Sowal- Jogap.
Sorag beren: Nury Ibragimow
Jogap beren: Hajymyrat.
Sowal:
Yşk nämedir? Duzagyna düşen kän
Hasrat basyp ýürek derläp ýören kän
Başyn gysyp ýalňyzlykda aglan kän
Şahyr bolsaň yşkdan bize habar ber
Jogap:
Yşk bir hile duzagyna düşen kän.
Ýürek ýanyp alawyna bişen kän.
Munda aglap ýalñyzlykda ýaşan kän.
Kabul etseñ bizden jogap sheyledir.
Sowal:
Duýgy näme? Ýüreklere myhmanmy?
Ýa durman tolkun deý gelip gitýärmi?
Kä belentden käte pesden urýanmy ?
Şahyr bolsaň duýgylara jogap ber.
Jogap:
Duýgy, bolsa her bir ýürege myhman.
Joş urar , göýä ki gözýetmez umman.
Her ynsan kalbynda her tüýsli urýan,
Kabul etseñ bizden jogap şeýledir.
Sowal:
Söýgi näme? Diýip soradym köpden
Käsi diýdi gaýgy käbiri duýgy
Takyk jogap tapman geçdim ençeden
Aýdar bolsaň Söýgä anyk jogap ber
Jogap:
Bu soraga hich kim jogap tapanok,
Gaýgysam ,duýgusam hiç gutaranok.
Söýgä uçran adam dek oturanok.
Kabul etseñ bizden jogap sheyledir.