PALAW ATAR, EJE
Mekdepde bir günde bäş bäşlik alyp
gelsem...
bilmän begenjimden näderim,
Eje, göwnüm üçin, meniň şanyma
Palaw bişiräýmäň bardy käte bir.
Palawyň tüwüsin daşjagazlardan
Yhlas bilen bir-bir saplap atardyň.
Eje, şu gün palaw atar,
ol meni,
Goý, şol bigam çagalygma atarsyn!
Palaw atar, eje, şo-ol öňkiň ýaly,
Gaýtala-da özboluşly baýramym.
Hemem ýüregimi aýaňa al-da,
Saplap ber ýollarda düşen daşlardan,
Tüwiň daşjagazyn özüm aýraryn.
Kakamyrat REJEBOW.