Imissyou
04.03.2024 18:26
„8 nji mart güni "
Eý Mähriban aýalym
Hyzmatyňa men taýyn.
Näme diýseň ylgaýyn,
Sekizinji mart güni.

Syryp süpürüp howlyňy,
Hüwdiläýin ogul gyzyňy .
Diýseň bolýar, et şuny,
Sekizinji mart güni.

Bişirin bar tagamyň,
Sen görki bol öýümiň.
Çekjek hemme diýeniň,
Sekizinji mart güni.

Erk edip meň kärime
Isle är bol , äriňe,
Taýyn, hemme buýruga,
Sekinji mart güni.

Ýuwup poluň , üçegin.
Ylga diýseň uçaýyn,
Ýöne özüm hojaýyn.
Dokuzynjy mart güni.
29
219
Myhman Myhman
10 Mart 2024
😇😍
bitanem
6 Mart 2024
Sowgat hòkman dàl birje hoş sòz aýsyñ şol bize ýeter
jahek
6 Mart 2024
👍
💫Umudum
5 Mart 2024
🥰😇💫
flowers_
5 Mart 2024
Salam, gowumy
atakulyyewa_humay
4 Mart 2024
Oglanlar 8-nji martda hökman mähriban gelinlerimize,gyzlarymyza, ejelermize hökman sowgatlarynyzy beriň, ýylda bir sapar bolýar, sowgatsyz goýman:)))
yurek
4 Mart 2024
Berekella. Bolsada bir sany bar eken ayallaryny birje gun begendirp elinden isini aljak
Akram_Beshimov
4 Mart 2024
Güllerem ýasamamy $
flowers_
4 Mart 2024
😕
ATOMIC
4 Mart 2024
😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.