuper öz beýanynda: “Kolumbiýa hökümetiniň COP16-ny kabul edýändigine begenýäris. Kolumbiýanyň birnäçe wagtdan bäri ägirt uly biologiki dürlüligi özünde jemleýändigini ýadymyzdan çykarmaly däldiris.” – diýip belläp geçdi.

Kolumbiýanyň daşky gurşaw we durnukly ösüş ministri hem COP16-ny kabul edýändiklerine begenýändigini aýtdy we “Bu, dünýäde biodürlüligi baý ýurtlaryň biri bolan Kolumbiýa üçin uly bir pursat bolar” -diýip belläp geçdi.

Kolumbiýada geçiriljek COP16 sammitine 200 ýurtdan wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Sammitde planetany goramak baradaky taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar.
24
42
Imissyou
19.12.2023 05:16
Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, çagalar günde 300-400 gezek gülýärler. Uly adamlar bolsa 15-20 gezek gülýärler.

Gülkini öwrenýän ylma geotologiýa diýilýär.

Gülki öýkenimizi arassalaýar.
Çünki biz gülen wagtymyz uludan hem-de çuň dem alýarys.

Adam gülen halaty onda bagt garmony endorfin bölünip çykýar. Bagt garmony diňe bir keýpimize täsir etmän, eýsem, agyrymyzy hem aýyrýar.

Gülkiň artykmaç agramy aýyrmakda uly haýry bar. Alymlaryň bellemegine görä, günüň dowamyndaky 15 minutlyk gülki, hepde-de üç gezek ýerine ýetirilýän 30 minutlyk beden maşklarynyň ýerine tutup bilýär.

Gülki, iň gowy dynç alyşdyr. 5 minut gülki 30-40 minut dynç alşyň ýerine tutmaga ukyply.

Köp adamlar gülküden ýüze ýygyrt düşýär diýip çaklaýarlar. Emma bilermenleriň aýtmagyna görä, gülki ýüzdäki myşsalary berkidýär, onuň deriniň sagdyn hem-de ter saklanmagynda uly ähmiýeti bardyr.

Zenanlar erkeklere görä has köp gülýärler.Germaniýada ýörite masgarabaz-lukmanlar bolup, olar gülkiň üsti bilen agyr näsaglary bejerýärler.

Gülki örän ýokançly närsedir. Deňiňizden geçip barýana ýylgyrsaňyz, ol hem size hökman ýylgyryş bilen jogap berer!
30
68
Imissyou
18.12.2023 20:56
Himýa we fizikadaky mysallar maňa şeyle
görünýär: Iki sany düýe uçup barýar, biri sary
beýlekisi çepe. Yada: bir kilo asfaltyň agramy
näçe.🤣🤣🤣


Kwartiramda aýlanýan we Merjeni çagyryan
"'nirede meniň şa aýalym?".
Tuwaletden jogap gelýär "men tagtda otyryn".🤣🤣🤣

Taýýarlan:
@Imissyou
50
497
Imissyou
18.12.2023 17:36
Asmanda guşum meniň,
Sen ýürekdeşim meniň,
Ömrüm saňa bagladym,
Gel syrdaşym meniň.


35
48
Imissyou
18.12.2023 13:36
Birinji bap

Köne patyşanyň syry

Bir wagtlar köne Patyşa bardy. Ol ölende Patyşa boljak ogly ýokdy. Halky gaty alada galýardy.

«Indiki Patyşa kim bolar?» diýip soradylar. Emma patyşa ölmezinden ozal bir syry açdy: ýekeje gyzy, şazadanyň çagasy bardy. Gizlinlikde, ol adaty bir adama durmuşa çykdy we olaryň bir ogly boldy. Käbir adamlar adamsynyň suratkeşdigini, käbir adamlar onuň sazandadygyny aýtdylar. Emma şahsyýeti syrdy we gizlin ogly hakda hiç kim bilmeýärdi.

Çaga bir hepde bolanda ejesi uklap ýatyrka käbir erkekler ony alyp gitdiler. Şazada derrew öldi. Käbir adamlar gynanç üçin aýtdylar. Beýleki adamlar kimdir birine bir käse şerapda zäher berendigini aýtdylar. Erkekler çagany gaty garyp maşgalada galdyrdylar. Bu garyp maşgala tokaýda ýaşaýardy we oglan çopan boldy. Ol bütin gün geçilere seredýärdi.

Köne Patyşa möhüm bir karar berdi: "Men ölenimde oglan täze Patyşa bolmaly". Hyzmatkärlerini tokaýa iberdi. «Oglany tap we şu ýere getir».

Hyzmatkärler oglany tapyp, köşge getirdiler. Oglan gelende gaty begendi. Derrew töweregindäki ähli owadan zatlara aşyk boldy. Köne deri köýnegini çykardy we ajaýyp täze eşiklerini geýdi. Soňra bolsa galany öwrenip başlady. Köşkdäki ähli ajaýyp heýkellere, suratlara we şaý-seplere haýran galyp, otagdan otaga ylgady. Şäheriň ýaşaýjylary ol hakda gürleşdiler: "Kingaş şa bütin wagtyny heýkellere haýran galýar" diýdiler. "Gözellik we sungat onuň üçin iň möhüm zatlar." Aslynda, ýaş şa owadan zatlar bilen şeýle bir gyzyklanypdyr welin, olardan has köp zat isläpdir. Pil süňküni we jade satyn almak üçin söwdagärleri Hindistana iberdi. Persia ýüpek halylary we beýlekileri demirgazykda amber tapmak üçin Persiýa iberdi. Müsür şalarynyň jadyly mazarlarynda ýaşyl firuzeli gözlemek üçin hyzmatkärleri iberdi.

Kingaş şa bu zatlaryň hemmesi hakda oýlandy, ýöne iň esasysy, täç geýimi hakda pikir etdi.

On alty ýaşyndady we ertesi gün onuň täç geýdirildi. Ol gaty begendi, sebäbi owadan altyn täç eşigi, ýakut täji we merjen hasasy bardy. Erkeklere täç geýimlerini taýýarlamak üçin gije-gündiz işlemegi buýurdy. "Täçim üçin iň uly ýakut we hasam üçin iň owadan merjen gözläň" -diýdi.

Kingaş şa owadan ýatylýan otagynda bolup, täç geýimleri hakda pikirlenýärdi. Gijeki wagtdy we töweregine göz aýlady. Otag kümüşden, altyndan we owadan reňklerden dolydy. Penjireden yaseminiň atyrynyň ysyny alýardy, bir gijäniň aýdymyny eşidýärdi we aýyň şöhle saçýandygyny görýärdi. Hyzmatkärler gelip, ýassyklaryna gül ýapraklaryny goýdular. Ol gaty begendi. Ertir onuň täç güni boldy. Lýutasynda owadan saz çaldy we ýary gije gözüni ýumdy we uklamaga gitdi. Şol gije ýaş Patyşa düýş gördi.


Iňilis dilinden terjime eden: Ýazgeldi Berdiýew

📌Bellik: Ýalňyş terjime edilen ýer bolsa bagyşlaň!
27
93
Imissyou
18.12.2023 10:00
DÜÝŞ GÖRDÜM...

Düýş gördüm,
Düýşümde giñ giden düzlük,
Düzligi hem syrap örtüpdir ak gar,
Ne beýik, ne- de pesi saýgardýar,
Diñe görünýardi garalyp yzlar,
Ýüzüni gar ýagyp ýapypdyr biraz...
Tanyş yz.
Onda-da has yssy maña,
Çagakam şol yzlarda kän gezek ýördüm.
Şol giñ ädilen aýak yzlary öz ädimimde ätlejek boldum.
Birde basyp, birde çümüp garada...
Atam bilen ýasanardym garadam,
Ah günler, hezil günlerim...
Ne aladam bardy ne-de bir gamym,
Özümçe bir hokga tapar ýörerdim,
Keýpine,
Gar üstüne berip agramym,
Asmana seredip garyñ ýagşyna, synlardym
Añkaryp çal bulutlaram...
Arasynda gulak asmazlyk edip, çoñka oturyp,
Iýerdim, gardan özümçe gizlin,
Aý, olam bahana
keselejek bolmagada bir hile...
Nähili gowy düýş!
Örän ajaýyp...
Oýanmajak boldum...
Düýş boldy gaýyp...

© Remezan MÄMETGURBANOW.
23
42
Imissyou
18.12.2023 06:26
BOMBA PARTLAP GITDI...

Bomba partlap gitdi...
asuda oba,​
ot düşdi.
​ Asmany örtdi çañbulut.​
Böleklenen gurjagyny göterip,​
Gyzjagaz ýarymýaş göwünlik berip,
Ýüz gözüniñ çyrşagyny süpürip,
Gurjagyn sypaýar başyny ýaýkap,
Güñleç güwwüldili sesiñ derdinden,
Çagajygyn eşdilmedik sözi kän...
Doga edýär, dileg edýär bir demde...
Kän zat hakda söz açypdy ol çaga,
Pyşyrdysy​ ýitip gitýär howada,
(Heý, barmyka melek sypat gowadam)...
Betbagtçylyk hökümni ýöretdi Gaza.

Gyzjagazyñ aýdan ýekeje sözi,
Her bir ynsan ýüregine siñipdi.
"Gurjagym darykma! Allañ özüne,
Arzym aýtjak..."
Soñ bomba partlap gitdi...

© Remezan MÄMETGURBANOW​.
26
36
Imissyou
17.12.2023 21:23
MEN AJAL BILEN DOST BOLDUM...

Men ajal bilen dost boldum,
Dostlugymyz berkeşipdi günsaýyn.
Eger islän çagy janym sorasa,
Razy men dostum üçin, jan bermä taýyn.

Ol adaty adamlar ýaly,
Emma,
Edýän işine ussat.
Men ony çagyrýan gelenok neçün,
Gelmegni isleýän...
Ýüregim gysýa...
Ikimiziñ dostlugymyz müdümi,
Ol söz berdi.
Menem söz berdim oña.
"Gerek wagty senden janyñ sorajak"
Diýdi-de, myssa ýylgyrdy maña.

Ýeri dostum!
Goý seniñ diýeniñ bolsun!
Göz sorasañ ikisinem bereýin,
Jan gerekmi?
Şu wagt diýseñem taýyn.
Menem saña birje haýyş soraýyn!
Menden öñ almagyn başgalañ janyn...

© Remezan MÄMETGURBANOW.
29
27
Imissyou
17.12.2023 18:10
"ARAK IÇEŇDE" (degişme goşgy). Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,

(Munça içmekligiñ ýokdy geregi)
Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,
çenden aşa köp içende aragy.

çüýşleriñ sany bolupdyr elli,
Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,
Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,
çenden aşa köp içende aragy.

Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,
Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,
Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,
çenden aşa köp içende aragy.

Jülgedir,Awaza hem-de ak bugdaý,
Garyşdyryp içdiñ ine-de ýagdaý,
şo gün dogmaly gün,üç gün soñ dogdaý,
çenden aşa köp içende aragy.

şol araklar aksa derýa bordy giñ,
Ikinji orunda galsa gerek Nil,
özüñe gelensoñ gözlediñ pahmil,
çenden aşa köp içende aragy.

Eşikleriñ trýapka-da ýaramaz,
Arak ýörär damarda gan ýöremez,
Iki üç hepdeläp heleý garamaz,
çenden aşa köp içende aragy.

Dostlaryñam hezil edip güldüler,
şo gün seniñ kimdigiñi bildiler,
(hormat edip) kamerada Aldylar,
çenden aşa köp içende aragy.

ýakynda bolupdyñ edara başlyk,
Nebisiñ baýnady köp etdiñ hoşluk,
şeýdip iş ornuñda döredi boşluk,
çenden aşa köp içende aragy.

Bir günlük keýp üçin işiñem gitdi,
(şo gün urupdyrlar) dişiñem gitdi,
Bu goşgy sen hakda,
Al!
Oka!
Bitdi...
"ÇENDENAŞA KÖP IÇENDE ARAGY"
38
241