Imissyou
19.12.2023 12:38
Häzire çenli iň güýçli Gün partlamasy boldy!

Amerikanyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş guramasy bolan «NASA» Günde häzire çenli iň güýçli partlamanyň bolup geçenligini, bu güýçli partlama netijesinde Ýerde radio signallarynyň öçendigi käbir ýerde aragatnaşygyň ýitenligini mälim etdi.

Gündäki bu güýçli partlama NASA-nyň Gün dinamika obserwatoriýasy tarapyndan 15-nji dekabrda hasaba alyndy. Soňky gezek şeýle ýöne bu gezekkiden biraz pes Gün partlamasy 2017-nji ýylda bolupdy.

Partlamanyň Günüň demirgazyk-günbatar sebitinde bolandygyny mälim eden obserwatoriýa işgärleri, ultramelewşe ýagtylygyň we energiýa partlamasynyň ýokary derejesini anykladylar.

ABŞ-nyň Milli Okean we Atmosfera Dolandyryşy (NOAA) tarapyndan berlen beýanatda partlamanyň netijesinde uly alawyň dörändigi mälim edilýär. Hünärmenler şeýle äpet güýçli partlamanyň Ýerdäki ýokary ýygylyklara täsir etmek üçin ýeterlik derejede uludygyny aýdýarlar.

Beýanatda uçarmanlaryň köpüsiniň aragatnaşyk liniýasynda näsazlyklary başdan geçirendikleri we gün şöhlesiniň täsirleriniň tutuş dünýäde duýulýandygy habar berildi.

NOAA-nyň kosmos howa maglumatyny çaklaýyş merkezi partlamanyň radio aragatnaşygyny wagtlaýyn öçürendigini mälim etdi.
30
86
mmmmmmm
23 Dekabr 2023
Heh gawmy sawjak kola gawurlan tawuk
jeeee
21 Dekabr 2023
Gawmy Jemal
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.