Imissyou
19.12.2023 05:16
Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, çagalar günde 300-400 gezek gülýärler. Uly adamlar bolsa 15-20 gezek gülýärler.

Gülkini öwrenýän ylma geotologiýa diýilýär.

Gülki öýkenimizi arassalaýar.
Çünki biz gülen wagtymyz uludan hem-de çuň dem alýarys.

Adam gülen halaty onda bagt garmony endorfin bölünip çykýar. Bagt garmony diňe bir keýpimize täsir etmän, eýsem, agyrymyzy hem aýyrýar.

Gülkiň artykmaç agramy aýyrmakda uly haýry bar. Alymlaryň bellemegine görä, günüň dowamyndaky 15 minutlyk gülki, hepde-de üç gezek ýerine ýetirilýän 30 minutlyk beden maşklarynyň ýerine tutup bilýär.

Gülki, iň gowy dynç alyşdyr. 5 minut gülki 30-40 minut dynç alşyň ýerine tutmaga ukyply.

Köp adamlar gülküden ýüze ýygyrt düşýär diýip çaklaýarlar. Emma bilermenleriň aýtmagyna görä, gülki ýüzdäki myşsalary berkidýär, onuň deriniň sagdyn hem-de ter saklanmagynda uly ähmiýeti bardyr.

Zenanlar erkeklere görä has köp gülýärler.Germaniýada ýörite masgarabaz-lukmanlar bolup, olar gülkiň üsti bilen agyr näsaglary bejerýärler.

Gülki örän ýokançly närsedir. Deňiňizden geçip barýana ýylgyrsaňyz, ol hem size hökman ýylgyryş bilen jogap berer!
30
68
gulshatayewa97
19 Dekabr 2023
Ýylgyryň adamlar,gülüň adamlar,
Ýylgyrýan ýüzlerde Allaň nury bar.
Zeýrenip ýöreniň rysgy gaçarmyş,
Keýpi çaga ýaran bolar Biribar.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.