Imissyou
21.03.2024 20:12
Seniň bilen bir ýassyga baş goýdyk,
Ýürekden söýüldük, ýürekden söýdük,
Şeýde-şeýde durmuş lezzetin duýdyk,
Ýene mydam mende bolsun hyýalyň,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Käte aýralykda geçsede günler,
Aýyp etmegin gaýtam gadyrmyz biliner,
Şonda mylaýymdan öwsen ýeller,
Gowşurarlar saňa posam salamym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Dünýäm ýaly gözel hem görkli sen,
Gaýratly sen menden beter erkli sen,
Tämiz ýürek näzik göwün hörpli sen,
Derde duşsam mähriň bilen ýylanym,
Men seni söýýärin eziz aýalym.

Şahyr bolmasada aýalyn öwýän,
Ynha men şu gün kanuny dözýän,
Senem meni çäksiz söýýäniň bilýän,
Bagtym diýip ykbalymy bezänim,
Men seni söýýärin eziz aýalym.


Like Like Like Like Like Like Like Like
22
102
kidt
5 Aprel 2024
❤️❤️❤️❤️❤️
awgust
22 Mart 2024
@Imissyou, Indiki konsertiňizda Maral Durdyýewanyň " Ýürekdeşim" aydymyny yaylyma göybermegiňizi hayysh edyän!)
awgust
22 Mart 2024
@Imissyou, Ýok...
awgust
22 Mart 2024
@Imissyou, Salam, Size birje haýyş etsem bolarmy?
awgust
21 Mart 2024
Käşgä hemme ärler aýallarny şeýle şirin sözler bn wasp edäyse, käbir aýallaryň ady "Eý, öw" bolmazdy.Gynansakda zenanlaryň çigit yalyjak göwnüni göterip bilmeyänler bar
gulshatayewa97
21 Mart 2024
Gowdugny😍
atasddd
21 Mart 2024
daş
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.