Wagt
Wagt edil akyp barýan suw ýaly,
Ýatlamalar goýýar-da, derrew geçýär.
Durmuşymyz ertekiler mysaly,
Gynançly, begençli günleri seçýär.
Wagt käbir adamlary üýtgedýär.
Durmuşyň her tarapyny öwredýär.
Üýtgeşik-üýtgeşik zatlar döredýär.
Ýaşap ýören dünýämizi ýöredýär
Wagt hiç haçanam dolanmaz yza.
Adamlaň öňünde çökmezem dyza.
Onuň berip biljek peýdasy bize,
Durmuşa düşünmegi öwretmek diňe.
Az pursatlyk, dolanmajak durmuşda,
Gowy ýaşamaga hökman gerek bagt.
Bagta eýe bolup ýaşamaga-da,
Ýakynlarňa sarp etmeli biraz wagt.
Awtory: Hatyja A.B.