HajymuratGoshayev
17.05.2023 01:00
Näçe güýçli , näçe gaýduwsyz bolaý,
Eliñde erk bolmaz kakañ bolmasa.
Dolup daşyp ýeriñ ýüzüne dolaý,
Binýadyñ berk bolmaz kakañ bolmasa.

Bu ömrüñ lezzeti gaçar gün-günden,
Orny boşap , Käbäñ soñsuz aglasa,
Ýer almanka , bas bagryña , söý çenden,
Durmuşda ýol bolmaz , kakañ bolmasa.

Ýola gitse sen dile sag gelerni,
Ne bolar yzyna gaýdyp gelmese?
Her ynsan sözümden añlap bilermi?
Ömrüñ küldir munda kakañ bolmasa

Hajymyrat
17
120
HajymuratGoshayev
16.05.2023 00:26
Bir bendäniñ iýjek çöregi gaýgy,
Kimseler gezip ýör balagna sygman,
Ejiz görse möjek ýaly hyrlan bor,
Abraýyñ yzynda it bolup ylgan.

Hajymyrat
8
90
HajymuratGoshayev
15.05.2023 13:39
Sen bolmasañ Günüñ dogup, batmasy,
Niçik agyr şony bilýäñmi kaka?
Gark edip göz ýaşa eziz ojagyñ,
Ne çün goýup gitdiñ dünýäni kaka?

Hajymyrat

Bellik*

Goshgularymyñ käbiri öz durmushym bilen bagly däl
10
63
HajymuratGoshayev
14.05.2023 04:28
Derejäñ panyda hiç zat çözenok.
Bir baý hem garyba mätäçdir käte.
Bu durmuş kanuny nädogry bolsa,
Ne çün çäýnek başyny egýär käsä?

Hajymyrat
9
70
HajymuratGoshayev
13.05.2023 19:33
Niçe gözýaş dökdüm hijem haýry ýok.
Bu durmuş zor eken aldyrmaz güýje.
Pelegi boýun etýän ýekeje zat bar
Ol zat hem mende ýok , ol hem sen eje.

Hajymyrat
17
85
HajymuratGoshayev
11.05.2023 15:29
Büdredim , mañlaýym degdi bir daşa.
Aýagma çüpümdir durmuş tikeni,
Şol bada ses geldi : " Tut meñ elimi"
Ýüzümi galdyrsam dostum ekeni.

Hajymyrat
16
98
HajymuratGoshayev
09.05.2023 11:11

Watan üçin çykandyrlar jan goýup,

Asuda ýaşasyn halkymyz diýip,

Her depik topragyn jan deyin söýüp,

Biz üçin gitdiler mundan gerçekler.


Sowuk diýmän, yssy diýmän göreşip,

Bir birege goldaw kömek berişip,

Baryp dört ýyl Beýik Ýeñşe garaşyp

Geçdi orta goýup jandan gerçekler.


Ýaşu-garry diýmän çykdy goraga,

Goltgy berip daýanyp bir- birege,

"Indi haçan geljek" diýen soraga,

Jogap bermän gitdi mundan gerçekler.


Al meýdanda niçeler gan döküldi,

Ýaş ýigitleñ juwan bili büküldi,

Ýeñiş üçin uzak ýollar söküldi,

Ahyry Berline ýetdi gerçekler.


Maý dokuzy , müñ dokuz ýüz kyrk bäşiñ,

Bitirdiler olar dünýäniñ işin,

Göge diräp mert Türkmenimiñ başyn,

Berlinde Tuguny dikdi gerçekler.


Gahrymanlañ ýüreklere besläni,

Rahat geljek hemmeleriñ isläni,

Peşgeş goýup bize tämiz asmany,

Janlaryny pida etdi gerçekler



Hajymyrat

17
26
HajymuratGoshayev
04.05.2023 02:23

Ajy-süýji näme tapsa datýalar,

Iki sözi kapýa salyp çatýalar,

Gaýta-gaýta bir temany ürç edip,

Bir bent goşgy bilen akyl satýalar.


Bilseñiz aklyñyz kimsä gerekmez.

Näçe satsañyzam hiç kim seretmez.

Bar zadymyz özümize ýeterlik,

Ünsi çekip gyzyklanma döretmez.


Hajymyrat

16
64
HajymuratGoshayev
27.04.2023 23:53

Çagyrylsam gitdim , otur-turusha,

Ýüz turşan ýerinde minut durmadym.

Ses beýgelse ýüzüm salyp ýuwutdym.

Mertebäm peseldip , jogap bermedim.


Zähmet çeksem siñdi mañlaýda derim.

Tä ýetinçäm gara başym egmedim.

Aýyby ýok mert ýigide gözýaşyñ,

Käte aglap menem şeýle ýeñledim.


Köp adam sataşdy , akly -garaly.

Ýagshy - ýamanlary asla garmadym.

Tanap hem bolmady niçe ynsany,

Her dûrli ýol bilen onam barladym.


Söýgäde zar boldum söýdümem il deý.

Ýar yzynda ylgamakdan armadym.

Il görse hözirin wagtlaýyn söýgiñ,

Päk söýgimiñ miwesini görmedim.


Hajymyrat siñdir setre duýgulañ,

Durmuş diýe öz-özüñi harladyñ.

Hiç kime parh bermez ynanaý bilseñ,

Seniñ ýagty bu jahanda barlygyñ.


Hajymyrat

8
45
HajymuratGoshayev
26.04.2023 08:16

Sowal- Jogap.


Sorag beren: Nury Ibragimow

Jogap beren: Hajymyrat.


Sowal:

Yşk nämedir? Duzagyna düşen kän

Hasrat basyp ýürek derläp ýören kän

Başyn gysyp ýalňyzlykda aglan kän

Şahyr bolsaň yşkdan bize habar ber


Jogap:

Yşk bir hile duzagyna düşen kän.

Ýürek ýanyp alawyna bişen kän.

Munda aglap ýalñyzlykda ýaşan kän.

Kabul etseñ bizden jogap sheyledir.


Sowal:

Duýgy näme? Ýüreklere myhmanmy?

Ýa durman tolkun deý gelip gitýärmi?

Kä belentden käte pesden urýanmy ?

Şahyr bolsaň duýgylara jogap ber.


Jogap:

Duýgy, bolsa her bir ýürege myhman.

Joş urar , göýä ki gözýetmez umman.

Her ynsan kalbynda her tüýsli urýan,

Kabul etseñ bizden jogap şeýledir.


Sowal:

Söýgi näme? Diýip soradym köpden

Käsi diýdi gaýgy käbiri duýgy

Takyk jogap tapman geçdim ençeden

Aýdar bolsaň Söýgä anyk jogap ber


Jogap:

Bu soraga hich kim jogap tapanok,

Gaýgysam ,duýgusam hiç gutaranok.

Söýgä uçran adam dek oturanok.

Kabul etseñ bizden jogap sheyledir.

16
73