Greenleaf
06.03.2021 13:28

XIV
Ine, adamzadyň iň zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Siz şeýle bir söýüň, şeýle söýüliň,
Goý, gökde ýyldyzlaň gözleri gitsin.

Söýüp — peslik, pislik köküni gyryň!
Söýgi bilen söýüň! A söýgi giňdir.
Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym,
Çünki meň geçmişim — seniň söýgiňdir.

Seniň aýdyp ýetişmedik sözleriň,
Ýaňakda gijeden yz galan halyň,
Seniň meni gözläp ýören gözleriň,—
Şudur ähli geçen, geljek ykbalym.

Gör, eýýäm iňrige gark bolupdyr ýer,
Ömrüň agajyndan düşüp dur günler.
Gurbannazar Ezizow
Dowamy bar
13
80
Greenleaf
05.03.2021 00:29
XIII
Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty,
Sekiz elli gussaň manysy ýokdur.
Iru-giç päk bolsa ynsanyň bagty,
Başda söýýän wagty ýüregi päkdir.

Söýgiň bilen maňa beren päkligiň
Bu başymy belent göge ýetirdi,
Meniň ykbalymda seniň ýoklugyň
Maňa juda tämiz gussa getirdi.

Seniň gussaň bilen galdym belende,
Seniň gussaň bilen ömrüm abatlyk.
Gussa söýgi bilen dörän bolanda,
Dünýede iň tämiz şatlykdyr şatlyk.

Guramaz dünýede söýgiň daragty! —
Ine, adamzadyň iň zerur bagty.
Gurbannazar Ezizow
12
191
Greenleaf
04.03.2021 23:18
XII
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar,
Oňatlygyň hemem erbet pälleriň.
Onuň örän uly aladasy bar —
Olam aladasy uly şarlaryň,

Ýogsa onuň özem men diýen aşyk,
Şol ylgap ýör. Oňa pellehana ýok.
Her günde bäş sany materik aşyp,
Şindem Aý ýaryna duşup bilenok.

Ýöne ol ýyladýar duşmadyklary,
Aýa duşman, edýän ahmyrna derek.
Bize-de, Gün ýaly, gussajyklary
Öz nurumyz bilen gizlemek gerek!

Oňatlyk, nur ýagsa ýagmaly wagty,
Söýülse, Gün dogsa dogmaly wagty.
Gurbannazar Ezizow
Dowamy bar
11
70
Greenleaf
Greenleaf
03.03.2021 07:29
XI Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä. Duşanlary — bir ýassykda uklarlar, Duşmadyga — bir ýassyk az görünýä. Şu gün köçämizden bir gözel geçdi. Kim ol? Ady näme?
Greenleaf
Greenleaf
02.03.2021 05:21
X Rugsat berenden soň haýbatly horaz. Başlar baky urşy «ýok» bilen «baryň», A men sen barada ýazaryn gazal, Oňarsam gussamy ilden gizlärin. Öterin men ähli deňizden, otdan, Goý, ot bilen suwdan
Greenleaf
Greenleaf
01.03.2021 00:11
Bahar buşlukçysy / HALYL KULYÝEW Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, Pyntyklady pisse bilen badamlar. Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: - Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar. Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi:
Greenleaf
Greenleaf
28.02.2021 09:33
IX Her hal säher tüm çetinden jyklanda, Suwy süýjän alma kimin daň atar. Şeýdip ýarym dünýe gezen, ykmanda Günüň mis naýzasy zemine ýeter. Sen meniň bagtymmy ýa meniň gaýgym? Bagtymmy? Gaýgymmy? Ony
Greenleaf
Greenleaf
27.02.2021 08:16
VIII Dogmajak ýalydyr güni hem aýy, Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan, Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy? Bu ýeke-täk ýolmy ýollaň baryndan? Söýgi hasrat däldir. Ýürekde dörän, Hiç mahal guramaz
Greenleaf
Greenleaf
26.02.2021 09:29
VII Aşyklar duşmasa biri-birine, Bir deňze guýmasa ol goşa derýa, Ähli umyt siňer ýeriň şoruna, Ähli geljek göni geçmişe barýa. Men seni soraglap gezýän dünýäni, Seni tapjak bolýan şamu-säherden. Bu
Greenleaf
Greenleaf
25.02.2021 08:31
VI Yşk lezzeti köňli guçýar günsaýy. Ol lezzet bahardyr ýar bilen ýara. Baglaň pyntyk ýaryşy deý mart aýy, Ähli duýgularyň pyntygyn ýarar. Şeýdip, maňa düşer ýigdekçe, ine. Nädogry ýaşaýşy birden