Gussam
13.06.2022 19:12
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!

Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň.

Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin,
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni.

Olar size girip çykýandyr belki,
Seň girip çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.

Sen aýtsaň-aýtmasaň bir zat aňladym,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!

Italmaz Akmyradow.
8
78
Gussam
Gussam
04.04.2022 00:56
TÜRKMEN GÖZELI Älemde meşhurdyr edebiň, haýaň, Müň ýyllap başymda telpegimi aýan, Ol-a nämähreme mähir bermekmiş, Ýeliň garşysyna ýöremekdenem Uýalan, uýam! Gurbanmuhammet AŞYROW.
Gussam
Gussam
03.04.2022 00:48
KASAM Kasam etdi öpdi-de ol, Ýaşyl tuguň bir ujundan. Üstün çykmaz hiç güýç indi Ýaş ýigidiň hyrujyndan. Kasam etmek üçin del hem Owadan söz gözlenmeýär. Çünki, baýdagyň synyndan Ogşap ýalan
Gussam
02.04.2022 00:05
GÖRENEM DÄLSIÑ...

Barýaryn men ýene öňki ýol bilen,
Gursagym heserli, kalbym ýaraly.
Belki-de, sen entek görenem dälsiň,
Gözün ýaşlap, gamgyn goşgy ýazany.

Gün-günden kütelip barýar görejim,
Her gün gije ak kagyzy nagyşlap.
Şeýle bir mähriňi duýasym gelýär,
Ýeke sözde bilmesem-de bagyşlap.

Aýdyp ýetişmedik sözlerim, yşkym,
Ýüregimden paýrap-paýrap dökülýär.
Şu gün "Söýýän!" diýip, adam nämüçin,
Ertir bolsa munuň üçin ökünýär.

Meňzeýärin menem şolaň birine,
Söýgi, ökünç... gatym-garym bolupdyr.
Düşünşime görä, meniň bu söýgim
Wah-eý, seniň rahatlygyň bozupdyr.

Aglap goşgy ýazmagymy bes edip,
Seniň rahatlygyň bozmajak borun.
Güller açylypdyr,
ýöne olardan
Seniň üçin çemen bogmajak borun.

...Barýaryn men ýene öňki ýol bilen,
Gursagym heserli, kalbym ýaraly.
Belki-de, sen entek görenem dälsiň,
Gözün ýaşlap, gamgyn goşgy ýazany,
Hemem yşky üçin şeýdip ýanany😔.

Ogultäç ORAZTAGANOWA.
9
90
Gussam
01.04.2022 00:40
PALAW ATAR, EJE

Mekdepde bir günde bäş bäşlik alyp
gelsem...
bilmän begenjimden näderim,
Eje, göwnüm üçin, meniň şanyma
Palaw bişiräýmäň bardy käte bir.

Palawyň tüwüsin daşjagazlardan
Yhlas bilen bir-bir saplap atardyň.
Eje, şu gün palaw atar,
ol meni,
Goý, şol bigam çagalygma atarsyn!

Palaw atar, eje, şo-ol öňkiň ýaly,
Gaýtala-da özboluşly baýramym.
Hemem ýüregimi aýaňa al-da,
Saplap ber ýollarda düşen daşlardan,
Tüwiň daşjagazyn özüm aýraryn.

Kakamyrat REJEBOW.
10
83
Gussam
31.03.2022 10:11
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!

Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň.

Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin,
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni.

Olar size girip çykýandyr belki,
Seň girip çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.

Sen aýtsaň-aýtmasaň bir zat aňladym,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!

Italmaz Akmyradow.
12
96
Gussam
30.03.2022 09:24
Käte aglan bolýar.
Kä gülen bolýar.
Garaz, girdabyňa salýar ol meni.
Soňra-da gerşime dürtüp dur, dürtüp,
Depämden pürküp dur şerebesini.

Men welin şo-l ýuwdup ýörün bal saýyp,
Oň duza ýatyrlyp çykan sözlerin.
Çapak çalýan,
Däli-porhana dönýän,
Gülkimden ýaşaryp gidýär gözlerim.

Şonda-da gülýärin,
Olam gerdenme
Iň mähnet ýumrugyn inderýär dünýäň:
Birdenem nirdendir bir owaz gelýär:
«O-la saňa gülýär, ,
Sen kime gülýäň?...»

Bu sowal heýjana salýar kalbymy,
Oýlanýan: «Ýogsa-da kime gülýäkäm?
Ýa şol gyzyl burun,
Gijen göz bilen
Özümiň ornumy çalşyp ýörmükäm?...»

Italmaz NURYÝEW.
9
115
Gussam
29.03.2022 00:15
SOWAL
Sowalym galandyr saba ýellerde,
Magşuk wasp edilse saýrak dillerde,
Joşup seýran etsem sähra-çöllerde,
Ilkinji gülälek görünen bada,
Näme üçin ilki sen düşýärsiň ýada?!

Güllerdenem gözelligiň üçinmi,
Mydam söýüp gezenligim üçinmi,
Kän gül sowgat berenligim üçinmi,
Bilemok ýene sen düşýärsiň ýada,
Ilkinji gülälek görünen bada.

Belki, senden daşdalygym sebäpmi,
Arzuwlarma baş bolanyň sebäpmi,
Şindem saňa teşneligim sebäpmi,
Juwan ýüregimi ýandyryp oda,
Näzlere beslenip düşýärsiň ýada.

Meger, söýgi sebäp ýada düşmäge,
Gülli ýazlar sebäp dolup-daşmaga,
Ykbalyňy ykbalyma goşmaga,
Ömürlik gelermiň gelmezmiň ýa-da
Juwan ýüregimi ýandyryp oda.
9
50