Imissyou
04.03.2024 09:47
Adamlar 1-3 ýyldan haýwanlaryň diline düşünip bilerler.

Hünärmenler emeli aňyň tiz wagtdan adamlara öý haýwanlary we ýabany haýwanlar bilen düşünişmäge kömek etjekdigini çaklaýarlar. Şu maksat bilen gözlegçiler “sanly bioakustikany” işjeň ulanýarlar – ykjam sanly rekorderleriň kömegi bilen haýwanlaryň sesleri, tikleri we özüni alyp baryşlary ýazga alynýar. Alnan maglumatlary emeli aňa haýwanlaryň habarlaryna düşünmegi öwretmek üçin ulanmak meýilleşdirilýär diýip, Daily Mail habar berýär.  

Earth Species Project taslamasynyň çäklerinde hünärmenler geljek üç ýylda uly öňegidişligiň gazanylmagyna garaşýarlar. Häzirki wagtda gargalaryň wokal repertuarynyň kartasyny düzmek we guşlara düşnükli wokalizasiýasyny döretmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar.
Emeli aň pişikleriň gulaklarynyň ýagdaýy ýaly dürli aýratynlyklary ýüze çykarmaga kömek eder we bu hem olaryň aragatnaşyk üçin ulanýan ýüzlerçe aňlatmasyny klassifikasiýa etmäge we düşünmäge mümkinçilik berer. Edil şonuň ýaly-da, täze “dil” modeli itleriň ýüz keşbini we üýrmelerini “terjime edip” biler.
27
42
ATOMIC
4 Mart 2024
👍❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.