Hatyja 04
23.12.2019 00:03
Geç
Bagtyňy gabanýan bahyllaryňa,
Hiç zadam diýme-de, diňe gülüp geç.
Geljegiňdäki süýji arzuwlarňa,
Höwes bilen, umyt bilen ýüzüp geç.
Durmuşyň gülküsin, şowhun-şatlygyn,
Öz ömrüňe,geljegiňe süzüp geç.
Dert-aladaly ýaşaýşyň datdygyn,
Akyl-pikiriňe bir-bir düzüp geç.
Durmuşyň her dürli synaglaryny,
Ejizlemän, güýçli bolup, ýeňip geç.
Saňa gönükdiren soraglaryny,
Aljyraman, dogry bilip, çözüp geç.
Awtory:Hatyja A.B.
20
1 542
Hatyja 04
20.12.2019 00:47
Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra, Olaň güni başyňyza düşmesin! Ýöne welin, eý, erkana aşyklar, Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin. Men akyl bermekçi bolamok size, Men akyl bererden entek juda ýaş. Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr, Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş. Şasenem-Garyba meňzäň diýemok, Olaryň takdyry düşmesin başa! Ýöne azat söýgüde-de synag bar — Äsgermezlik eden çeker endişe. Hemme zat üýtgeýär dünýäň ýüzünde, Aşyklaň kanuny üýtgänok diňe: ...Wepadar bol — maňa ýar boljak bolsaň, Ine, merdanalyk diýerler muňa! Ot ýaly oglanlar öňüňden çykar, Gözleri ataşdyr, sözleri şeker. Üç gezek bükülip dyzyna çöker — Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç! Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde, Ýalan sözem bardyr entek dünýäde. Baýramda, ballarda ýary sal ýada, Başgalaň ýanyndan başga bolup geç! Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn, Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn. Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn — Ýere bakma, ile nazar salyp geç!.. Goý, mukaddes kasam bolup ýaňlansyn, Ýaryň ýaňagyndan alnan ogşuklar. Bir-birine berçinlensin kalbyňyz, Bagtly boluň, bagtly boluň Aşyklar!
Awtory:B.Hudaynazarow
24
2 320