Hatyja 04
20.12.2019 00:47
Ýok, meňzäň diýemok Zöhre-Tahyra, Olaň güni başyňyza düşmesin! Ýöne welin, eý, erkana aşyklar, Siz arassa saklaň söýgiň çeşmesin. Men akyl bermekçi bolamok size, Men akyl bererden entek juda ýaş. Ýöne ýatlaýaryn: Mukaddes zatdyr, Säher çygy bilen zakgun dek gözýaş. Şasenem-Garyba meňzäň diýemok, Olaryň takdyry düşmesin başa! Ýöne azat söýgüde-de synag bar — Äsgermezlik eden çeker endişe. Hemme zat üýtgeýär dünýäň ýüzünde, Aşyklaň kanuny üýtgänok diňe: ...Wepadar bol — maňa ýar boljak bolsaň, Ine, merdanalyk diýerler muňa! Ot ýaly oglanlar öňüňden çykar, Gözleri ataşdyr, sözleri şeker. Üç gezek bükülip dyzyna çöker — Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç! Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde, Ýalan sözem bardyr entek dünýäde. Baýramda, ballarda ýary sal ýada, Başgalaň ýanyndan başga bolup geç! Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn, Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn. Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn — Ýere bakma, ile nazar salyp geç!.. Goý, mukaddes kasam bolup ýaňlansyn, Ýaryň ýaňagyndan alnan ogşuklar. Bir-birine berçinlensin kalbyňyz, Bagtly boluň, bagtly boluň Aşyklar!

Awtory:B.Hudaynazarow
24
2 320
Nätanyş
27 Dekabr 2019
Bah jan et diyya sonam yazanok
Hatyja 04
22 Dekabr 2019
Nm un
Myhman Myhman
22 Dekabr 2019
Mana jan eday hatyja 64078744
Shatlyk95
21 Dekabr 2019
manyly goşgy setirleri okamagy gowy görýän
Hatyja 04
21 Dekabr 2019
Howwa
Shatlyk95
21 Dekabr 2019
Sizem goşgy setirleri halayanyzmy?
Hatyja 04
21 Dekabr 2019
Nesip bolsa ozuminkilerem goyarn ozumem gosgy duzyan
Myhman Myhman
21 Dekabr 2019
mydama ilin yazan gosgysyny goyyanyz.olary yazmanyndada blyars.oz gosgyny goymaly keyijigim
Hatyja 04
21 Dekabr 2019
Soragnyz ba bolsa soran jogap bereyin
Myhman Myhman
21 Dekabr 2019
Hatyja sen bn ickin tansyp bolmazmyka yone yone yalnysh dusunme
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.