Güljagaz♡♡♡
16.04.2023 13:15
Doñdurma....🍦🍦🍦

Tomus paslyny biz haýsy önüm bilen baglanyşdyrýarys? Elbetde, doňdurma bilen!

Tomusda doňdurma bolan isleg tebigy ýagdaýda ýokarlanýar we ony marketlerde, dükanlarda, seýilgählerde we beýleki ýerlerde satyn alyp bilersiňiz. Satuwda doňdurmanyň dürli görnüşleri bar. Bu ýerde gysgaça doňdurma barada we onuň taryhy barada durup geçeliň.

Doňdurmany kim oýlap tapandygy barada takyk maglumatlar ýok. Emma resminamalaýyn subutnamalaryň barlygy sebäpli, bu önüm häzirki döwürden has öň barlygy mälimdir. Gadymy döwürlerde bu aýratyn tagam hasaplanyp, diňe girdejisi ýokary bolan adamlar ony alyp bilýärler eken.

Arheologlaryň, taryhçylaryň we alymlaryň maglumatlaryna we görkezmelerine görä, bu süýjilik, häzirki görnüşinde bolmasa-da, şoňa meňzeş önümi 5000 ýyl ozal mälim bolandygy subut edilýär. Gadymy hytaýlylar miweleri buz bilen garyp we oňa süýt goşup, imperator we onuň töweregindäki adamlar üçin saçaga äberipdirler. Gadymy Gresiýada we Gadymy Rimde yssy howada islenýän iýmitlere öwrülen dürli önümleri doňdurmak üçin ýörite buzluklary hem oýlap tapypdyrlar. Aleksandr Makedonskiniň döwründe onuň hyzmatynda dag eňňitlerinden ýörite gar magdançylary(üpjünçi) bardy – çalt ylgaýanlar gary eremegine ýol bermän eltmeli bolýan ekenler. Gippokratyň özi doňdurylan miweleriň aýratyn gymmatly häsiýetlere eýe bolýandygyna we olaryň peýdalydygy barada hem aýdyp geçendigi bellidir.

Bu önümiň taýýarlanylyşy Ýewropa döwletlerine getiren syýahatçy Marko Polanyň kömegi bilen tanyşandygy çak edilýär. Emma bu süýjilik diňe baý we tanymal adamlara üçin elýeter bolupdyr, sebäbi onuň taýýarlanylyşy gizlinlikde saklanýardy.

XVIII asyryň ahyrynda doňdurma Amerika hem gelip ýetdi. Ol ýerde çaltlyk bilen çagalaryň we ulularyň söýgüsini gazandy. Doňdurma ýasamak sungaty Amerikada başlandy. Şonuň üçin doňdurma bölek haryt däl-de, köpçülikleýin we elýeterli isleg bildirilýän harytlaryna öwrüldi.

Häzirki wagtda doňdurma önümleriniň taýýarlanylyşynyň görnüşi köp. Olaryň içinden iň meşhurlary henizem nusgawy tagamlar – wanil doňdurmasy we şokolad doňdurmasy hasap edilýär. Ondan başga-da täze tagamlar we goşmaçalar(goşundylar) gaty meşhur: hoz, köke, miwe önümleriniň goşulmagy.

Her ýylyň 10-njy iýunynda Bütindünýä doňdurma güni hem bellenip geçilýär.
🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦🍦
17
220
Güljagaz♡♡♡
19 Aprel 2023
Işsizligem erbet zat eken......🙄🤕🤪
Güljagaz♡♡♡
19 Aprel 2023
Myhman, sag boluñ siziñem ertiriñiz haýyrly bolsun...
Myhman
19 Aprel 2023
Guljagaz hemmajämiz sag bolsun aydalyn
Myhman
19 Aprel 2023
Guljagaz gowmy yagdaylaryn ertirniz hayerly
Güljagaz♡♡♡
18 Aprel 2023
Melikee, okadyñmy
Güljagaz♡♡♡
18 Aprel 2023
Men ýatyp galypdyryn....🙄🙁
Güljagaz♡♡♡
17 Aprel 2023
Melikee, Elbetde bolar
Melikee
17 Aprel 2023
Salam Güljagazym.🤝Adam azrak wagty señ bn kiçijik 🤏 tanyşlyk etmek isleýän bolarmy ?
Myhman
16 Aprel 2023
Salam
Miss_Minnosh❤️
16 Aprel 2023
gayrat_,tazerak diyyeyinmi howwa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.