Çagyrylsam gitdim , otur-turusha,
Ýüz turşan ýerinde minut durmadym.
Ses beýgelse ýüzüm salyp ýuwutdym.
Mertebäm peseldip , jogap bermedim.
Zähmet çeksem siñdi mañlaýda derim.
Tä ýetinçäm gara başym egmedim.
Aýyby ýok mert ýigide gözýaşyñ,
Käte aglap menem şeýle ýeñledim.
Köp adam sataşdy , akly -garaly.
Ýagshy - ýamanlary asla garmadym.
Tanap hem bolmady niçe ynsany,
Her dûrli ýol bilen onam barladym.
Söýgäde zar boldum söýdümem il deý.
Ýar yzynda ylgamakdan armadym.
Il görse hözirin wagtlaýyn söýgiñ,
Päk söýgimiñ miwesini görmedim.
Hajymyrat siñdir setre duýgulañ,
Durmuş diýe öz-özüñi harladyñ.
Hiç kime parh bermez ynanaý bilseñ,
Seniñ ýagty bu jahanda barlygyñ.
Hajymyrat