Watan üçin çykandyrlar jan goýup,
Asuda ýaşasyn halkymyz diýip,
Her depik topragyn jan deyin söýüp,
Biz üçin gitdiler mundan gerçekler.
Sowuk diýmän, yssy diýmän göreşip,
Bir birege goldaw kömek berişip,
Baryp dört ýyl Beýik Ýeñşe garaşyp
Geçdi orta goýup jandan gerçekler.
Ýaşu-garry diýmän çykdy goraga,
Goltgy berip daýanyp bir- birege,
"Indi haçan geljek" diýen soraga,
Jogap bermän gitdi mundan gerçekler.
Al meýdanda niçeler gan döküldi,
Ýaş ýigitleñ juwan bili büküldi,
Ýeñiş üçin uzak ýollar söküldi,
Ahyry Berline ýetdi gerçekler.
Maý dokuzy , müñ dokuz ýüz kyrk bäşiñ,
Bitirdiler olar dünýäniñ işin,
Göge diräp mert Türkmenimiñ başyn,
Berlinde Tuguny dikdi gerçekler.
Gahrymanlañ ýüreklere besläni,
Rahat geljek hemmeleriñ isläni,
Peşgeş goýup bize tämiz asmany,
Janlaryny pida etdi gerçekler
Hajymyrat