Güljagaz♡♡♡
24.04.2023 09:18
EŞIDÝÄRIS. SEBÄBINI BILÝÄRISMI ?

Beýnimiz barada köp eşidilýän, ýöne sebäbi bilinmeýän käbir gyzykly maglumatlar:🧠

Gujaklaşmak peýdaly. Öňler diňe ýakynlaň bilen gujaklaşmak peýdaly hasaplanýanam bolsa soňky wagtlarda özüňe ýakymly hasaplaýan islendik adamyňyz bilen gujaklaşmagyň beýnä gowy täsir edýändigi bilermenler tarpyndan ýüze çykaryldy. Şeýtmek bilen söýmek we baglanmak duýgulary sizde peýda bolar. Mundan başga-da, gujaklaşmak immuniteti ýokarlandyryp, nerw sistemasyny rahatlandyrýar.

Beýni 🧠 öwrenýärkä ulalýar. Täze öwrenilýän her bir başarnyk üçin beýni özünde ýer boşadýar diýsek has dogry bolar. Meselem, braýlda okap bilýänleriň beýnisinde şol başarnygyň ýerine ýetirilýän böleginiň has ulalýandygy subut edilendir.

Beýnimiziň iki ýarymşary aýry-aýry işlemeýär. Kähalatlarda hatda ýönekeýje hereketi ýerine ýetirmek üçin hem beýnimiziň birnäçe bölegi şol bir wagtda herekete geçmeli bolýar. Mysal üçin, kitap okalýan mahalynda beýniniň görüş we kabul ediş, maglumatlary işläp, olary gysga wagtlyk ýada goýýan bölekleri bilelikde işleýär.

Adrenaliniň täsiri zyýanly. Dartgynly ýagdaýlarda bedende stress garmonlary bolan – noradrenalin we adrenalin peýda bolýar. Olar bedeni gaçmaga we gaýtawul bermäge taýýarlaýar. Ýöne munuň bilen birlikde, gan basyşy hem aşa ýokarlandyrýar.
28
405
Güljagaz♡♡♡
28 Aprel 2023
Show, sag aman ýatyp turyñ......
Show
28 Aprel 2023
Güljagaz erte tanyssak bolyamy men yatmaly sizem sag Aman yatyp turun.
Show
28 Aprel 2023
Ozinizden aydyp baslayyn
Güljagaz♡♡♡
28 Aprel 2023
Show, elbetde.....
Show
28 Aprel 2023
Güljagaz♡♡♡, tanysmak mumkinmi
ideallider
25 Aprel 2023
Beýnisiniň 20-30% aýrylan adamlar öňküleriýaly, gülýaly ýaşapýörler🤔👍
yakup allabayew
25 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍👍
Güljagaz♡♡♡
24 Aprel 2023
Show, gowy sizem gowumy...
Show
24 Aprel 2023
Gowymysynyz güljagaz♡♡♡
Güljagaz♡♡♡
24 Aprel 2023
Show, salam...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.