Imissyou
09.03.2024 21:25


Deñ-duş oglanlarymyza (Degişme goşgy)

Owadan gyzlaryñ bir garaýşyna,
Ýüpsüz dañylmaga golaý oglanlar!
Söýgiñ derdin satyn alyp başyna,
Perwanañ ykbalyn alan oglanlar!

Kalplarynda joşgun urýan ýaşlykdyr,
Wah, ol joşgun käte çenden aşyp dur,
Owadan gyz görse, bary aşykdyr,
Bagyşlañ! azajyk jalaý oglanlar!

Ýaşlyk söýgä ýanmak juda ýakynmy,
Käsi ýeñles, käsi agras-akylly,
Diñe gyzlar hakda gürrüñ ýakymly,
Ýary çyn, ýarysy ýalan oglanlar!

Yñdarmarak, degişgenräk jahyldyr,
Gyzlar hakda goşgy ýazar - şahyrdyr,
Ýary Mezhnun, deñ ýarysy Tahyrdyr,
Leýli, Zöhre diýip ýanan oglanlar!

Garaýşyndan añlamasa özleri,
Aýt, nädersiñ bu doñýürek gyzlary?
Diñläp söýgi hakda aýdym-sazlary,
Gijeler bagryny dilen oglanlar!

Siziñ köñül dünýäñizde güýmenýän,
Goşgym bilen girmeklige synanýan,
Gözüm gidýär hem azajyk gynanýan,
Öz-özüni oda, salan oglanlar!

Goshgynyn Awtory:Toyly Öwezow.
30
310
Imissyou
09.03.2024 10:25
Eger düýşüňizde gyş paslyny görseňiz ýa-da doñaklyk bolsa - onda ýanyňyzdaky ýatan ýorganyň hemmesini öz üstüne çekendir.🤣🤣
29
215
Imissyou
08.03.2024 18:38
Salam mähriban zenanlar!
Halkara 8-nji mart baýramyňyz bilen tüýs ýüregimden gutlaýan, goý siziň janyňyz sag başyňyz dik bolsun!



Zenanlar barada – Leýli Orunowa Awtory: Durdygylyç Ýarjanow.mp3
27
156
Imissyou
08.03.2024 13:09
*- Men ýuwýan, ýygnaýan, nahar taýýarlaýan, ütükleýän, men özümi edil Zoluşka ýaly duýýaryn.
- Ezizim men saňa aýtdyma meň bilen
durmuşyň edil ertekidäki ýaly bolar diýip.🤣🤣
37
297
Imissyou
07.03.2024 09:51
Eý mähriban aýalym,
Gara saçym ak diýme.
Nä isleýär hyýalyň,
Öýde hiç zat ýok diýme.

Ýadap gelýän işimden,
Halym agyr duýşuňdan,
Oýaryp päk düýşümden,
Öýde hiç zat ýok diýme.

Iş edaram tagt däl,
Pully bolmak bagt däl,
Dükanda zat mugut däl,
Öýde hiç zat ýok diýme,

Obiçni şafýor kärim,
Saňa getirýän barym,
Bill Geýts däl seň äriň,
Öýde hiç zat ýok diýme.

Wepaň gaýnar demiňde,
Ynjalyk bar heňiňde,
Iphone bar eliňde,
Öýde hiç zat ýok diýme.

Müň näz edip müň eräp,
Her zatdan gözläp sebäp,
Başym sypap erkeläp,
Öýde hiç zat ýok diýme.

Ykbal bize gülýärä,
Rysgalymyz gelýärä,
Ynha seli men bara,
Öýde hiç zat ýok diýme.

Iş oňmady bu günem,
Ýolda goýýar žugilem,
Gaýrat edäý şu günem,
Öýde hiç zat ýok diýme.
27
81
Imissyou
04.03.2024 18:26
„8 nji mart güni "
Eý Mähriban aýalym
Hyzmatyňa men taýyn.
Näme diýseň ylgaýyn,
Sekizinji mart güni.

Syryp süpürüp howlyňy,
Hüwdiläýin ogul gyzyňy .
Diýseň bolýar, et şuny,
Sekizinji mart güni.

Bişirin bar tagamyň,
Sen görki bol öýümiň.
Çekjek hemme diýeniň,
Sekizinji mart güni.

Erk edip meň kärime
Isle är bol , äriňe,
Taýyn, hemme buýruga,
Sekinji mart güni.

Ýuwup poluň , üçegin.
Ylga diýseň uçaýyn,
Ýöne özüm hojaýyn.
Dokuzynjy mart güni.
29
219
Imissyou
04.03.2024 09:47
Adamlar 1-3 ýyldan haýwanlaryň diline düşünip bilerler.

Hünärmenler emeli aňyň tiz wagtdan adamlara öý haýwanlary we ýabany haýwanlar bilen düşünişmäge kömek etjekdigini çaklaýarlar. Şu maksat bilen gözlegçiler “sanly bioakustikany” işjeň ulanýarlar – ykjam sanly rekorderleriň kömegi bilen haýwanlaryň sesleri, tikleri we özüni alyp baryşlary ýazga alynýar. Alnan maglumatlary emeli aňa haýwanlaryň habarlaryna düşünmegi öwretmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär diýip, Daily Mail habar berýär.  

Earth Species Project taslamasynyň çäklerinde hünärmenler geljek üç ýylda uly öňegidişligiň gazanylmagyna garaşýarlar. Häzirki wagtda gargalaryň wokal repertuarynyň kartasyny düzmek we guşlara düşnükli wokalizasiýasyny döretmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar.
Emeli aň pişikleriň gulaklarynyň ýagdaýy ýaly dürli aýratynlyklary ýüze çykarmaga kömek eder we bu hem olaryň aragatnaşyk üçin ulanýan ýüzlerçe aňlatmasyny klassifikasiýa etmäge we düşünmäge mümkinçilik berer. Edil şonuň ýaly-da, täze “dil” modeli itleriň ýüz keşbini we üýrmelerini “terjime edip” biler.
27
42
Imissyou
03.03.2024 23:17
Aý takmynan 4,5 mlrd ýyl ozal Ýer planetasynyň emele geleninden birnäçe wagt soňra döräpdir diýlip aýdylýar. Has takygy Aý Ýer planetasy bilen Teý planetasynyň ägirt çaknyşmasy “Gigant çaknyşma” netijesinde döräpdir we Teý planetasynyň bir bölejigi hasaplanýar.

Italýan matematigi Galileo Galileý teleskop arkaly aýyň barlygyny ilkinji subut eden adamdyr. 1609-njy ýylda Galileýiň kömegi bilen Aýyň üstündäki aý daglary, Aýyň ýer ýüzündäki ilkinji kartalary ýüze çykaryldy. Planetolog-professor Maheş Anand hem-de hytaýly geologlardan düzülen topar 2020-nji ýylda aýyň üstünde ownujak aýnadan şarlaryň barlygyny subut etdi.

Aýyň dartyş güýji ýer ýüzündäki ummanlara we deňizlere öz täsirini gönüden göni ýetirýär. Ummanlarda sowuk we ýyly howa akymlaryň ýüze çykmagy, tolkunlar Aýyň ýere täsir etmegi netijesinde bolýar diýip alymlar subut etdiler.

Aýa ilkinji aýak basan adam Nil Armstrong bolup ol 1969-njy ýylda 2 sagat 31 minut Aýyň üstünde saklanmagy başarypdyr.

Aý özünden hiç hili şöhle bölüp çykarmaýar, ol günüň şöhlesini yzyna serpikdirýär we şonuň netijesinde şöhle saçýan ýaly bolup görünýär.
27
102
Imissyou
03.03.2024 20:07
Dünýädäki iň kiçi ýurt: Sealand şalygy.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, iň kiçi ýurt henizem ýarym inedördül kilometrden az bolmadyk Watikan bolup durýar. Emma has kiçi tanalmaýan we resmi taýdan ykrar edilmedik ýurt bar. Ol Sealand şalygydyr.

Sealand şalygy 1967-nji ýylda Ikinji jahan urşy döwründe ulanylan deňiz platformalarynyň biri bolan Roughs diňiniň bir bölegi hökmünde esaslandyryldy. Iňlis korol deňiz floty tarapyndan gurlan bu platforma Angliýanyň Tames derýasynyň üstünde ýerleşýär.

Angliýadan 12 deňiz mili uzaklykda ýerleşýän Roughs diňi, halkara suwlarda bolany üçin Bates maşgalasy tarapyndan garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Roý Bates bu platformany ýurt diýip hasaplap, bu platformanyň üstünden özygtyýarlylygy talap etdi. Roý Bates özüni şazada diýip yglan etdi we Sealandyň ilkinji hökümdary boldy. Ol we maşgalasy Sealandda ýaşamaga başladylar we Bates öz hökümetini döretdi. Şeýle-de bolsa, bu hökümet diňe Batesden we onuň maşgalasyndan ybaratdy. Sealand şalygy wagtyň geçmegi bilen platformada dürli goranyş çärelerini döretdi.

Sealandyň şalygy halkara jemgyýetçiliginde ykrar edilmeýär. Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary tarapyndan ykrar edilmedi we kanuny ýagdaýy jedelli bolmagyna galýar. Şonuň üçin Sealand pasporty we beýleki resminamalary halkara syýahaty üçin adatça güýji ýok.

Sealand syýahatçylyk saparlary üçin açykdyr we adamlar wagtal-wagtal bu ýere baryp görýärler. Hiç bir döwlet häzirki wagtda Sealand şalygyny kanuny taýdan ykrar etmeýär. Platformada ýaşamak üçin kiçi görnüşde otaglar bar. Mundan başga-da, bu ýerde dikuçar meýdançasy, ybadathana, sport zaly, aşhana, hammam, hajathana we mejlisler otagy ýaly ýerler bar.

Sealand şalygynda ýaşaýanlaryň sany 27. Bu ilat sany bilen dünýädäki iň kiçi mikro ýurt hasaplanylýar. Ýurduň iň uly girdeji çeşmesi, internet arkaly hödürleýän hosting hyzmatydyr.
27
156
Imissyou
03.03.2024 13:29
Mugallym:
Näme üçin gijä galdyň?

@mawy:
Ýoldaky bellik sebäpli.

Mugallym:
Haýsy bellik sebäpli?

@mawy:
“Mekdep öňde, haýal gidiň” diýlen ýazgy!
😁😂😄
26
259