Imissyou
09.03.2024 21:25


Deñ-duş oglanlarymyza (Degişme goşgy)

Owadan gyzlaryñ bir garaýşyna,
Ýüpsüz dañylmaga golaý oglanlar!
Söýgiñ derdin satyn alyp başyna,
Perwanañ ykbalyn alan oglanlar!

Kalplarynda joşgun urýan ýaşlykdyr,
Wah, ol joşgun käte çenden aşyp dur,
Owadan gyz görse, bary aşykdyr,
Bagyşlañ! azajyk jalaý oglanlar!

Ýaşlyk söýgä ýanmak juda ýakynmy,
Käsi ýeñles, käsi agras-akylly,
Diñe gyzlar hakda gürrüñ ýakymly,
Ýary çyn, ýarysy ýalan oglanlar!

Yñdarmarak, degişgenräk jahyldyr,
Gyzlar hakda goşgy ýazar - şahyrdyr,
Ýary Mezhnun, deñ ýarysy Tahyrdyr,
Leýli, Zöhre diýip ýanan oglanlar!

Garaýşyndan añlamasa özleri,
Aýt, nädersiñ bu doñýürek gyzlary?
Diñläp söýgi hakda aýdym-sazlary,
Gijeler bagryny dilen oglanlar!

Siziñ köñül dünýäñizde güýmenýän,
Goşgym bilen girmeklige synanýan,
Gözüm gidýär hem azajyk gynanýan,
Öz-özüni oda, salan oglanlar!

Goshgynyn Awtory:Toyly Öwezow.
30
310
Myhman Myhman
10 Mart 2024
Menem solardan
hasap
10 Mart 2024
@Imissyou, @Imissyou, agam gowmy ýagdaýyň
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Sabyrly gowmy yagdaylaryn
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Gijaniz rahat bolsun
sabyrly
9 Mart 2024
Haha tapýañaý senem men goşgyny Toýly Öweziñ dilinden eşderin diýip play basypdym
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Men bir eyam basdym
Myhman Myhman
9 Mart 2024
imissyou adynyz name
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Goyan degismaniz juda gowy ekeni😘😘
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Salam
Myhman Myhman
9 Mart 2024
Imiisyou 👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.