XI
Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň
Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä.
Duşanlary — bir ýassykda uklarlar,
Duşmadyga — bir ýassyk az görünýä.
Şu gün köçämizden bir gözel geçdi.
Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden?
Ol saňa şeýle bir gaty meňzeşdi,
Sen adyňy tutman, saklandym zordan.
Sen sesimi eşden bolsaň eger-de,
Ýüregňi gyýardy ol misli päki.
Men nirde ýansam-da doňsam-da nirde,
Seniň rahatlygňy bozmaryn baky.
Seniň rahatlygyň bar bolsa eger,
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar
Gurbannazar Ezizow