Imissyou
18.12.2023 10:00
DÜÝŞ GÖRDÜM...

Düýş gördüm,
Düýşümde giñ giden düzlük,
Düzligi hem syrap örtüpdir ak gar,
Ne beýik, ne- de pesi saýgardýar,
Diñe görünýardi garalyp yzlar,
Ýüzüni gar ýagyp ýapypdyr biraz...
Tanyş yz.
Onda-da has yssy maña,
Çagakam şol yzlarda kän gezek ýördüm.
Şol giñ ädilen aýak yzlary öz ädimimde ätlejek boldum.
Birde basyp, birde çümüp garada...
Atam bilen ýasanardym garadam,
Ah günler, hezil günlerim...
Ne aladam bardy ne-de bir gamym,
Özümçe bir hokga tapar ýörerdim,
Keýpine,
Gar üstüne berip agramym,
Asmana seredip garyñ ýagşyna, synlardym
Añkaryp çal bulutlaram...
Arasynda gulak asmazlyk edip, çoñka oturyp,
Iýerdim, gardan özümçe gizlin,
Aý, olam bahana
keselejek bolmagada bir hile...
Nähili gowy düýş!
Örän ajaýyp...
Oýanmajak boldum...
Düýş boldy gaýyp...

© Remezan MÄMETGURBANOW.
23
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.