Gussam
13.06.2022 19:12
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!

Söýgini ezizläp, setire salyp,
Men saňa goşgudan çemen bagladym.
Gözlerňi ýaglygyň ujuna çalyp,
Öten agşam sen nämüçin agladyň.

Çekdiň ýekelikde nämäniň derdin,
Aýry derdiň bolmaz, bile çekeli.
Men sizde birgiden ýat adam gördüm,
Şolar näme iş bilen gelen ekeni.

Olar size girip çykýandyr belki,
Seň girip çykyşyň azaltmak üçin.
Edip söýgimizi ryswa-gülki,
Gara saçymyzy agartmak üçin.

Sen aýtsaň-aýtmasaň bir zat aňladym,
Öten agşam sen nämüçin agladyň?!

Italmaz Akmyradow.
8
78
BagtyýarGeldiýew
18 Iýun 2022
👏👏👏👏👍👍👍👍👍
perizadym
13 Iýun 2022
.....💔😔🥀
zolushka
13 Iýun 2022
💔🥀........
Shasoltan
13 Iýun 2022
👍👍👍👍👍
Relax
13 Iýun 2022
💯💥💯👏👏👏
HoJoM
13 Iýun 2022
......👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.