XIV
Ine, adamzadyň iň zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Siz şeýle bir söýüň, şeýle söýüliň,
Goý, gökde ýyldyzlaň gözleri gitsin.
Söýüp — peslik, pislik köküni gyryň!
Söýgi bilen söýüň! A söýgi giňdir.
Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym,
Çünki meň geçmişim — seniň söýgiňdir.
Seniň aýdyp ýetişmedik sözleriň,
Ýaňakda gijeden yz galan halyň,
Seniň meni gözläp ýören gözleriň,—
Şudur ähli geçen, geljek ykbalym.
Gör, eýýäm iňrige gark bolupdyr ýer,
Ömrüň agajyndan düşüp dur günler.
Gurbannazar Ezizow
Dowamy bar