Imissyou
11.04.2024 20:05
1. 2018-nji ýyla çenli Saud Arabystanda zenanlara sürüjilik şahadatnamasy berilenokdy.

2. Bangladeşde 15 ýaşdan ýokary okuwçylar synag döwründe göçürüp tutulsalar türmä iberilýär.

3. 1998-nji ýylyň 24-25nji martynda Mark Roberta griswald maşgalasy Nyu york'da geçen tele show'da 29 sagatlap öpüşip, iň uzak dowam eden öpüşmek boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girendir.

4. Amerkanlar dünýädäki şokoladyň 50% ni özleri iýýändir.

5. Eýran adam organlarynyň kanuny satylýan ýeketäk ýurdydyr.

6. Germanýada türmeden gaçan jenaýatkärler hiç hili jenaýat jogapkärçiligine çekilýän däldir. Bu ýagdaý adam şahsy ukyby hasaplanýar we munuň üçin türme ýolbaşçylary jeza alýar.

7. Terminator kinofilimiň senariýasy bary ýogy 1dollar baha satylýar.

8. 2021-nji ýylda Demirgazyk Koreýada dar jinsi geýmek gadagan edilendir.

9. Wolgogradly zenan Swetlana Pankratowa dünýäde iň uzyn aýakly adam höküminde Ginnisiň Rekordlar kitabyna girendir. Swetlananyň aýaklary 1metr 32sm deňdir.

10. Stan Larkin 17 aý emeli ýürek bilen ýaşady.

11. Iň uzak dowam eden jynsy gatnaşyk 15 sagatdyr.

12. Dünýäde dogulan iň uly bäbegiň agramy 10.5kg bolup Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

13. Haçanda adamzat 19 ýaş 4 gün ýaşanda onuň dogulana 10million minut bolýandyr.

14. Gonkong'da şyppykly awtoulag dolandyrmak gadagandyr.

15. Dünýäde iň uzak ýagan ýagyş 247 gün dowam edendir.

16. Nyu york'da taxi sürýänleriň 90% i immigrantdyr, ýagny ýerli halk däldir.

17. Singapurda soraşmazdan biriniň wi-fi girseňiz (parol dowseň) 3 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilinersin.

18. Portugalýada işgärler iş wagtynda öz işgärlerine jaň etmek, hat ýazmak gadagandyr.

19. Nyu york'yň merkezi parky Watikan döwletinden 9 esse ulydyr.

20. Hajathana kagyzyny öndürmek üçin günde 27000 agaç kesilýändir.

21. Adam asgyranda ähili organlary hat-da ýüregine çenli durýandyr.

Maglumatlar Internet saýtlaryndan toplanan!
27
149
Imissyou
01.04.2024 23:47
Goşa gumry ýaly bileje boluň!
Bagtyňyz daş ýaryp ýaýrasyn ile.
Goý tebigat gujak-gujak gül berip,
Gutlasyn aşygy magşugy bilen!

Elmydama söýgiňiz syr bolup galsyn,
Gözleriňiz ogryn-ogryn sözleşsin!
Aýly gijeler hem parlak ýyldyzlar,
Bagtyňyz barada syrly sözleşsin!

Ömür sürüň döwran sürüň agzybir!
Hiç gaçyrmaň birek-birege sylagy,
Özümize siziňki dek bagt diläp,
Ikiňizi maňlaýmyza sylalyň.

25
197
Imissyou
28.03.2024 21:16

Jahanda başga zatlaryň bary satylýar,
On sekiz ýaş sataňokmy dukançy?
-Size näme gerek ol on sekiz ýaş?
Artist ýeňňe şeýle-de ýaş ekeniň,
-Meň garranlygymyň zyýany ýokla,
Garatmajak bolýan käbäm ejemi,
Bilýän bolsaň aýdaý haýsy dukanda,
Haýsy şäher, daşmy ýa-da ýakynda,
Ýetişdirip bolýan bolsa çakynda,
On sekiz ýaş tapyp beräý dukançy!
Gezeýin men Mary, Ahal, Tejeni,
Tapyp berseň puluň taýyn rejeli,
Satyn alyp begendireýin ejemi,
On sekiz ýaş tapyp beräý dukançy!

25
232
Imissyou
24.03.2024 19:52



Meniň deň duşlarym işleýärler, geljegi üçin maksat döretýärler.
A men bolsa banany gaýnadyp iýseń tagamy nähili bolarka diýip pikir etýän.😄😄
27
307
Imissyou
22.03.2024 22:03


- Örän gyssagly operasiýa etmeli.
- Lukman, operasiýa mugtmy?
- Netije bilen gyzyklanmaýan bolsaňyz, hawa.
26
220
Imissyou
22.03.2024 00:15
Ýüregim berdim saňa Eneş,
Ömrüme sensiz dogmaz güneş.
Diýme ýar garaş geläý ýuwaş-ýuwaş,
Adyň ýatlap gezýän ynan Eneş.

Isläp gijeler seniň jemalyňy,
Diýme sen maňa unudaý sen meni,
Eneşim aýatda ýok sendeý peri,
Ynanaý seni unutmaryn!


Güýde, gyşda, garda, ýagyşda,
Bir seniň ýoluňa garaýan,
Janym diýip bakman başga,
Ynan Eneşim
29
146
Imissyou
21.03.2024 20:12
Seniň bilen bir ýassyga baş goýdyk,
Ýürekden söýüldük, ýürekden söýdük,
Şeýde-şeýde durmuş lezzetin duýdyk,
Ýene mydam mende bolsun hyýalyň,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Käte aýralykda geçsede günler,
Aýyp etmegin gaýtam gadyrmyz biliner,
Şonda mylaýymdan öwsen ýeller,
Gowşurarlar saňa posam salamym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Dünýäm ýaly gözel hem görkli sen,
Gaýratly sen menden beter erkli sen,
Tämiz ýürek näzik göwün hörpli sen,
Derde duşsam mähriň bilen ýylanym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Şahyr bolmasada aýalyn öwýän,
Ynha men şu gün kanuny dözýän,
Senem meni çäksiz söýýäniň bilýän,
Bagtym diýip ykbalymy bezänim,
Men seni söýýärin eziz aýalym.


Like Like Like Like Like Like Like Like
22
102
Imissyou
21.03.2024 12:21
Men bir akar suw bolsam,
Sen baglarda gül bolsaň,
Aksam güllere suw bersem,
Gül ysyň ganyp doýsam.
23
25
Imissyou
20.03.2024 21:23
Salam mähribanlar geliň bu mysaly üýşip bileje çözeliň!

26
105
Imissyou
19.03.2024 21:34
Indi ýeke dälsiň ikisiň dostym,
Öňki günler ýokdyr öýleneňden soň,
Mähelläň öňünde aýdaýyn rastym,
Başga durmuş başlar öýleneňden soň.

Kontaktlaryň awtomat üýtgeýär ady,
Gabanmak gelinleriň halaýan zady,
Örän tiz tiz üýtgär, telefonuň kody,
Hakere dönersiň öýleneňden soň.

Oturulşykdan reski gaýtmak islärsiň,
Nu dostlaryň ýanynda mužiksirärsiň,
Otçot soralanda atdeý kişňärsiň,
Warýantyňam ýokla öýleneniňden soň.

Öň jaň etse dostyň suw çigit diýip,
Indi geler pampers al meýt diýip,
Bu öňden gelýän däp görülmez aýyp,
Komandirli bolarsyň öýleneňden soň.

Bu bir degişmedir öýlenýän dostm,
Ýöne degişmäniňem aňarsy rastyr,
Bu durmuşda juda bagtly borsuň sen,
Söýgiňi sylasaň öýleneňden soň,
Gelniňi diňleseň öýleneňden soň.

28
140