GÖRENEM DÄLSIÑ...
Barýaryn men ýene öňki ýol bilen,
Gursagym heserli, kalbym ýaraly.
Belki-de, sen entek görenem dälsiň,
Gözün ýaşlap, gamgyn goşgy ýazany.
Gün-günden kütelip barýar görejim,
Her gün gije ak kagyzy nagyşlap.
Şeýle bir mähriňi duýasym gelýär,
Ýeke sözde bilmesem-de bagyşlap.
Aýdyp ýetişmedik sözlerim, yşkym,
Ýüregimden paýrap-paýrap dökülýär.
Şu gün "Söýýän!" diýip, adam nämüçin,
Ertir bolsa munuň üçin ökünýär.
Meňzeýärin menem şolaň birine,
Söýgi, ökünç... gatym-garym bolupdyr.
Düşünşime görä, meniň bu söýgim
Wah-eý, seniň rahatlygyň bozupdyr.
Aglap goşgy ýazmagymy bes edip,
Seniň rahatlygyň bozmajak borun.
Güller açylypdyr,
ýöne olardan
Seniň üçin çemen bogmajak borun.
...Barýaryn men ýene öňki ýol bilen,
Gursagym heserli, kalbym ýaraly.
Belki-de, sen entek görenem dälsiň,
Gözün ýaşlap, gamgyn goşgy ýazany,
Hemem yşky üçin şeýdip ýanany😔.
Ogultäç ORAZTAGANOWA.