Imissyou
19.03.2024 21:34
Indi ýeke dälsiň ikisiň dostym,
Öňki günler ýokdyr öýleneňden soň,
Mähelläň öňünde aýdaýyn rastym,
Başga durmuş başlar öýleneňden soň.

Kontaktlaryň awtomat üýtgeýär ady,
Gabanmak gelinleriň halaýan zady,
Örän tiz tiz üýtgär, telefonuň kody,
Hakere dönersiň öýleneňden soň.

Oturulşykdan reski gaýtmak islärsiň,
Nu dostlaryň ýanynda mužiksirärsiň,
Otçot soralanda atdeý kişňärsiň,
Warýantyňam ýokla öýleneniňden soň.

Öň jaň etse dostyň suw çigit diýip,
Indi geler pampers al meýt diýip,
Bu öňden gelýän däp görülmez aýyp,
Komandirli bolarsyň öýleneňden soň.

Bu bir degişmedir öýlenýän dostm,
Ýöne degişmäniňem aňarsy rastyr,
Bu durmuşda juda bagtly borsuň sen,
Söýgiňi sylasaň öýleneňden soň,
Gelniňi diňleseň öýleneňden soň.

28
140
kidt
5 Aprel 2024
❤️
mena
20 Mart 2024
😁
mena
20 Mart 2024
Adyn mane oylenemi sen
mena
20 Mart 2024
Salam
mena
20 Mart 2024
Salam
mena
20 Mart 2024
Salam
sahero
19 Mart 2024
👍
manolya
19 Mart 2024
Kimiň toýy bu ?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.