Güljagaz♡♡♡
13.04.2023 16:22
KOFE............☕️☕️☕️
Aslynda kofe näme? Kofe özboluşly bir ösümlik bolup, onuň iýmit hökmünde peýdalanyp başlanylmagy bilen bagly dürli hili garaýyşlar bar. Olaryň iň ygtybarlylarynyň biri-de, Efiopiýanyň Kaffa diýen ýeri bilen baglanyşdyrylýar.

Ýagny, biziň eramyzdan öňki asyrlarda bu ýerde maldarçylyk bilen meşgullanan ýerli ilat geçileriň kofe dänelerini iýýänini we onuň mallaryň işjeňligini artdyrýandygyna şaýat bolup, bu däneleri datmak bilen, ilkinji bolup, olaryň täsirli tagamyny duýupdyrlar. Rowaýatda beýan edilişine görä, şol wagtlar bu ýerlerden geçen çarwadarlar kofe ösümligini Ýer ýüzüniň dürli künjegine ýaýradypdyrlar. Kofeni gaýnadyp içmek üçin ilkinji gezek 7-nji asyrda Ýemende ösdürip ýetişdirip başlapdyrlar.
Kofe dänelerini gaýtadan işlemäge dürlüçe usullar arkaly çemeleşipdirler. Ilkibadalar däneleri çigligine gaýnadyp, naharlara goşupdyrlar. Kofeniň miwesi bişenden soň, ony guradyp gaýnadypdyrlar. Ondan emele gelýän içgi bolsa kişr diýlip atlandyrylypdyr. Ol ilkinji gezek kofeniň içgi edilip ýasalan görnüşi, ýagny ýemen kofesi bolupdyr. Şol wagtlar efioplaryň araplar tarapyndan basylyp alynmagy netijesinde, bu ýerlerde ýetişýän kofe miwelerini gaýnadyp, ony ýagdyr dürli goşundylar bilen garypdyrlar we uzak ýollara gidenlerinde ýanlary bilen güýç beriji iýmit hökmünde alypdyrlar. Bu özboluşly iýmit bolup, heniz gowrulmadyk hem bolsa, edil beýleki maňyzlar ýaly ýokumly maddalary, hat-da üstesine düzüminde kofein maddasyny hem saklapdyr. Bu iýmit guraksy arap çöllüklerinde köp wagtlap ýörän kerwenleriň hem ajykdyrmaýan, hem-de bedeni taplaýan iýmiti bolup köp ýyllar hyzmat edipdir.
Näme diýlende-de, kofeniň beýle görnüşde peýdalanylmagy gowrulan kofeniň ornuny tutup bilmeýär. Diňe birnäçe asyrdan soň, adamlarda kofe dänelerini gowrup peýdalanmak ideýasy peýda bolup başlapdyr. Has anygy, käbir çeşmelerde beýan edilişi ýaly, däneleri gowurmak 11-nji asyrda Ýemende başlanypdyr. Şol wagtlar kofeniň häzirki görnüşde içilmegini oýlap tapan araplar däneleri gowrup, ony owratmak bilen, imbir hem-de dalçyn ýaly ösümlikleriň däneleri bilen garyp adaty kofe içgisini döredipdirler. Kofeni süýt bilen garyp içmegem araplaryň adamzat taryhyna getiren täzeligidir.
15-nji asyryň ortalaryna kofe içgisi Türkiýä gelip ýetipdir. Ol Konstantinopolyň ýaşaýjylary üçin örän ýakymly we hoşboý ysly içgi bolupdyr we eýýäm sanlyja ýyllardan soň, şäherde ilkinji kofe dükany açylypdyr. Gündogarda şeýle dükanlaryň we kofehanalaryň giň meşhurlyga eýe bolmagy olara gelýän müşderileriň görnetin derejede artmagyna sebäp bolupdyr. 16-njy asyrda Türkiýede kofemaniýa, ýagny kofeni aşa halamak ýörgünli bir medeniýete öwrülipdir diýilse-de ýalňyş bolmaz. Sebäbi, bu içgini içýänleriň sany tas ähli adama barabar bolup diýen ýalydyr.
Stambul we Damask şäherlerindäki kofehanalarda bir bulgur kofe içmegi küşt ýa-da şaşka oýunlary bilen utgaşdyrypdyrlar. Damaskdaky ilkinji kofehana 1530-njy ýylda, şondan 2 ýyl soň Alžirde, 1554-nji ýylda bolsa Stambulda peýda bolupdyr. Ýewropa ýurtlaryna kofeni ilkinji gezek 1615-nji ýylda Wenesiýa söwdagärleri getiripdirler. Bu şol döwrüň beýleki iki sany içgisinden — 1528-nji ýylda ispanlar tarapyndan Amerikadan getirilen gyzgyn şokoladdan hem-de 1610-njy ýylda Ýewropa ýurtlaryna aralaşan çaýdan soň, üçünji meşhur içgi bolupdyr. Bu sebitiň ilkinji kofehanasy 1720-nji ýylda Wenesiýanyň San Marko meýdançasynda açylan “Kafe Floriandyr”. Häzir onuň döredilenine 3 asyr geçenem bolsa, kofehana biziň günlerimizde-de müşderilere hyzmat etmegini dowam etdirýär. Ýewropalylaryň kofe içmäge endik etmegi ilkinji gezek Italiýanyň Osman imperiýasyndan kofe import etmegine getiripdir.
Kofe — maýyl howa şertlerinde ösýän ösümlik bolup, onuň miwesiniň tagamy dürli ýerlerde tapawutlydyr. Ol esasan Afrikanyň, Hindistanyň, Braziliýanyň we Çiliniň, şeýle-de Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň käbirinde giňden ýaýrandyr. Iň ýokary hilli we tagamly kofeler deňiz derejesinden 2000 metr beýiklikde ýerleşen ýerlerde ösýär. Şeýle belentlikdäki maýyl howaly ýerlerde kofe haýal ýetişip, miwesinem ýylda bir gezek berýän bolsa, adaty ýerlerde ol ýylda dört gezek hasyl berýär.
Dünýäde kofeniň esasy dört sany sorty bardyr. Olar arabika, robusta, ekseliýa we liberika. Arabika kofesiniň Watany Efiopiýa hasaplanylýar. Bu ýurtda bir ýylyň dowamynda kofeniň 200-250 müň tonnasy ýygnalyp, onuň ýarysy daşary ýurtlara eksport edilýär. Efiop kofesiniň iň meşhur sortlary harar we jimma diýlip atlandyrylýar. Olar ajaýyp ysy bilen tapawutlanýar. Dünýäde kofe agaçlarynyň umumylykda 50 görnüşi mälim bolsa-da, olardan diňe arabika we robusta önümçilikde has giňden peýdalanylýar. Kofe önümçiliginiň 70%-i arabika bolsa, galan 30%-e golaýy robusta kofeleridir.
Şu günki günde köpimiziň içýän garylýan kofemiz bir asyrdan gowrak wagt mundan öň, ýagny 1901-nji ýylda döredildi. Onuň reseptini asly ýaponiýaly amerikan himigi Satori Kato oýlap tapypdyr. Ol ilkibada ajy içgi diýlip kabul edilse-de, Birinji Jahan urşuna gatnaşan esgerleriň söweşi mertlik bilen alyp çykmagyna ýardam edipdir. Soňra 30-njy ýyllarda Şweýsariýada garylýan kofeni gaýtadan kämilleşdirmegi başarypdyrlar. Bu kofe-de öz gezeginde Ikinji Jahan urşuna gatnaşan esgerleriň gündelik içýän içgisine öwrülipdir. Hususan-da, kofe amerikan esgerleriniň gündelik naharynyň ýany bilen berlipdir.
Geçen asyryň ortalaryna kofeniň täze bir görnüşi — espresso, ýagny kofe ýasaýjy enjam arkaly demlenýän kofe italýanlar tarapyndan döredilipdir. Kofe enjamyň özi asyryň başlaryna oýlanyp tapylan bolsa-da, onda kofe demlemek has soňraky ýyllarda meşhur bolup, eýýäm 50-nji ýyllardan kofehanalarda örän ýörgünli bolup ugrapdyr. Soňlugy bilen kofe islendik adama elýeterli bolupdyr we adamzat jemýgyýetiniň gündelik durmuşynda mynasyp orun alypdyr.
Kofe içmegiň zyýanly täsiri nämede? Bu sorag köpler üçin gyzykly bolsa gerek, sebäbi adam öz saglygyna ýaramaz täsir edýän islendik zat barada aýratyn oýlanýar. Kofeni çendenaşa köp içmek, ajöze içmek, ajy edip demläp içmek ýürek we aşgazan kesellerine getirip bilýär. Ol hasam ýürek üçin zyýanlydyr. Bu babatda kofemanlaryň gün tertibinde kofe içmegiň wagtlarynyň kadaly bolmagy zerurdyr. Şonuň üçinem, uly ýaşly adama bir günüň dowamynda ortaça 3-5 bulgur kofe içmek maslahat berilýär.

Biziň günlerimizde kofeleriň taýýarlanyşynyň birnäçe görnüşleri bardyr. Olardan esasylary diýip — espresso, latte, amerikano, mokkaçino, kapuçino, raf ýaly kofeleri bellemek bolýar. Espresso içginiň kofe maşyny arkaly demlenýän adaty görnüşi bolup, onuň suw we limon goşulýan usullary hem bardyr.
Latte bolsa kofeniň iň meşhur görnüşidir. Ol espressonyň üstüne süýt köpürjigini goşup ýasalýar. Onuň ýumşak tagamly bolmagy köpler üçin ýakymlydyr. Bu kofeniň ýasalyşynyň tersine süýdüň üstüne espresso kofesi goşulsa, kofeniň ýene bir görnüşi latte makiato alynýar. Kofehanalaryň hemmesinde diýen ýaly üsti köpürjikli bolýan bu içginiň ýüzünde dürli şekilleri ýasaýarlar. Bu bolsa häzirki wagtda täze bir özboluşly kiçijik sungaty — latte-arty ýüze çykardy.

Kofeniň giňden ýaýran görnüşleriniň ýene-de biri amerikanodyr. Bu kofeni Ikinji jahan urşy ýyllarynda italýanlar içip başlapdyrlar. Ol suw bilen goşulan adaty espressodyr. Amerikano has ajy kofeni içmek islemeýänler üçin taýýarlanylýar diýilse-de bolar. Oňa az mukdarda şeker goşup hem içýärler.
Mokkaçino kofesi taýýarlanylanda latteniň üstüne şokolad goşulýar. Muny käbir ýerlerde tersine, şokolada latte goşmak arkaly hem ýasaýarlar.

Gündelik içilýän kofeleriň hatarynda kapuçinony ýatlaman geçmek bolmaz. Ol köpler üçin latte bilen meňzeş görünse-de, olaryň tagamy deň däldir. Süýt latte kofesine köp goşulýar, ýagny latteniň 85%-i süýt we 15%-i espresso, kapuçinonyň bolsa 65%-i süýt, 35%-i espresso bolýar. Şeýle-de kapuçino 65 derejede gyzgynlykda demlenýär.

Raf diýip belläp geçen kofemiz bu içginiň adaty bolmadyk görnüşidir. Bu usuly ruslar döretdiler. Munuň gysgaça taryhy şeýle: Moskwadaky rus kafeleriniň birinde Rafaýel atly hemişelik gelýän müşderi bolup, ol bir gün adaty bolmadyk kofe sargyt edipdir. Baristalar bolsa oňa espressony gaýmak we wanilin tozy bilen goşup hödür edipdirler. Netijede hoşboý ysly kofe emele gelip, kofehanalaryň tagamnamasynda mynasyp orun alypdyr.
Ýeri gelende kofe içgisi bilen bagly gyzykly maglumatlara ýüzlensek, ilkinji nobatda, her ýylyň 1-nji oktýabrynda dünýäniň 78 ýurdunda Kofe gününiň bellenilýändigini aýtmagymyz gerek.

• Kofe önümçiligi mukdary boýunça dünýäde nebitden soň, ikinji orunda durýar.
• Italýanlar kofeni şeker bilen garýarlar, meksikanlar dalçyn bilen, nemesler we şweýsarlar şokolad bilen goşup içýärler, efioplar kofe duz goşýan bolsalar, morokkolylar oňa burç goşýarlar.
• Kofeni günde içýän adamlar diş lukmanyna az ýüz tutýarlar. Alymlar bu pikirini, kofeniň dişleri goraýandygy bilen subut edýärler;
• Dünýäde kofe içgisini iň köp içýän halk finlerdir. Olar her günde ortaça 5 bulgur kofe içýärler.
☕️☕️☕️
20
202
ideallider
15 Aprel 2023
Maňa täsiri uky👍
Güljagaz♡♡♡
14 Aprel 2023
Hemmeler ýatyr öýtýän.....🤔
Myhman
13 Aprel 2023
Kofeny gaty govy goryan sony icmesem bolonok
Miss_Minnosh❤️
13 Aprel 2023
👍👍👍👍👍👍👍
melek06
13 Aprel 2023
Kofýany gaty gowygoryan yöne indi içmek bolonok:((
Bts
13 Aprel 2023
Markow kofe halayan i golden igldan bashgasy bidereklay
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.