Güljagaz♡♡♡
25.04.2023 11:57

Ilki bilen hemmå salam...

Men bu posty işsiz wagtym ýazdym...


Ilki bilen öwrenmeli programmasyny döredenlere köp sag bolsun aýdasym gelýä gaty gyzykly programma🙂

Soñam adminlere köp sag bolsun aýdasym gelýä sebäbi olar meniñ hasabymy derrew barlap berdiler we örän oñat diýip bellediler....🙂

Soñra editorlar olar mydama gyzykly zatlar paýlaşýarlar hakyky derejelerine mynasyp adamlar....🙂

Agzalar hakynda azajyk durup geçesim gelýär....😊

Ilki bilen Şaperi❄️04 şu gyzy gaty gowy görýändä🤗 hiç içimi gysdyranokda, ýöne derrew ukysy tutýa diýäýmeseñ...😴 gaty görmäweri gy dogan ýaly görýändirin...🙃

Artykowa Dunya, bar ine söwdagär dogan armada...🙋‍♀️ degişme dagy goýaýsa derrew trend bolýanlardan bela ýaly gyz...😁 señ bar wagtyñam içim gysanok....😉

Melikee bar ine...🙋‍♀️ ýaryş guramana gyzyklyja post goýmana gaty ökde...😊

Melek06 bar ýaşdaş joram...🙃 bu-da jigileri bilen başagaý arada myhmançylygada çagyrdy meni...🤗 belki bir gün jigileñ bilen oýnamana menem bararyn..😊

Jemal_Seýitniýazowa-da bar örän asylly kiçi göwünli gyz...🙂

Gul_ bar bu-da gowy görýän gyzlamdan biri like basjak diýensiñ ýatladaýyn.....😊

Arzuw_shayymowa-da bar täzelikde ýyldyz✨️ bolan gyzlañ biri entek tanyşyba ýetişemok bu gyz bilen ýöne gowy gyza meñzeýä...😊

Atakulyyewa_Humay öwrenmäni halaýan gyz....🤓

Näzlii täze agzalardan 🙂 hoş geldiñ Näzlii, aktiwje gatnaşýan gowja gyz.😉

Wiii meşhur gyzlaram ýatlaman geçip bolmaz...🙂 Kowser, Gulshatayewa97, bar....mañada siz ýaly meşhur bolmak nesip etsin..😊

😜CcaRazy GiRLL😜 bar komedýa gyzlañ biri (gaty görmäweri jan dogan....bih:))😊

Guldesse bar ine bolliwud obada bolan waka goýmakda ökde....😊

Entek tanyşmadyk gyzlamdan Maral, Menesa_, Aýjahan Spr 04, idealis kiz, senorita,moonlight, we ýene ýeneler....sizem ýatdan çykarmadym...🙃

Indi gezek oglanlara geldi öýtýän başladyk onda...🙋‍♂️

Ideallider bilen Imissyou haçan görseñ online ýedi ýigrimi dört ulgamda, öwrenmelä prapiska bolan ýaly....😁 degişýänle gaty göräýmäñ...😉

Okayjy bar şul oglana haýran galýanda diñe bileni-biteni okamak köp okap saçy düşerem öýtýän arasynda...😁😄

Aramyzda şahyrlaram bar Ýakup Allabaýew, Baýram Bejidow, Gulnaz Nurekowa......şulardanama bir islegim bar haçan öwrenmeliniñ agzalaryna degişli goşgyjyk goşarlarka garaşýan özä...🙄 ýöne beýleki goşgularyna söz ýok bulañ işiñizde üstinlik....😉

Myrataly bar basym bu-da fotoçy bolmakçy öýtýän....surat köp paýlaşýar özä....😁😄 gaty görmäweriñ degişýändirin...😉

Best_person bar gaty tanamok welin kän gürlemäni halanok öýtýän...🤔😊

TKM_AÝDYMÇY_ÝIGIT98 bar talant aýdymçy toýumda seni çagyraryn hökman...😉

Kobo- da bir ýerlerden çykdy...😊

Dovlet_Ashyrow....bar aladasy adamlary güldirmek diñe degişme goýýançylardan....😄

Wii myhmanlar ýatdan çykyp barýara....bulañam içinde her dürlisi bar gowusy erbedi ýöne köpsi gowumyka diýýän...🙂

Ýatdan çykan bar bolsa gaty görmäweriñ ýatlan agzalam siziñem göwniñize degjek söz diýen bolsam bagyşlarsyñyzda....😊

Post ýerine düşendir diýip umyt etýän...🙂


Iş edinip ýazan: Güljagaz♡♡♡.

68
763
Güljagaz♡♡♡
24.04.2023 09:18
EŞIDÝÄRIS. SEBÄBINI BILÝÄRISMI ?

Beýnimiz barada köp eşidilýän, ýöne sebäbi bilinmeýän käbir gyzykly maglumatlar:🧠

Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda özüňe ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi bilermenler tarpyndan ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary sizde peýda bolar. Mundan başga-da, gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.

Beýni 🧠 öwrenýärkä ulalýar. Täze öwrenilýän her bir başarnyk üçin beýni özünde ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem, braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edilendir.

Beýnimiziň iki ýarymşary aýry-aýry işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýnimiziň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçmeli bolýar. Mysal üçin, kitap okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.

Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy hem aşa ýokarlandyrýar.
28
405
Güljagaz♡♡♡
22.04.2023 21:00
Menem dünýäñ işlerinden
Sizden beter ýadap ýörün
Sorasalar syr bildirmän
"Gowy" diýip aldap ýörün.

Ýagşylykda at galdyryp
Dogry ýoldan haýdaberiñ
Derdiñ aýtsañ diñlejek az
"Gowy" diýip aldaberiñ.......😔
25
222
Güljagaz♡♡♡
20.04.2023 21:27
1-nji sorag.Haýsy nahary halaýañyz ýa-da halamaýan naharyñyz näme ?🍝🍛🌮
2-nji sorag. Adyñyzy kimiñ dakanyny bilýäñizmi?
3-nji sorag. Öýde haýsy işi etmäni halañyzok?

Gyzyklyja jogaplara garaşýan.... 😊

Like basmany unutmañ......👍👍👍
23
442
Güljagaz♡♡♡
19.04.2023 10:58
Bu dünýäde aglajak bar güljek bar
Bir gül ysgap başga güli aljak bar
Eger bar zat puldan düzelýän bolsa
O dünýeden bu dünýä geljek bar...😔

Meñiñ sadalygym şundan ybarat:
Her bir diýlen zada ynanyp ýörin...🙁

Durmuş pikir edişimçe däl eken
Käsi adam käsi ýöne san eken.
Çyn ýürekden söýýänlerem bar ýaly
Ýalandan söýýänler juda kän eken..😔

Asly şat bolmasa güldirip bolmaz.
Öñ ýetene syryñ bildirip bolmaz.
Ýekeje söz bilen ýykylan göwni
1000 söz bilenem galdyryp bolmaz...💔
26
200
Güljagaz♡♡♡
16.04.2023 13:15
Doñdurma....🍦🍦🍦

Tomus paslyny biz haýsy önüm bilen baglanyşdyrýarys? Elbetde, doňdurma bilen!

Tomusda doňdurma bolan isleg tebigy ýagdaýda ýokarlanýar we ony marketlerde, dükanlarda, seýilgählerde we beýleki ýerlerde satyn alyp bilersiňiz. Satuwda doňdurmanyň dürli görnüşleri bar. Bu ýerde gysgaça doňdurma barada we onuň taryhy barada durup geçeliň.

Doňdurmany kim oýlap tapandygy barada takyk maglumatlar ýok. Emma resminamalaýyn subutnamalaryň barlygy sebäpli, bu önüm häzirki döwürden has öň barlygy mälimdir. Gadymy döwürlerde bu aýratyn tagam hasaplanyp, diňe girdejisi ýokary bolan adamlar ony alyp bilýärler eken.

Arheologlaryň, taryhçylaryň we alymlaryň maglumatlaryna we görkezmelerine görä, bu süýjilik, häzirki görnüşinde bolmasa-da, şoňa meňzeş önümi 5000 ýyl ozal mälim bolandygy subut edilýär. Gadymy hytaýlylar miweleri buz bilen garyp we oňa süýt goşup, imperator we onuň töweregindäki adamlar üçin saçaga äberipdirler. Gadymy Gresiýada we Gadymy Rimde yssy howada islenýän iýmitlere öwrülen dürli önümleri doňdurmak üçin ýörite buzluklary hem oýlap tapypdyrlar. Aleksandr Makedonskiniň döwründe onuň hyzmatynda dag eňňitlerinden ýörite gar magdançylary(üpjünçi) bardy – çalt ylgaýanlar gary eremegine ýol bermän eltmeli bolýan ekenler. Gippokratyň özi doňdurylan miweleriň aýratyn gymmatly häsiýetlere eýe bolýandygyna we olaryň peýdalydygy barada hem aýdyp geçendigi bellidir.

Bu önümiň taýýarlanylyşy Ýewropa döwletlerine getiren syýahatçy Marko Polanyň kömegi bilen tanyşandygy çak edilýär. Emma bu süýjilik diňe baý we tanymal adamlara üçin elýeter bolupdyr, sebäbi onuň taýýarlanylyşy gizlinlikde saklanýardy.

XVIII asyryň ahyrynda doňdurma Amerika hem gelip ýetdi. Ol ýerde çaltlyk bilen çagalaryň we ulularyň söýgüsini gazandy. Doňdurma ýasamak sungaty Amerikada başlandy. Şonuň üçin doňdurma bölek haryt däl-de, köpçülikleýin we elýeterli isleg bildirilýän harytlaryna öwrüldi.

Häzirki wagtda doňdurma önümleriniň taýýarlanylyşynyň görnüşi köp. Olaryň içinden iň meşhurlary henizem nusgawy tagamlar – wanil doňdurmasy we şokolad doňdurmasy hasap edilýär. Ondan başga-da täze tagamlar we goşmaçalar(goşundylar) gaty meşhur: hoz, köke, miwe önümleriniň goşulmagy.

Her ýylyň 10-njy iýunynda Bütindünýä doňdurma güni hem bellenip geçilýär.
🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦
17
220
Güljagaz♡♡♡
15.04.2023 13:20
Şeker barada gyzykly maglumatlar.....

Dünýäde ortaça her ýyl 110 million tonna şeker öndirilýär.

Şeker azyk önümleriniň zaýalanmagynyň öňüni alyp bilýär, sebäbi ol hem duz ýaly tebigy konserwantdyr.

Orta asyrlarda şeker Ýewropada derman önümlerine degişli bolup dermanhanalarda satylypdyr.

Birnäçe ýüzýyl mundan ozal şeker örän gymmat we elýetmez bolupdyr.Ony diňe örän baý adamlar satyn alyp bilipdirler.

Şeker diňe bir azyklyk üçin ulanylman, ony plastik önümlerini hem-de formateftika pudagynda we beýleki ýerlerde ulanylýar.

Ösümliklerden şekeri ýokary saklaýjylygy bilen hurma tapawutlanýar.

Dünýäde gant şugundyryna seredende, şeker çiňriginden has köp şeker öndürilýär.

Şeker baradaky ilkinji gadymy ýatlamalar b.e.öňki XVI asyrda ýüze çykarylypdyr.

Gant şugundyryna seredende, şeker çiňriginden alnan şeker organizm ýeňil özleşdirýär.

Şeker-rafinady ýagny gant ilkinji gezek XIX asyrda Çehiýada öndirilýär. Onuň üçin ýörite ýadygärlik binasyny hem dikeldipdirler.

Şeker peýdalanylyşy boýunça Braziliýa dünýäde birinji ýerde durýar.

Şekeriň çenden-aşa köp peýdalanylmagy organizmde insuliniň derejesiniň ýokary galmagyna getirýär, bu bolsa öz gezeginde çiş keseliniň we süýji keseliniň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýär.

Şeker çiňrigi dikligine 7-9 metre çenli ösüp bilýär.

Orta statistiki maglumatlara görä, adam ýylda 40 kg şeker iýýär.🙂🙂🙂
23
215
Güljagaz♡♡♡
14.04.2023 06:15
ÇAÝ BAŞYNDA: dürli halklaryñ çaý däpleri....
Çaý köp halklaryň iň esasy içgisi diýilse hakykata laýyk bolsa gerek. Her halkyň çaý içmek däbi bolsa asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, medeniýete ornan özboluşlylykdyr.

Dünýä halklarynyň çaý demleýşinde we çaý içmek dessurynda nähili tapawutlar barka? Şunuň bilen bagly 5 dürli halkyň çaý däplerine seredip geçeliň.
Ýaponiýa

Günüň dogýan ýurdy bolan Ýaponiýada çaý içmek sungaty samuraý elitalarynyň arasynda häzirki sungatyň «Týanýu» diýlip atlandyrylýan dörän döwründe, başlangyjynda meşhurlyga eýe bolup ugrapdyr. Bu ýerde çaý däbine has inçelik bilen garalypdyr hem-de onuň ýüzlerçe hili düzgüni ýüze çykypdyr.

Ýaponlar her gün nahardan öň ýa-da ondan biraz soňra birnäçe bulgur çaý içýärler. Bu ýurtda çaýyň ýany bilen şeker ýa-da süýjülik uzatmak adaty ýagdaý däldir.
Hytaý

Hytaý halkynda çaý içmek däbi müňlerçe ýyllap öz aýratynlygyny saklap gelýän mukaddes dessur hasap edilýär. Ol guşlaryň jürküldisini ýa-da çeşmäniň sesini ýadyňa salýan täsin, mylaýym sazyň sesi bilen utgaşdyrylýar.

Olar çaýy ilki «gaýwan» diýlip atlandyrylýan ýörite bulgura guýýarlar we ondan hem çaý içýän bulgurlaryna geçirýärler.
Tibet

«Çasuýma» — bu tagamy boýunça turşumtyk kumys içgisine meňzeş bolan, tibet halkynyň milli içgisi. Bu içgi çaý ýapraklaryny ýak öküziniň süýdüne goşup, birnäçe sagat goýmak arkaly alynýar. Ajymtyk tagamly çaý kaloriýalara baý we dokundyryjy häsiýete eýedir. Ony hödür etmezden öňinçä, çaýa duz ýa-da ýag goşýarlar.
Angliýa

«Süýtli çaý» ýa-da «Five o’clock Tea» diýen jümleleri eşiden mahalyňyz olary näme bilen baglanyşdyrýarsyňyz? Elbetde, Angliýa bilen.

Iňlisler günüň dowamynda 5 bulgur çaý içýärler diýen pikir köpleriň hakydasynda bar bolsa gerek. Adata görä, dumanly Albionyň milleti gyzdyrylan süýdüň üstüne çaý guýýarlar. Şeýle edilende çaýyň tagamynda has ýumşaklyk duýulýar.Türkiýe

Türkiýäni iň köp çaý içýän ýurtlaryň biri hökmünde hasap etmek bolar. Sebäbi türk halkynyň her bir ýaşaýjysy ýylyň dowamynda ortaça 2,5 kilogram çaý satyn alýar. Bu ilde hiç bir gürrüňem, söhbetem ýa-da maşgala bolup bir saçagyň başyna üýşmegi hem çaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Türkler çaýy iki gatdan ybarat bolan çäýnege — «Çaýdanlyga» demläp, içine şeker bölegi ýa-da miwe kişdeleri goşulyp içilýän «armudu» atlandyrylýan aýna bulgurlarda uzadýarlar.

ERTIRIÑIZ HAÝYRLY BOLSUN......
18
298
Güljagaz♡♡♡
13.04.2023 16:22
KOFE............☕️☕️☕️
Aslynda kofe näme? Kofe özboluşly bir ösümlik bolup, onuň iýmit hökmünde peýdalanyp başlanylmagy bilen bagly dürli hili garaýyşlar bar. Olaryň iň ygtybarlylarynyň biri-de, Efiopiýanyň Kaffa diýen ýeri bilen baglanyşdyrylýar.

Ýagny, biziň eramyzdan öňki asyrlarda bu ýerde maldarçylyk bilen meşgullanan ýerli ilat geçileriň kofe dänelerini iýýänini we onuň mallaryň işjeňligini artdyrýandygyna şaýat bolup, bu däneleri datmak bilen, ilkinji bolup, olaryň täsirli tagamyny duýupdyrlar. Rowaýatda beýan edilişine görä, şol wagtlar bu ýerlerden geçen çarwadarlar kofe ösümligini Ýer ýüzüniň dürli künjegine ýaýradypdyrlar. Kofeni gaýnadyp içmek üçin ilkinji gezek 7-nji asyrda Ýemende ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar.
Kofe dänelerini gaýtadan işlemäge dürlüçe usullar arkaly çemeleşipdirler. Ilkibadalar däneleri çigligine gaýnadyp, naharlara goşupdyrlar. Kofeniň miwesi bişenden soň, ony guradyp gaýnadypdyrlar. Ondan emele gelýän içgi bolsa kişr diýlip atlandyrylypdyr. Ol ilkinji gezek kofeniň içgi edilip ýasalan görnüşi, ýagny ýemen kofesi bolupdyr. Şol wagtlar efioplaryň araplar tarapyndan basylyp alynmagy netijesinde, bu ýerlerde ýetişýän kofe miwelerini gaýnadyp, ony ýagdyr dürli goşundylar bilen garypdyrlar we uzak ýollara gidenlerinde ýanlary bilen güýç beriji iýmit hökmünde alypdyrlar. Bu özboluşly iýmit bolup, heniz gowrulmadyk hem bolsa, edil beýleki maňyzlar ýaly ýokumly maddalary, hat-da üstesine düzüminde kofein maddasyny hem saklapdyr. Bu iýmit guraksy arap çöllüklerinde köp wagtlap ýörän kerwenleriň hem ajykdyrmaýan, hem-de bedeni taplaýan iýmiti bolup köp ýyllar hyzmat edipdir.
Näme diýlende-de, kofeniň beýle görnüşde peýdalanylmagy gowrulan kofeniň ornuny tutup bilmeýär. Diňe birnäçe asyrdan soň, adamlarda kofe dänelerini gowrup peýdalanmak ideýasy peýda bolup başlapdyr. Has anygy, käbir çeşmelerde beýan edilişi ýaly, däneleri gowurmak 11-nji asyrda Ýemende başlanypdyr. Şol wagtlar kofeniň häzirki görnüşde içilmegini oýlap tapan araplar däneleri gowrup, ony owratmak bilen, imbir hem-de dalçyn ýaly ösümlikleriň däneleri bilen garyp adaty kofe içgisini döredipdirler. Kofeni süýt bilen garyp içmegem araplaryň adamzat taryhyna getiren täzeligidir.
15-nji asyryň ortalaryna kofe içgisi Türkiýä gelip ýetipdir. Ol Konstantinopolyň ýaşaýjylary üçin örän ýakymly we hoşboý ysly içgi bolupdyr we eýýäm sanlyja ýyllardan soň, şäherde ilkinji kofe dükany açylypdyr. Gündogarda şeýle dükanlaryň we kofehanalaryň giň meşhurlyga eýe bolmagy olara gelýän müşderileriň görnetin derejede artmagyna sebäp bolupdyr. 16-njy asyrda Türkiýede kofemaniýa, ýagny kofeni aşa halamak ýörgünli bir medeniýete öwrülipdir diýilse-de ýalňyş bolmaz. Sebäbi, bu içgini içýänleriň sany tas ähli adama barabar bolup diýen ýalydyr.
Stambul we Damask şäherlerindäki kofehanalarda bir bulgur kofe içmegi küşt ýa-da şaşka oýunlary bilen utgaşdyrypdyrlar. Damaskdaky ilkinji kofehana 1530-njy ýylda, şondan 2 ýyl soň Alžirde, 1554-nji ýylda bolsa Stambulda peýda bolupdyr. Ýewropa ýurtlaryna kofeni ilkinji gezek 1615-nji ýylda Wenesiýa söwdagärleri getiripdirler. Bu şol döwrüň beýleki iki sany içgisinden — 1528-nji ýylda ispanlar tarapyndan Amerikadan getirilen gyzgyn şokoladdan hem-de 1610-njy ýylda Ýewropa ýurtlaryna aralaşan çaýdan soň, üçünji meşhur içgi bolupdyr. Bu sebitiň ilkinji kofehanasy 1720-nji ýylda Wenesiýanyň San Marko meýdançasynda açylan “Kafe Floriandyr”. Häzir onuň döredilenine 3 asyr geçenem bolsa, kofehana biziň günlerimizde-de müşderilere hyzmat etmegini dowam etdirýär. Ýewropalylaryň kofe içmäge endik etmegi ilkinji gezek Italiýanyň Osman imperiýasyndan kofe import etmegine getiripdir.
Kofe — maýyl howa şertlerinde ösýän ösümlik bolup, onuň miwesiniň tagamy dürli ýerlerde tapawutlydyr. Ol esasan Afrikanyň, Hindistanyň, Braziliýanyň we Çiliniň, şeýle-de Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň käbirinde giňden ýaýrandyr. Iň ýokary hilli we tagamly kofeler deňiz derejesinden 2000 metr beýiklikde ýerleşen ýerlerde ösýär. Şeýle belentlikdäki maýyl howaly ýerlerde kofe haýal ýetişip, miwesinem ýylda bir gezek berýän bolsa, adaty ýerlerde ol ýylda dört gezek hasyl berýär.
Dünýäde kofeniň esasy dört sany sorty bardyr. Olar arabika, robusta, ekseliýa we liberika. Arabika kofesiniň Watany Efiopiýa hasaplanylýar. Bu ýurtda bir ýylyň dowamynda kofeniň 200-250 müň tonnasy ýygnalyp, onuň ýarysy daşary ýurtlara eksport edilýär. Efiop kofesiniň iň meşhur sortlary harar we jimma diýlip atlandyrylýar. Olar ajaýyp ysy bilen tapawutlanýar. Dünýäde kofe agaçlarynyň umumylykda 50 görnüşi mälim bolsa-da, olardan diňe arabika we robusta önümçilikde has giňden peýdalanylýar. Kofe önümçiliginiň 70%-i arabika bolsa, galan 30%-e golaýy robusta kofeleridir.
Şu günki günde köpimiziň içýän garylýan kofemiz bir asyrdan gowrak wagt mundan öň, ýagny 1901-nji ýylda döredildi. Onuň reseptini asly ýaponiýaly amerikan himigi Satori Kato oýlap tapypdyr. Ol ilkibada ajy içgi diýlip kabul edilse-de, Birinji Jahan urşuna gatnaşan esgerleriň söweşi mertlik bilen alyp çykmagyna ýardam edipdir. Soňra 30-njy ýyllarda Şweýsariýada garylýan kofeni gaýtadan kämilleşdirmegi başarypdyrlar. Bu kofe-de öz gezeginde Ikinji Jahan urşuna gatnaşan esgerleriň gündelik içýän içgisine öwrülipdir. Hususan-da, kofe amerikan esgerleriniň gündelik naharynyň ýany bilen berlipdir.
Geçen asyryň ortalaryna kofeniň täze bir görnüşi — espresso, ýagny kofe ýasaýjy enjam arkaly demlenýän kofe italýanlar tarapyndan döredilipdir. Kofe enjamyň özi asyryň başlaryna oýlanyp tapylan bolsa-da, onda kofe demlemek has soňraky ýyllarda meşhur bolup, eýýäm 50-nji ýyllardan kofehanalarda örän ýörgünli bolup ugrapdyr. Soňlugy bilen kofe islendik adama elýeterli bolupdyr we adamzat jemýgyýetiniň gündelik durmuşynda mynasyp orun alypdyr.
Kofe içmegiň zyýanly täsiri nämede? Bu sorag köpler üçin gyzykly bolsa gerek, sebäbi adam öz saglygyna ýaramaz täsir edýän islendik zat barada aýratyn oýlanýar. Kofeni çendenaşa köp içmek, ajöze içmek, ajy edip demläp içmek ýürek we aşgazan kesellerine getirip bilýär. Ol hasam ýürek üçin zyýanlydyr. Bu babatda kofemanlaryň gün tertibinde kofe içmegiň wagtlarynyň kadaly bolmagy zerurdyr. Şonuň üçinem, uly ýaşly adama bir günüň dowamynda ortaça 3-5 bulgur kofe içmek maslahat berilýär.

Biziň günlerimizde kofeleriň taýýarlanyşynyň birnäçe görnüşleri bardyr. Olardan esasylary diýip — espresso, latte, amerikano, mokkaçino, kapuçino, raf ýaly kofeleri bellemek bolýar. Espresso içginiň kofe maşyny arkaly demlenýän adaty görnüşi bolup, onuň suw we limon goşulýan usullary hem bardyr.
Latte bolsa kofeniň iň meşhur görnüşidir. Ol espressonyň üstüne süýt köpürjigini goşup ýasalýar. Onuň ýumşak tagamly bolmagy köpler üçin ýakymlydyr. Bu kofeniň ýasalyşynyň tersine süýdüň üstüne espresso kofesi goşulsa, kofeniň ýene bir görnüşi latte makiato alynýar. Kofehanalaryň hemmesinde diýen ýaly üsti köpürjikli bolýan bu içginiň ýüzünde dürli şekilleri ýasaýarlar. Bu bolsa häzirki wagtda täze bir özboluşly kiçijik sungaty — latte-arty ýüze çykardy.

Kofeniň giňden ýaýran görnüşleriniň ýene-de biri amerikanodyr. Bu kofeni Ikinji jahan urşy ýyllarynda italýanlar içip başlapdyrlar. Ol suw bilen goşulan adaty espressodyr. Amerikano has ajy kofeni içmek islemeýänler üçin taýýarlanylýar diýilse-de bolar. Oňa az mukdarda şeker goşup hem içýärler.
Mokkaçino kofesi taýýarlanylanda latteniň üstüne şokolad goşulýar. Muny käbir ýerlerde tersine, şokolada latte goşmak arkaly hem ýasaýarlar.

Gündelik içilýän kofeleriň hatarynda kapuçinony ýatlaman geçmek bolmaz. Ol köpler üçin latte bilen meňzeş görünse-de, olaryň tagamy deň däldir. Süýt latte kofesine köp goşulýar, ýagny latteniň 85%-i süýt we 15%-i espresso, kapuçinonyň bolsa 65%-i süýt, 35%-i espresso bolýar. Şeýle-de kapuçino 65 derejede gyzgynlykda demlenýär.

Raf diýip belläp geçen kofemiz bu içginiň adaty bolmadyk görnüşidir. Bu usuly ruslar döretdiler. Munuň gysgaça taryhy şeýle: Moskwadaky rus kafeleriniň birinde Rafaýel atly hemişelik gelýän müşderi bolup, ol bir gün adaty bolmadyk kofe sargyt edipdir. Baristalar bolsa oňa espressony gaýmak we wanilin tozy bilen goşup hödür edipdirler. Netijede hoşboý ysly kofe emele gelip, kofehanalaryň tagamnamasynda mynasyp orun alypdyr.
Ýeri gelende kofe içgisi bilen bagly gyzykly maglumatlara ýüzlensek, ilkinji nobatda, her ýylyň 1-nji oktýabrynda dünýäniň 78 ýurdunda Kofe gününiň bellenilýändigini aýtmagymyz gerek.

• Kofe önümçiligi mukdary boýunça dünýäde nebitden soň, ikinji orunda durýar.
• Italýanlar kofeni şeker bilen garýarlar, meksikanlar dalçyn bilen, nemesler we şweýsarlar şokolad bilen goşup içýärler, efioplar kofe duz goşýan bolsalar, morokkolylar oňa burç goşýarlar.
• Kofeni günde içýän adamlar diş lukmanyna az ýüz tutýarlar. Alymlar bu pikirini, kofeniň dişleri goraýandygy bilen subut edýärler;
• Dünýäde kofe içgisini iň köp içýän halk finlerdir. Olar her günde ortaça 5 bulgur kofe içýärler.
☕️☕️☕️
20
202
Güljagaz♡♡♡
12.04.2023 21:53
123456789
Şu sanlary ulanyp jogaby 100 çykarmaly.
(+ - ÷ × şu amallary ulanyp jogaby 100 çykarmaly bir amaly ikinji gezek hem ulanyp bolýar. Sanlary birleşdirip meselem 12 34 56 ýaly edip birleşdirip bolýar ýöne 19 57 38 ýaly edip birleşdirip bolanok) Hany kim işläp bilerkä😁😁😁
13
146