Ejem
Durmuşymyň manysy mährem ejem,
Çagalaň üstünde mydam sen hakly.
Her islegiňe ýok diýmerin hijem.
Meniň beýik borjum seni etmek bagtly.
Şatlygyma begendiň, agyma dymdyň.
Meň çekýän ajyma gizlin gynandyň.
Çagalaryň üçin bagryňy ezdiň.
Bildirmejek bolup, ýylgyryp gezdiň.
Syrkawlamda ýanymdan gitmän durduň.
Çökgün bedenimi, ruhum galdyrdyň.
Aýaga galamda, ýüzüm gülende,
Kiçi zatlara-da sen monça bolduň.
Seň saýaňda ýetdim men şu derejä.
Ýaşaýşyma çäksiz söýgüňi gatdyň.
Eden aladalaň çykarman puja.
Durmuşymda öz ýerim-ornum tapdym.
Seniň bilen bagly ýeke arzuwym,
Esasy zat gowy bolsun saglygyň.
Seni bize köp görmesin Hudaýym.
Bize uly bagtdyr seniň barlygyň.
Awtory:Hatyja A.B.