X
Rugsat berenden soň haýbatly horaz.
Başlar baky urşy «ýok» bilen «baryň»,
A men sen barada ýazaryn gazal,
Oňarsam gussamy ilden gizlärin.
Öterin men ähli deňizden, otdan,
Goý, ot bilen suwdan bolsun ýazanym.
Söýmek üçin mertlik gerek bar zatdan,
Seni söýüp, soňra mertlik gazandym.
Döredi öňümde gomlaryň beýgi,
Ýeňdim men olary ýeňşi deý gämiň,
Belki, myradyna ýetmedik söýgi
Ýeten söýgülerden kämildir kämil.
Bu dünýe jemidir (oý ediň, barlaň!),
Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň
Gurbannazar Ezizow
Dowamy bar