Gülhan
Gülhan
23.08.2022 00:06
Garaşdym, garaşdym, Gelmediň Maýsam Ýa-da tapyldymy, bir mekir duşman? Goý, duşman tapylsa tapylybersin, Tapylyp, kän gezek edipdi puşman. Bu gezek hem, Şeýle boljagy hökman. Dost tapynan bolsaň, Men
Gülhan
22.08.2022 19:28
23
153
Gülhan
Gülhan
22.08.2022 10:49
Sen şeýlebir bagtly ýigit, bilýäňmi? Daşyň gurşasa-da onlarça gyzlar, Dünýäň bir künjünde kalbynda seni, Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar. Sen şeýlebir bagtly ýigit, bilýäňmi? Günde seň adyňy müň
Gülhan
Gülhan
21.08.2022 20:25
Azajyk ynsandan başga, hiç kim seni "Sen" bolanyň üçin söýmez. Käbir kişiler seni söýmegiň özlerine nähili derejede gelişjekdigini pikir edenleri üçin, ýagny özleri üçin söýerler. We ynsan
Gülhan
Gülhan
20.08.2022 08:13
Sen bir kesellerden gora özüňi, Galan ömrüň ýugrulmasyn perýada. Näsag bolsaň, küreklemek kyn düşer Gaýygyňy durmuş atly derýada..
Gülhan
Gülhan
18.08.2022 18:09
Meniň sadalygym şundan ybarat: Her bir diýlen zada ynanyp ýörün. Bir ministr salanynda ymarat Özümiňki ýaly begenip ýörün. Ýüzüme sylýaryn doganynda Aý, Uzyn dilimde däl, kalbymda Hudaý. Büdrämde
Gülhan
Gülhan
17.08.2022 23:18
Gazaply kazy deý, mydam başymda Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga, Bu gün bolsa, geçip barýar şo ýaşlyk. Bir zada düşünýän: şowhunly günler Al atymy çapyp ýören
Gülhan
Gülhan
17.08.2022 20:25
SAUDADE näme ? Hiç wagt gowuşyp bilmejegiňizi bilen kişiňize garşy çuňňur küýseg duýgusy. Ýagny, Aşyk bolan ynsanyňyza hiç wagt gowuşyp bilmezlik duýgyny içine alýar. We bir wagtlar ýitirlen zadyň,
Gülhan
Gülhan
17.08.2022 16:22
Bu höwes erkime goýmady meni, Indi men şoňa-da ýetmäge taýyn. Bagta tarap barýan iň soňky ýoly Tapdym 17-nji gününde maýyň. Bu gün bir üýtgeşik gün bolupdy gökde bulutlar meňzeýär bölegne kamsyň. Ol
Gülhan
15.08.2022 23:57
«Görünmeýän adam» filminden çykyp,
Görünmeýän boldum...
Eý, aman, aman! –
Ne-hä salam alýar öňümden çykan,
Ne berýär salam.

Barýaryn. Öňümden bir dostum çykdy.
Ynanyň – maňa çyn, size-de ýalan –
Men-ä salam diýip gygyryp durun.
Dymyp dur olam...

Şäheriň deň-ýaryn aýlanyp çykdym.
Il meni görenok, men ili görýän.
(Baý, baý, görünmeýän adam bolmaklyk
Eýmenç zat örän!)

Gün öýleden ýetdi, ikindä ýetdi.
Syrym gizlejek däl: birden hopukdym.
Onýança bir gözel deňimden ötdi:
Saçy – topukdan.

Barýan yzy bilen garama-gara.
Säginse säginýän, ýörese ýörýän.
(Ýok-ýok, görünmeýän adam bolmaklyk
Gyzyk zat örän!)

Ol gyza ozalam duşýardym käte.
Emma synlap bilmän köýerdi içim.
Bol indi, synlaber synlasaň näçe,
Wah, göter saçyn!

Ýogsa ýere degip boljak ol hapa.
Tämizlik ýaraşýar beýle saçlara.
Saçam saç-la weli, wah onuň özi
Tämiz maşgala.

Tämiz maşgalanyň görki başga-la,
Ýer ýüzünde kändir saç bilen çokul.
Saçyna-da bakyň, ýöne, wah, onuň
Gözlerne bakyň.

Barýar ol mermerden ýasalan ýalak,
Ne-hä kelç-külçi bar, ne-de ýalt-ýulty.
Goşaryna bakdy – näçekä sagat:
Bäşi kem alty.

Ädimi tizleşdi. Sowuldy gaýrak.
Megerem ugrandyr öýlerne garşy
Asman bolsa barha gamaşyp barýa.
Ýagmasa ýagşy!

Onýança-da birden başlady çabga.
Gözel eýläk-beýläk bakdy bialaç.
Ne-hä ellerinde saýawan bardy,
Ne-de bir plaş.

Derrew plaşymy gerdim üstüne.
Seçsin bulut, ähli seçjegin seçsin!
Eýýäm öz endamym öl-myžžyk boldy.
Boluplar geçsin!

Bulutlaň üstüne ülňeşip bulut,
Ýagdy çabga, ýagdy, şeýle bir ýagdy.
Bütin dünýä suw-sil. Gözeliň bolsa
Gus-gury çabdy.

«Bu näm üçin beýle? Pyşyrdady gyz.
Tasdan gygyrypdym: Wah, meniň üçin!
Emma gygyrmadym, zordan saklandym
Gorkmagy mümkin.

Onýança-da gyzyň aýagy taýdy.
Bir ýana ýykyldy. Göterdim basym.
Götermek şeýle bir kynam düşmedi:
Bili bir gysym.

Şeýtdim-de ugratdym tunnele çenli.
Çabga-da köşeşdi. Syryldy bulut.
Birden garşymyzdan bir ýigit çykdy
Dag ýaly bolup.

Geldi-de gözeliň elinden tutdy.
Gitdiler tirkeşip. Galdym bialaç.
Durun, doňan ýaly seredip durun.
Elimde plaş.

Gitdiler tirkeşip, gitdiler uzak,
Diýdim öz içimden: «Mynasyp jübüt!»
Emma ýürek weli urýar gürsüldäp:
«Goýup git ol gyzy,
goýup git, ýigit!»

Kerim Gurbannepesow
14
76